ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

 Muhammetnazar Mommadow: ussatlaň ýetişdiren ussady

Haýsy ýyldadygy anyk ýadymda däl.Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň zalynda guralan sergide Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramowyň döreden portret eserlerini synlap durdum. Şonda aýratyn bir portret suratda ünsüm eglendi. Şol wagtam zehinli sazanda Dürjemal Çaňlyýewa gabat geldi. Oňa şol surat hakynda gyzyklanýandygymy aýtdym. Ol: «Gaty zehinli dirižýorlaryň biri Muhammetnazar Mommadowyň suraty bu. 1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň halk artisti Annageldi Jülgäýew režissýor (häzir Mosfilmde işleýär) Myrat Alyýewiň «Ýer titremesi döwrüniň çagalary» atly türkmen filmine Moskwanyň simfoniki orkestri bilen Nury Halmämmedowyň sazlaryny ýazgy etmek üçin gitdi. Şonda Muhammetnazar Mommadow bilen bile gidipdirler. «Mommadowyň ýoldaşlygy şeýle gowy eken» diýip öwgüsini ýetirýärdi» diýdi.

Ondan soň kän wagt geçdi. Bir gün gazet-žurnallary gözden geçirip otyrkam döwlet sylaglary bilen sylaglanan ildeşlerimiziň atlary ýazylan sanawa gabat geldim. Şol sanawda Muhammetnazar Mommadowyňam «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygy ýazylypdyr. Şonda onuň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda işleýändigini bildim.

Bir zada göz ýetirdim. Haýsy kärde bolsaňam ukyp başarnygyňy görkezip iş bitiren bolsaň halk seni ýadyndan çykarmaýar. Muhammet mugallym hakynda gyzyklanyp soraşdyran adamlarym oňa: «Sowady ýetik dirižýordygyny hemem juda başarjaň telekeçidigini bilýäs» diýip baha berdiler. Ýürekden aýdylan öwgüli sözler onuň zähmet hem durmuş ýoly hakynda içgin öwrenmäge gyzyklanmamy artdyrdy. Şeýlelik bilen ýakynda onuň iş ýerine baryp söhbetdeş bolduk.

Ol diýseň ykjam häsiýetde eken. Özi hakynda sowal berip başlanymdan bir kitaby elime tutdurdy-da: «Men barada maglumatlary şu kitapdan okasaňyzam öwrenip bilersiňiz» diýdi. Derrew kitabyň gatyny açyp gözden geçirdim. Muhammet mugallym hakynda dürli ýyllarda ýurdumyzyň hemem doganlyk ýurtlarymyzyň metbugat neşirlerinde çap bolan makalalaryň surata düşürilip jemlenen ýygyndysy eken. Özbek, täjik, rus, gazak, gyrgyz doganlyk halklarymyzyň öz dillerinde ýazylan makalalar Muhammet mugallymyň sahna çykyşlardaky suratlary bilen çap edilipdir. Kitabyň gatyny ýapdymda, bulary öýe baryp arkaýynlykda okaryn, mugallym. Kitapdan çak edişime görä sizde gaty kän ýatlamalar bolmaly. Olar hakynda heniz bu makalalarda-ha ýazylana meňzänok — diýenimden, ol şahsy arhiwindäki surat albomy öňümde goýdy. Ajaýyp aýdym-sazlary bilen ýüreklerde ýaşap ýören halypalar bilen düşülen suratlar sowal baryny gozgady. Ilki bilen onuň Türkmenistanyň halk artistleri Nury Halmämmedow hem-de Atageldi Garýagdyýew bilen üç bolup düşen suratlary hakynda soradym.

Ol:

— 1981-1983-nji ýyllarda dirižýorluk hünärim boýunça Moskwadaky ýokary kämilleşdiriş institutynda okuw tejribelik geçýärdim. Bir gezek meşhur kompozitor Nury Halmämmedow öz eserlerini ýazgy etdirmek üçin Moskwa bardy. O döwürde häzirki ýaly şert ýoklugy sebäpli Moskwada ýazgy edilýärdi. Şonda ýazgy edip durka SSSR-iň halk artisti, Lenin adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Ýuriý Siilansew türkmen kompozitorlarynyň eserlerini öz orkestri bilen plastinka üçin ýazgy etdi. Ol ilki bilen Çary Nurymowyň, Aman Agajykowyň, Rejep Gutlyýewiň eserlerini derrew ýazgy etdi. Soňra Nury Halmämmedowyň eserlerini ýazgy etmäge girişdi. Nurynyň «Geler» romansyny ýazgy edip başlandan, birden kalbyna täze bir güýç joşgun beren ýaly gyzyklanyp, «Eseriň şu ýerini şeýleräk alaly, bu ýerini beýleräk alsak has gowy boljak» diýen ýaly janygyp, ýazgyny sünnälenip gaýalan keşdäniň gaýma iňňesinde gaýalyşy ýaly çemeleşdi. Ol Nurynyň «Soňy dagy» eserinem edil «Geler» romansy ýaly gaýta-gaýta üns berip, ýazgy etdi. Ýazgy edip bolan dessine-de, zalda oturan tomaşaçylara tarap öwrülip: «Araňyzda Türkmenistandan adam barmy?» diýip sorady. Zalda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew dagymyz otyrdyk. Oturan ýerimizden baş atdyk. Ol ýene: «Nury Halmämmedowam barmy?» diýdi. Nury agraslyk bilen ýerinden turdy welin: «Ýanyma geliň!» diýip çagyrdy. Şonda ol: «Moskwaly kompozitorlarymyzam Siziň ýazan eserleriňiziň ýekeje biri ýaly eser ýazan bolsalar, bütin ömrüne başyny dik tutup gezerdi. Sen hakyky kompozitor» diýip gujaklady. Elbetde, bu sözler onuň bir özüniň pikiri, ýöne özge ýurtda, ýokary derejeli ussat sungat wekiliniň şeýle uly hormat bilen milli sungatymyzyň wekiliniň adyna aýdan sözleri ýatdan çykmajak duýgular bagyşlady. Ynha, Nury Halmämmet, Atageldi Garýagdy üçimiziň şol gezek bile düşen suratymyz. Megerem, şu surat Nurynyň iň soňky düşen suraty bolmagy ahmal. Sebäbi ol 1983-nji ýylda dünýeden gaýtdy» diýip, gamgyn halda ýüzüni aşak salyp dymdy. Onuň Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykow bilen dürli sahnalarda bile düşen suratlary kän eken. Şolar dogrusynda sowal berip ünsüni böldüm. Ol:

—1990-njy ýylda Nikolaý Osipow adyndaky akademiki döwlet rus halk orkestrinde dirižýorlyk edip Myrat Sadykow bilen Moskwanyň merkezi telewideniýesinde türkmen, rus kompozitorlarynyň eserlerinden uly konsert berdik. Ynha, şu şol konsertdäki düşülen surat. Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň Pürli Saryýew adyndaky Halk saz gurallary orkestrinde Myrat Sadykow, Güljan Hümmedowa, Rimma Rozyýewa we başga-da gaty köp tanymal aýdymçydyr sazandalar bilen işleşdik. Şol döwürde her bir aýdymçydyr sazandalaryň dürli ýerlerde konsert çykyşlaryny guramaly planlary bardy. Eger şol konsertleri guraman planlaryny ýerine ýetirmeseler, ýokary döwlet sylagy bolsa-da, iň pes aýlyk tölenerdi. Myrat Sadykow juda zehinli aýdymçydy, ýöne gaty ýuwaş, çekinjeňdi. Konsert çykyşlaryny guramaga-da ýaýdanardy. Şol sebäpli iň pes aýlyk alýardy. Onsoň bir gün oňa: «Myrat, ikimiz bile konsert guraly, beýdip pes aýlykda gezip ýörme» diýdim. «Bolýa, ýöne, nirede, nähili ýagdaýda konsert bereli?» diýip ýüzüme seretdi. Men baýan saz guralyny çalýardym hem jogapkärdim. Şol wagtlar filarmoniýanyň direktory Türkmenistanyň halk artisti Mämi Çaryýewdi. Ýolbaşçymyzyň iş otagyna baryp ýagdaýymyzy düşündirdik. Häzirki Balkan welaýatynyň Bekdaş şäherçesi çet künjekde ýerleşýär. Şol ýerde konsert bermek üçin on günlük ruhsatnama bermegini haýyş etdik. Derrew resmileşdirdi. Iş sapary bilenem ýola düşdük. Ol ýerde örän uly zawod bardy. Şäherçäniň ähli ýaşaýjylary diýen ýaly şol zawodda işleýärler. Bekdaşa baryp köneje, harabadan sähel tapawutly myhmanhana ýerleşdik. Soňra-da zawoda bardyk. Myrat zalda garaşyp otyr.  Zawodyň ýolbaşçysy rus adam eken. «Biraz garaşyň!» diýip, az wagtdan kabul etdi. «Zawodyňyzyň işgärleriniň öňünde konsert bermäge geldik» diýip, Myrat Sadykowyň owadan suraty bilen taýýarlanan afişany görkezdim welin: «Bagyşlaň, Türkmenistanyň halk artisti bolsa-da, biz ony tanamyzok, şoň üçin bu teklibiňizi goldap biljek däl» diýdi. Onsoň men oňa: «Ýok, ýok, ol siziň öz islegiňiz, ýöne uzak ýol söküp gelemizsoň, bir haýyşymyzy bitirip bermegiňizi haýyş edýän. Bize siziň hiç hili puluňyz gerek däl. Diňe mümkin bolsa, mugtuna ýarym sagatlyk konsert bermäge ýardam edip, işgärleriňizden adam toplap berseňiz» diýdim. «Bolýa» diýip, derrew ýüze golaý işgäri kluba jemledi. Konsert başlady welin, Myrat Sadykow şeýle bir aýdymlar aýtdy. Türkmen aýdymlary hem rus aýdymlary, uruş temasyna degişli aýdymlar. Özem her aýdymyň dünýäsine girip, şeýle bir ýaşap aýdýardy welin, diňleýjiler gözlerinden ýaş akdyryp diňlediler. Ýarym sagatlyk konsertimiz bir sagada çekdi. Konsert tamamlandy welin, zawodyň direktory iş otagyna çagyrdy. «Bagyşlaň, sizi tanamyzok diýmegimiň sebäbi, ýaşaýan künjegimizde türkmen telewideniýesi tutanok. Şoň üçin Türkmenistan hakynda hiç zat bilemizok. Çykyşyňyzy tomaşaçylar diýseň gowy kabul etdiler. Konsertiňiz üçin köp sag boluň! Her konsertiňize näçe tölenýär?» diýip gyzyklandy. Şo wagtlar iki müň manatdy. Aýtdyk welin: «Her konsertiňize on müň manatdan töläp, göni filarmoniýaňyzyň hasabyna geçer ýaly resmileşdirýäs. On gün galyň! Myhman ýeriňiz nirede?» diýip sorady. Ýagdaýymyzy aýtdyk, şol gün zawodyň şypahanasyna ýerleşdirdi. Ol ýerde ýaşaýyş amatlyklary diýseň gowy eken. Üç iş çalşykdaky işgärleriň öňünde her gün üç gezek konsert berip bir hepde çykyş etdik. Tomaşaçylaryň gül desseleri bilen el çarpyp garşylamagy ganat berdi. Iş saparymyzyň wagty tamamlandy. Zawodyň ýolbaşçysy bizi ýene-de iş otagyna çagyrdy. Minnetdarlyk bildirip: «Mümkin bolsa, bir haýyşym bar. Siz ýene-de üç günjük galsaňyz. Ýakynda gyzym Orsýetde toý tutdy. Iki günden Türkmenistana gelýä. Öz öýümde-de toý tutmakçy welin, toýumyzyň aýdym-sazyny sowup berseňiz» diýdi. «Bolýa» diýip iş ýerimize jaň etdik. Toýdaky çykyşymyz üçinem tölegini hususy öz hasabyndan göni filarmoniýa geçer ýaly resmileşdirdi. Haýran galdyk. Ol toýa-da welaýatdaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň ýolbaşçysy barypdyr. Toýdan soň ol hem ýolbaşçylyk edýän zawodynda çykyş etmegimizi haýyş edip bizi iş sapary bilen çagyrdy. Şeýlelik bilen iş ýerimize dolanyp gelemizsoň, täzeden iş sapary bilen o zawoda-da çykyş etmäge gidip, on günläp konsert berdik. Edaramyza şeýle uly girdeji getirdik welin, Mämi Çaryýew haýran galdy» diýip gürrüň berdi.

Bu gürrüňleriň wakasyndan, Muhammet mugallymyň diňe bir ussat dirižýor ýa-da sazanda hökmünde däl, onuň gaty ugurtapyjy, başarjaň  guramaçylyk ukybynyň bardygyna göz ýetirip bolýar. Suratlaryň arasynda birnäçe tanymal sungat wekilleriniň ýubileý dabarasynda düşülen suratlaram bar eken. Olar hakynda-da soradym. Ol: — 1992-nji ýylda öňki Magtymguly adyndaky akademiki opera we balet teatryna dirižýor edip işe çagyrdylar. 1993-nji ýylda şo ýerdäki sazandalardan jemläp, işim bilen utgaşyklylykda hususy «SAZ» kamera orkestri döretdim. Esasy işimize päsgel bermez ýaly işden öň, soň taýýarlyk görüp gije-gündiz işledik. 20-25 adamdan ybaratdy, ýöne saýlama sazandalardan düzülen orkestrdi. Şol kamera orkestr bilenem gaty uly abraý gazandyk. Orkestriň çeper ýolbaşçysy bolup hem dirižýorluk etdim. Orkestrim bilen milli saz sungatymyzy dünýä ýaýmak hemem daşary ýurt saz eserleri bilen halkymyzy tanyşdyryp durmak esasy maksadymdy. Dünýä ýurtlarynyň sahnalarynda uly-uly konsertler berdik. Ýurdumyzyň tanymal sungat wekilleriniň ýubileý dabaralaryny gurap, konsert çykyşlarymyz bilen bezemek miýesser etdi. Türkmenistanyň halk hudožnikleri Yzzat Gylyjowyň, Durdy Baýramowyň, Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň başga-da kän sungat wekilleriniň ýubileý dabaralaryny geçirmäge gatnaşdyk. Sungatyň ähli ugry biri-biri bilen sazlaşykly. Orkestrimiz bilen dabarany aýdym-saz bilen bezesek, şahyrlar şygyr okap, suratkeşler sungat eserlerinden guralan sergileri bilen bezeýärler. Durmuş hem zähmet tejribesi ýetik halypalaryň täsirli çykyşlary hiç wagt könelmejek ýatlamalar galdyrýar. Ynha, şu kompozitor Weli Muhadowyň ýubileý toýuny geçirenimizde, onuň ogly Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor  Serdar Muhadow bilen düşen suratymyz. Serdar häzir Moskwada ýaşaýar.

Telekeçilik işem gyzykly iş. Konsert guranymda hökman suratkeşleriň eserlerinden sergi guramagy planlaşdyrýardym. Sebäbi her sungatyň öz gözelligi bar. Halkymyz gözelligiň aşygy. Konsertiň dowamynda hökman arakesme berip tomaşaçylara sergä aýlanmaga mümkinçilik döredýärdim. Hem-ä aýdymçy- sazandalar dynç alýarlar hem sungat eserleri bilen tanyşýarlar. Käbir tomaşaçylar üçin gymmat bahaly surat eserleri satyn almaga mümkinçilik döreýär. Umuman, agzybirligiň bar ýerinde müşgil iş ýok. Şwesiýaly hudožnik Ýan Andersen «SAZ» kamera orkestrimiň gatnaşmagynda öz şahsy sergisini gurady. Onuň özi dünýä bankynyň işgäri, ýöne zehinli hudožnik. Ol Omar Haýýamyň öz dillerine terjime edilen rubagylarynyň esasynda döreden surat eserlerini çekipdir. Ýurdumyzda guralan ol sergi diýseň täsirli boldy — diýdi.

Muhammetnazar Mommadow 1954-nji ýylyň 18-nji martynda  Mary welaýatynyň Mary şäherinde doglan. 1962-1969-njy ýyllarda  sazçylyk mekdebinde-de,1969-1973- nji ýyllarda D. Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde-de akkordeon hünärinden okaýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde oňa juda zehinli hünär mugallymy Isaak Gaýsinskiý tälim beripdir. Soňra 1973-1978-nji ýyllarda Türkmen döwlet pedagogik Sungat institutyny akkordeon hem dirižýor hünäri boýunça tamamlaýar. Ol Pürli Saryýew adyndaky Halk saz gurallary orkestrinde dirižýor bolup işlän döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda hem etraplarynda iş saparlarda bolup ýüzlerçe konsertler beripdir. Ukraina, Belarussiýa, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Moldowa, Russiýa ýaly ýurtlarda türkmen saz sungaty bilen doganlyk halklaryň diňleýjilerini tanyşdyryp, konsertler gurapdyr we ady agzalan ýurtlarda «Zolotaýa osen» festiwallaryna gatnaşypdyr. 1984-nji ýylda Russiýa döwletinde Türkmenistanyň Medeniýetiniň we sungatynyň dekadasy geçirildi. Şonda Muhammetnazar Mommadow Moskwanyň «Bolşoý teatrynda» Pürli Saryýew adyndaky halk saz gurallary orkestrine dirižýorlyk edipdir. 1989-njy ýylda Daşkentde Özbegistanyň halk saz gurallary orkestri bilen birnäçe konsertler beripdir. Şol orkestr bilen «Dostluk» konserti guralyp, Özbegistanyň halk artisti, halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Faruhjon Sadykow bilen bilelikde ýurdumyzda hem Özbegistanda çykyş edipdir. Bu maglumatlary Muhammet mugallymyň arhiw ýazgylaryndan aldyk. Mugallymyň  şahsy resminamalarynyň arasynda onuň Moskwada okandaky ýokary derejeli dirižýorlyk diplomy hemem Osipow adyndaky Halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy hem-de baş dirižýory N.N. Kalininiň goly bilen berilen häsiýetnamasynyň göçürmesi bar eken. Onda «Muhammetnazar Mommadow sowatly, döredijilikli, öz pikirini öňe sürüp bilýän işjeň dirižýor. Orkestrde dürli saz gurallara erk edýän hünärmenleň etmeli işlerini başarjaňlyk bilen ugrukdyrýan dirižýor. Köpçülik bolup sazyň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginde dirižýor esasy adam bolup durýar. Kämilleşdiriş ýokary okuw mekdebinde tejribe geçen ýyllarynda ol kompozitorlar Bramsyň, Şubertiň, Çaýkowskiniň, Rahmaninowyň, Siwiridowyň, Şostakowiçiň, Budaşkiniň, Gorodowskoýyň, Halmämmedowyň, Agajykowyň we beýleki kompozitorlaryň eserleri bilen Moskwada, Russiýanyň ençeme obalarynda, şäherlerinde konsert berdi. Mommadow özüni adamlar we orkestr bilen işläp bilýän dirižýor hökmünde tanatdy. Esasanam bir waka ünsüňizi çekesim gelýär. Moskwanyň Olimpiýa şäherçesiniň uly konsert zalynda «W seme ýedinoý» at bilen SSSR-iň 60 ýyllygy mynasybetli Mommadowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artistleri Medeniýet Şahberdiýewanyň hem-de Annageldi Jülgäýewiň solodaky çykyşy bilen  geçirilen konsertler tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýardy. Ol tejribelik geçen döwründe diňe bir dirižýorlyk ussatlygyny kämilleşdirmän, gözýetimi köptaraplaýyn giňedi. Doganlyk halklaryň orkestrleriniň, ansambllarynyň saz gurallaryny we eserlerini içgin öwrendi. Şeýle hem ýaş folklorçylaryň Leningradda geçirilen konferensiýasynda «Halk saz gurallary orkestriniň meseleleri» boýunça doklad bilen çykyş etdi. Mommadowyň dirižýor hökmünde professional taýdan ýokary derejeli ussatlygy üçin oňa professional kollektiwi ynanyp boljak» diýip güwä geçýär.

Şu makalany taýýarlaýan pursadymda birnäçe sungat wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, Muhammetnazar mugallymyň hakykatdan-da okan döwründe halypalary tarapyndan berlen şeýle öwgüli sözleri özüniň zähmet ýolunda bitiren işleri bilen subut edendigine göz ýetirdik.

Türkmenistanyň halk artisti, dirižýor Aşyr Hojatow bilen jaňlaşanymyzda:

— Muhammet zehinli, ussat dirižýor. Ol gaty ýokary derejeli ussatlary kämilleşdirýän orkestrde, dünýä belli dirižýorlaryň mekdebini geçdi. Bilim hem tejribe taýdan uly mekdepde terbiýelendi. Ol örän sowatly işleýär. Onuň bilen Pürli Saryýew adyndaky Halk saz gurallary orkestrinde bile işlemek miýesser etdi. Işlän döwrümizde-de kän işler etdi. Ol orkestrdäki aýdymçy sazandalaryň her biri bilen işleşmegiň usullaryny gowy bilýär. Solistler, artistler bilen orkestrde işleşmegiň ussatlyklaryny gowy başarýar. Soň ony teatra işe çagyrdylar. Ol ýerde-de Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Hoja Annaýew ýaly bir topar ussatlar bilen işleşip olaryň hem mekdebini geçdi. Teatrda goýlan sahna eserlere dirižýorlyk etdi — diýip, onuň baý zähmet hem durmuş tejribesiniň bardygyny aýtdy. Aşyr aga entegem kän zatlar gürrüň berjekdi, ýöne ýarawsyz bolansoň, uzak gürrüňdeş bolmakdan çekindik.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, sazşynas Öwezmyrat Gandymow bolsa, kärdeşi hakynda şeýle gürrüň berdi.

— Muhammetnazar Mommadow iş başarjaň guramaçy, zehinli dirižýor, ussat mugallym. Ol dirižýor hökmünde-de, mugallym hökmünde-de kän işler bitirdi. 1992-2001-nji ýyllarda öňki Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda ýokary derejeli dirižýor bolup işledi. «Şasenem we Garyp», «Kemine we Kazy», «Keýmir Kör», «Owadan gelin», «Sekizinji hazyna», «Çio-çio san», «Siganskiý Baron», «Belosnežka», «Müň bir gije», «Jizel», «Bahçasaraýskiý fontan», «Çippolino», «Doktor Aýbolit» we başga-da birnäçe opera we baletleri taýýarlap dirižýorlyk etdi. Onuň dirižýorlyk etmeginde tomaşaçylara ýetirilen operalaryň köpüsine tomaşa etdim. Bir gezek «Keýmir Kör» operasyny görmäge baranymda 1-nji, 2-nji aktyň arasyndaky arakesmede maňa onuň simfoniki orkestri bilen dutarda çalmak miýesser etdi. Şonda «Balsaýat» sazyny çalypdyk, Muhammedem dirižýorlyk etdi. Bir gezegem onuň dirižýorlyk etmeginde simfoniki orkestri bilen Balkan welaýatyna iş sapara gitdim. Uly klubyň müň adama golaý tomaşaçysynyň öňünde konsert berdik. Tomaşaçylaryň ählisi diýen ýaly nebit-gazçylardy. Konsert tamamlanansoň tomaşaçylaryň arasyndan: «Ýaňky dutar çalan ýigit, kyn görmese ýekelikde-de saz çalyp beräýsin!» diýip haýyş etdiler. Ýarym sagat çykyş edip 5-10 saz çalyp berdim. Muhammet bilen sazanda bolup işleşdik. Ol Moskwanyň, Leningradyň, Daşkendiň «Halk saz gurallary orkestri» bilen dirižýorlyk edip işleşip doly ussatlyga ýeten halypa. Ony 1989-njy ýylda Özbegistanyň Togtasyn Jalilow adyndaky döwlet Halk saz gurallary orkestrine işe çagyrdylar. Olar bilen birnäçe gezek Daşkentde, Ürgençde dostluk konsertini berdiler. Orkestriň ýolbaşçysy oňa: «Gaty ýiti zehinli, dirižýor. Hiç hili türgenleşiksiz özbek sazlaryny Halk saz gurallary orkestr bilen ýerine ýetirende derrew girişip gitdi. Türkmen doganlarymyzyň ýiti zehinli ýaşlarynyň ussatlygy haýran galdyrdy» diýip uly baha beripdi. Muhammet haýsy bir halkyň sazy bolsa-da, ussatlyk bilen çalyp bilýär. Onuň bilen häzirki wagtda-da bir ojakda bile işleýäs. Hormatly Arkadagymyz 2009-njy ýylda, soň ýene 2010-njy ýylda mekdep-internadymyza iki gaýta akkordeon saz gurallaryny sowgat berdi. Şol şatlykly pursadyň täsiri bilen Muhammet öz hünäri bolan akkordeon saz guraly boýunça «Geliň, akkordeon çalalyň!» atly çagalar üçin usuly okuw gollanmalaryny ýazdy. I kitaby 67 sahypa, II kitaby 250 sahypa bolup 2012-nji ýylda çap boldy. Özem şol saz guraly boýunça, ýokary bilimli hünärmen bolansoň düýpli, çuň mazmunda ýazdy. Akkordeon saz guraly üçin öň okuw gollanmasy ýokdy. Okuw gollanmasyny ýazmak üçin, özem çagalara niýetläp ýazmak üçin hünäriňe gaty ussat bolmaly. Türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerini akkordeon üçin täzeden işläp, bu ugurdan başlangyç ädimlerdäki çagalar üçin hödürledi. Şunda çagalaryň ýerine ýetiriş mümkinçiligine görä, olaryň höwes edip çaljak sazlaryny saýlamak aňsat iş däl. Saz öwrenijä okatmagyň usulyýetini bilmek kyn, şol ugurdan sowatly hünärmen bolmaly. Muhammediň ýazan okuw gollanmalaryny ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ulanýarlar. Ýene bir aýratyn bellemeli tarapy, ol juda başarjaň telekeçi. Bir mahal esasy işiniň daşyndan hususy «SAZ» kamera orkestrini döredip, işgärlerini aýlyk bilen üpjün etdi. Şol döreden kamera orkestrine biri-birinden ökde aýdymçy sazandalary jemläp, olar bilen ýurdumyzyň hem daşary ýurt sahnalarynda uly-uly konsertler gurady. 1998-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň döredijilik topary bilen Stambulda geçirilen halkara opera festiwalynda Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem we Garyp» operasyna dirižýorlyk etdi. 1997-nji ýylda öz hususy «SAZ» kamera orkestri bilen Ankarada we Kiprde geçirilen halkara festiwallara gatnaşyp, «Halkara saz topary» diýen ada mynasyp boldy. Ol 2004-nji ýyldan bäri sazçylyk mekdep-internadymyzda dirižýor, ýokary derejeli mugallym bolup işelýär. Çagalaryň simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edýär we bu ugurdan dirižýorlyk sapagyny ussatlyk bilen öwredýär. Simfoniki orkestr bilen dürli döwlet çärelerde, konsert merkezlerinde we teleradioýaýlymlarda yzygider çykyş edip gelýär. Ýolbaşçylyk edýän çagalar simfoniki orkestrindäki okuwçylaryň jana ýakymly, göze gelüwli biçüwdäki konsert lybaslaryny ýörite özi saýlap, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen maslahatlaşyp, tassyklanan ýagdaýda öz telekeçi tanyş-bilişleriniň ýardamy bilen mugt üpjün etdi. Şol lybaslar bilen çagalar häzirki wagtda-da baýramçylyk konsertlerde çykyş edýärler — diýip, kärdeşi hakynda bilýänlerini hem oňa uly hormat goýýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi.

Öwezmyrat aga mamla. Sebäbi Muhammet mugallymyň arhiw maglumatlarynyň arasynda onuň hususy «SAZ» kamera orkestri bilen  1997-nji ýylda gatnaşan 14-nji Ankara halkara saz festiwalynyň afişasy hem konsert programmasynyň suratlary bar eken. Ol Moskwa konserwatoriýasynyň uly zalynda 2-nji Halkara Ýapon festiwalynda-da rus simfoniki orkestrine dirižýorlyk edipdir.

Makalamyzyň ahyrynda Muhammet mugallymdan okyjylarymyzy maşgala durmuşy bilen tanyşdyrmagyny haýyş etdik. Ol: — Ýan ýoldaşym Abat Mommadowa paýtagtymyzdaky 52-nji orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. 1979-njy ýylda doglan bir oglumyz, 1987-nji ýylda doglanam bir gyzymyz bar. Oglumyz Myrat Mommadow suratkeş, öz ugrundan ýokary bilimli hünärmen. Gyzymyz Meňli Mommadowa Moskwanyň Kosygin adyndaky ýokary okuw mekdebinde bilim alyp, häzir telekeçi bolup işleýär. Oglumyzdan bir gyz, bir ogul agtygymyz bar — diýip gürrüň berdi.

Pursatdan peýdalanyp halypa mugallym Muhammetnazar aga döwletli maşgalasynda bagtyýar durmuşynyň dowamly bolmagyny, şeýle hem döredijilik ýolunda uly-uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuwlaýarys.

Akgül Saparowa

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri