SIZDEN GELENLER

Milli lybaslarymyz – milli buýsanjymyz

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz kämil derejedäki amaly-haşam sungatyny, şol sanda gözellikden hem mähremlikden gözbaş alan milli lybaslary döredip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly senedi bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Bagtyýarlyk döwrümizde dokma kärhanalary tarapyndan milli mata önümlerinden taýýarlanylýan egin-eşikler uly höwes bilen geýilýär. Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli ýaşululara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasady siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar.

Ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen milli matalarydyr. Geçmişde mata dokamak türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Türkmen zenanlary ýörite agaç gurallarda, taralarda dünýäni haýrana goýýan nepis matalary dokapdyrlar.

Halk egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşipdir. Şeýlelikde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslarymyzyň dürli görnüşleri döräpdir. Olarda häzirki döwre çenli aýal, erkek, ýaş we ýaşuly nesliň adaty günler hem-de toý we ýas däplerine laýyklykda ýerine görä geýinmegiň kadalary saklanyp gelýär. Maddy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegini düzýän milli lybaslarymyz halkyň baý taryhy tejribesini özünde jemleýär. Olaryň ýerliginde, biçilişinde, taýýarlanyş usullarynda, tikilişinde, bejerilişinde, bezelişinde halkymyzyň medeni däp-dessury we çeperçilik islegleri, tebigy ýaşaýyş şertleri giňden öz beýanyny tapýar.

Türkmeniň milli egin–eşikleri biziň milletimiziň daşky görnüşi däl, ol köp  babatda tebigat bilen hem baglydyr. Türkmen gelin-gyzlary ýaz paslynda ýiti açyk  ýaşyl, gyzyl, al, melewşe, gök reňklerinden bolan lybaslary geýýärler. Türkmen  ýigitleriniň geýýän toý geýimleri hem ýaz paslynyň reňkinde.

Türkmen milli egin-eşikleriniň aýratynlyklary olaryň bejergilerinde we salynýan nagyşlarynda görmek bolýar. Geçen taryhy döwrümiziň XX asyryň dowamynda  çeper bejergisi sungat hökmünde özüniň belent sepgidine ýetdi.

Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzysy dondur» diýen aýtgy bar. Donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Donlar ýüpek we ýarym ýüpek matalardan – gyzyl we sary zolaklar geçýän çepbetöw matalardan, gyzyl we ak zolakly alatow matalardan (çabytlyk, gyrmyzy donluk matalar), mahmaldan, begresden edilip, onuň öňi tutuşlygyna açyk goýulýar. Donluk üçin esasan, keteni ulanylýar. Ol owadanlygy we uzak wagtlap täzeligini saklaýanlygy bilen ulanmaga amatlydyr.

Türkmen  halkymyzda milli egin-eşikler, esasan, ýaş aýratynlyklaryna görä geýilipdir. Türkmen toýlaryny milli ketenisiz, al-ýaşyl çyrpysyz, gyrmyzy donsuz, silkme  telpeksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen gelin-gyzlarynyň köýnekleri  hem özboluşly aýratynlyklara eýe bolupdyr.

Häzirki günde hem biziň gyz–gelinlerimiz özleriniň çeper elleri bilen keşde  çekýärler, ýaka gaýaýarlar. Olaryň şeýle owadan keşdeleri çekmeklerine, ýakalary  gaýamaklaryna ene-mamalarymyz görelde bolýarlar. Çünki ol keşdedir nagyşlaryň taryhynda ene-mamalarymyzyň ussatlygyny, wepadarlygyny, edermenligini  görmek bolýar.

Tahýa gadymy başgap bolup, dürli keşdeler bilen ýerine ýetirilýär. Ony, tikiliş aýratynlygyna görä, oglanlar hem gyzlar geýýär. Oglanlaryň geýýän tahýasyna «akgaýma», gyzlaryň geýýän tahýasyna «gültahýa» diýilýär. Gyzlaryň tahýalary diňe nagyşlar bilen däl, eýsem dürli görnüşli bezegler, monjuk, gaş, alaja, çekelik, hünji bilen hem bezelipdir. Milli tahýalar keşdeleriniň örän syk gaýalyşy bilen tapawutlanyp, olar tutuş tahýanyň ýüzüni tutupdyr.

Gelin-gyzlarymyzyň döreden ajaýyp milli lybaslarynyň biri-de kürtedir. Türkmen sähralarynyň ýaýylyp ýatan gyzyl gülälekli meýdanyny ýatladyp duran köz ýaly gyzyl kürteler toý güni çykjak gyzyň başyna atylýar. Kürteleriň gyzyl keteniden tikilmeginiň öz manysy bar. Gyzyl reňk şadyýanlygyň, ruhubelentligiň we geljege bolan ynamyň reňkidir.

Türkmen halk lybasynyň jadyly güýji şeýle bir täsirlidir welin, bir gezek bu hazyna göz aýlap, onuň däp-dessurdyr urp-adaty, şeýle hem medeniýetimiziň toplan şekilleriniň jadyly manysynyň sungata öwrülen döwrüne degişli iň gadymy çeşmeler bilen arabaglanyşygyna göz ýetireiňden soň, ondan daşlaşyp bilmersiň. Dürli häsiýetli sebäpler: jemgyýetçilik, dini ýörelgeler, tire-taýpa, däp-dessur we ş.m. pederlerimiz tarapyndan belli bir nagyşlary, nusgalary, reňkleri saýlap, «janlandyrmak» üçin itergi bolupdyr.

Türkmeniň egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kämilleşip, onuň medeniýetiniň we durmuşynyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halkyň taryhy bilen aýakdaş yzygiderli ösüpdir. Türkmen halkynyň geýiminiň gadymy döwürlerden häzirki güne çenli özgerişi onuň tutuş taryhyny görkezýän aýnadyr. Türkmenleriň her bir etnik toparynyň geýimleri diňe bir biçüwinde däl, eýsem görnüşlerinde-de ýüze çykýan özboluşlylyga eýe bolupdyr.

Milli mirasymyzy giňden öwrenmäge uly mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Gülbahar Saparowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Zähmet, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz we bedenterbiýe usuly birleşmesiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri