JEMGYÝET

Milli Liderimiz zähmet rugsadynda balyk tutdy

Dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr. Tebigata çykyp, onuň gözelliklerini synlamak, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak ynsan saglygynyň berkidilmegine bolşy ýaly, onuň ruhunyň belent bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Daşky gurşawy goramak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, türkmen topragynyň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda, türkmen sährasynyň ekologiýa derejesiniň gowulandyrylmagyna, milli tebigatyň asyl durkunyň saklanylmagyna, biologik dürlüligiň sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet berilýär.

…Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň kenaryna geldi. Milli Liderimiz ulagdan düşüp, bu ýerleriniň özboluşly tebigy aýratynlyklaryny, sähra gurşawynyň ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän gözel görnüşlerini synlady.

Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalaryny utgaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş syýasatynyň esasyny düzýär.

Işjeň dynç almaga aýratyn üns berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezek ajaýyp kölde balyk tutmak bilen meşgullandy.

Diýarymyzyň suw howdanlarynda balyklaryň köp görnüşleriniň bolmagy hem-de olaryň yzygiderli köpeldilmegi kölleriň we howdanlaryň suwunyň arassaçylyk hem-de balyklar üçin ýaramlylyk derejesiniň degişli kada laýyk gelýändigine güwä edýär.

Soňky ýyllarda amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň köpsanly suw howdanlarynda dürli guşlaryň 250-ä golaý görnüşiniň höwürtgeleýändigini we gyşlaýandygyny aýratyn bellemeli.

Häzirki döwürde kölde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şolaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalaryň köpdürlüligi, olaryň ýerli ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlary mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar.

Milli Liderimiz balyk tutýan pursatynda çeňňege düşýän balyklaryň has ulularynyň hem bardygyna göz ýetirdi. Munuň özi kölde ýaşaýan balyklaryň sazlaşykly köpelmegi we ulalmagy üçin suwda zerur ähli mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Ýaramly kölde ýaşaýan balyklaryň ulalmagy, olaryň agramynyň artmagy balyk awlamakda birnäçe çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, balyk tutulýan pursatlarda garaşylmadyk wakalar hem ýüze çykýar. Bu bolsa balyk tutmagyň özboluşly häsiýete eýediginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň suwly gabyna düşýän balyklaryň sany yzygiderli artdy.

Tebigatyň goýnunda gezelenç etmek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek ýaly balyk tutmagyň hem bähbitli taraplarynyň bardygyny bellemeli. Balyk tutmak pikiriňi bir ýere jemlemek, dem alşyňy, gan basyşyňy kadalaşdyrmak ýaly peýdaly ugurlarynyň bardygyny lukmançylyk ylmy tassyklady. Şeýlelikde, dynç alşy saglyk we beýleki ugurlar üçin bähbitli çäreler bilen meşgullanmak milli Liderimiziň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň abadançylygynyň, daşky gurşawyň ýokary ekologiýa derejesine eýediginiň nyşany bolan ajaýyp kölden tutan balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi. Milli Liderimiziň howandarlygynda «Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek hem-de ýaş türkmenistanlylaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir.

«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar täze tutulan balyklary uly ruhubelentlik we çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Mälim bolşy ýaly, balyk iň gymmatly azyk önümleriniň biridir, onuň düzüminde A, D, E witaminleri, kalsiý, ýod, demir, magniý we beýleki serişdeler bar.

Hususan-da, gaýnadylan we buglanan balyklaryň, balyk çorbasynyň ýokumlylyk derejesiniň has-da ýokarydygyny lukmançylyk ylmy tassyk etdi. «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänler özleri üçin iberilen balyklaryndan taýýarlanan balyk çorbasyndan dadyp, yzygiderli edýän atalyk aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi