SIZDEN GELENLER

Milli däp-dessurlarymyz – terbiýe ojagy

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar. Bu döwür ýurdumyzyň ösüşdir özgerişleri bilen dünýä ýüzünde iň bir şöhratlanan döwrüdir. Şeýle bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adamzat taryhynda gadymy siwilizasiýanyň merkezi hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde ýerleşýän umumadamzat ähmiýetli medeni gymmatlyklarymyzy, mähriban halkymyzyň ruhy mirasyny toplamak, ýitip gitmeginiň öňüni almak, olary ylmy esasda öwrenmek we geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmek, baý hem-de köpgörnüşli mirasymyzy dikeltmek we kämilleşdirmek meselesine aýratyn uly üns berilýär.

Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessury bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir.

Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat terezisidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryň bir bitewi ulgamydyr» diýip belläp geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň taryhy tejribesi esasynda kemala gelen mirasynyň gadymy we gaýtalanmajak nusgalaryny halk arasyndan toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de olaryň gymmatyny halka ýetirmek, dünýä ýaýmak baradaky taýsyz tagallalary gadymy mirasly halkymyzyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde biziň öňümizde täze ýollary açýar.

Türkmen halkynyň baý edebi mirasy köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň-derejede ösýän edep-terbiýedir däp-dessurlarymyz hem kämilleşip, arkama-arka dowam edýän milli gymmatlyga öwrülýär. Ata-babalarymyz ýaş nesillere şeýle asylly ýörelgeleri miras galdyrypdyrlar. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik bilen bir hatarda, milli mirasa sarpa goýmak, edim-gylymlarymyzy dowam etdirmek ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak hem döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp, şatlykly günlerimizde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz has-da döwrebaplaşdyrylýar, täze öwüşgine eýe bolýar.

Milletleriň däp-dessurlary, urp-adatlary olary oturşy-turşy, geýnişi, toýy-ýasy bilen begenjinde-gynanjynda agzybirlige gönükdirer. Bir bitewi medeniýet, ahlak, aň we düşünje döreder. Ynsanlary birek-birege berk ysnyşdyrar. Şeýle gym­matlyklardan mahrum bolan medeniýetler gum depeleri ýalydyr we güýçli şemalyň öwüsginine tozap gider. Şonuň üçin atalarymyz, ynsan öz ýurduny taşlap, başga ýurda göç edip biler, däp-dessuryny, edim-gylymyny, urp-adatyny terk edip bilmez diýen manyda «Ilden çykylar, töreden çykylmaz» diýen pähimi döredipdirler.

Şu ýerde däp-dessur näme? Urp näme? Adat näme? Olaryň arasyndaky aýratynlygy bellemek gerek. Däp, dessur sözleri adat sözi bilen manydaşdyr. Urp sözi  beýlekilerden az tapawut edýändir.

Ýagşylyk, bilmek, tanamak diýen manylary aňladýan urp sözi, kanun bolmasa-da, bir milletiň aglabasynyň ýa-da hemmesiniň ykrar edip, öz ýaşaýşynda nesilden-nesle dowam etdiren, akyla we dine ters bolmadyk edim-gylymlarydyr.

Adat sözi, bir jemgyýetde gaýtalanyp berjaý edilmek bilen endik bolup galan, belli bir wagtyň dowamynda däbe öwrülen edim-gylymlardyr. Adatyň, däp-dessuryň ýagşysy ýa-da ýamany bolup biler.

Watan söýgüsi, garaşsyz ýaşamak arzuwy, erkinligini, ar-namysyny goramak gaýratlylygy, gaýduwsyzlyk, hossarsyz kişilere hemaýat, maşgala agzybirligi, garyndaşlyk gatnaşygy ýaly häsiýetler milletimiziň taryhynyň çuňluklaryndan häzirki güne çenli dowam etdiren däp-dessurlaryndandyr. Bu gymmatlyklaryň aňsatlyk bilen kemala gelmeýşi ýaly, şahsyýetiň ruhuny bu gymmatlyklar bilen terbiýelemedik halklar millet bolup bilmez. Däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, edep-kadalarymyzy içgin öwrenmelidiris, olary durmuşymyza ornaşdyrmaly, gadyryny bilmelidiris.

Ogulgözel Çolukowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri