SIZDEN GELENLER

Milli bilim we sanly ulgam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda durnukly ösüşi nazarlaýan uly üstünlikler gazanylýar. Ylmyň we tehnikanyň biri-biri bilen utgaşykly ösüşi ýurdumyzda ylmy açyşlardyr oýlap tapyşlaryň sanyny barha artdyrýar. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň güýçli depgin bilen ösmeginiň, köp sanly durmuş meseleleri çözmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Ol innowasion ösüşiň hem ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň netijesinde senagatyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli özgerýär, zähmet öndürijiligi artýar, önümçiligiň netijeliligi ýokarlanýar.

Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­ýän döw­rün­de is­len­dik döw­le­tiň kuw­wa­ty bi­li­miň we yl­myň ösüş de­re­je­si bi­len, ada­myň so­wat­ly­ly­gy bi­len kes­git­len­ýär. Şun­da jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tual müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Öň­de­ba­ry­jy yl­myň ga­za­nan­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mö­hüm­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň hä­zir­ki za­man yl­my­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ry aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Or­ta mek­dep­le­riň, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň şu gü­nüň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze bi­na­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Olar­da yl­myň ga­za­nan­la­ry, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, şol san­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Alym­la­ryň, pro­fes­sor­la­ryň we mu­gal­lym­la­ryň, tej­ri­be­li hü­när­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da döw­re­bap okuw ki­tap­la­ry we okuw gol­lan­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Şeý­le hem ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry­na tä­ze hü­när­ler gi­ri­zi­lip, olar­da tä­ze ka­fed­ra­lar açyl­ýar. Döw­re­bap bi­lim ber­me­giň ne­ti­je­li usul­la­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, eziz Di­ýa­ry­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek­, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­lim-ter­bi­ýä­niň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­, ta­lyp ýaş­la­ry bi­li­me hö­wes­len­dir­mek­ boýunça yzy­gi­der­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si döw­le­ti­miz­de bi­lim ul­ga­my­na ýo­ka­ry üns be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da mu­gal­lym­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de da­şa­ry ýurt­la­ryň ösen tej­ri­be­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Şu mak­sat bi­len mu­gal­lym­lar, bi­lim iş­gär­le­ri da­şa­ry ýurt­la­ryň ylym-bi­lim mer­kez­le­rin­de bo­lup, bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le müm­kin­çi­lik­ler bol­sa bi­lim iş­gär­le­ri­ne bu ugur­da tä­ze tej­ri­be­ler bi­len ta­nyş­ma­ga hem-de öz­le­ri­niň hü­nä­ri­ni kämilleşdirmäge giň şert­le­ri dö­red­ýär. Mu­gal­lym­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan kö­pu­gur­ly çä­re­ler bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­da gu­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ylym we bilim ulgamlarynyň ýokary derejä ýetendigi bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky ösüşleriň esasy bilim bermegiň ýokary ülňülerini durmuşa ornaşdyrmakdan, düýpli hem-de amaly ylmy-barlaglary goldamakdan we höweslendirmekden, ähli ýerlerde okuw işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda ulgamy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe Konsepsiýalar hereket edýär. Olaryň ählisi hem ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almagyna gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmek kabul edilen konsepsiýalaryň esasyny düzýär. Tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýan özgertmeler özüniň netijesini berýär. Hormatly döwlet Baştutanymyz wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde öňde durýan şu wezipeler barada durup geçmek bilen: «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip belledi. Uzak aralykdan okatmak, sanly tehnologiýalaryň kömeginden netijeli peýdalanmak geçirilýän bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreler ýaşlara berilýän ýokary hünär bilimini dünýä derejesine çykarmaga giň ýollary açar.

Nurýagdy Aýdogdyýew, TOHU-nyñ mygallymy.

 

 

05-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika