SÖHBETDEŞLIK

Meýlis Hydyrow: Maksadym ussat skripkaçy bolmak

Kitaplar, aýdymdyr sazlar adamzadyň ruhy gymmatlygy hasaplanýar. Saz – bu her bir ynsanyň ýüregine barýan inçe ýoly yzarlaýar. Saz sözsüz durmuşy suratlandyrýar. Türkmeniň akyldar şahyry  Magtymguly Pyragy hem öz döredijiliginde “Saz bilen söhbete ýaman diýmäňler,  Adam ata dünýä gelende bardyr”diýip,  saz sungatynyň adam döräli bäri ýaşaýandygyny suratlandyrýar. Kitaplar bilen söhbetdeş bolanyňda, ýa islendik döredijilik bilen meşgullananyňda saz bilen bile hereket etmek gyzykly hem täsirli bolýar. Saz diňlemek ýatkeşligiňi ösdürmegiň hem iň  uly dermany hasaplanýar. Biz hem žurnalymyza, eýýäm 22 ýyl bäri saz dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan, ýurt derejesindäki dürli baýramçylyk çärelerinde,  telegepleşiklerde yzygiderli çykyş edýän ýaş skripkaçy Meýlis Hydyrow  bilen  «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeşligi ýazga geçirdik.

– Meýlis sizi žurnalymyzda hoş gördük! Siz skripka saz guralyna erk etmek bilen, döredýän ajaýyp sazlaryňyz  toý–baýramlarymyzyň bezegi bolup hyzmat edýär. Saz sungatyna bolan höwes sizde haçan döredi?

Ejemiň aýdyp berişine görä, men çaga wagtym maşgalamyz şäheriň golaýyndaky dynç alyş merkezlerine yzygiderli dynç almaga gidýän ekenler. Dynç alyş ýerlerindäki kafelerde aýdym – sazlar ýaňlanar eken. Ýaňlanan sazyň astynda durman tans edýän ekenim. Şol ýerde bir ýaşuly ejeme diýipdir: “Şu ogluňyz ulalsa, sazanda bolar, gaty güýçli ukyby bar”diýipdir. Meni 4 ýaşymda çagalar bagyna berdiler. Çagalar bagynda pianino çalýan mugallymymyzyň ýanyndan aýrylman, ondan pianino çalmagy öwretmegi üçin dyrjaşypdyryn. Beýleki çagalar bolsa, aýlanyp tans edýärdiler, men bolsa pianinonyň ýanyndan aýrylmazdym. Ejem yzymdan gelen wagty,mugallym: ”Ýykdy halys, çaljak diýip, çaldyrmaga goýmaýar. Ogluňyzyň höwesi bar, ony ýörite orta sazçylyk mekdep internadyna beriň” diýip maslahat berýär. Şeýlelik bilen ejem  saz çalmagy öwrenmegim üçin sagatlaýyn mugallym tutup ugrukdyrdylar. Şeýdip, mende saza bolan höwes heniz çagalar bagyna gatnaýan wagtlarym döredi.

– Näme üçin skripka? Näme üçin pianino, ýa dutar, ýa-da başga saz guraly däl?

Ejem bilen mekdebe baranymda: “haýsy ugur bilen gyzyklanýanymy sorapdyr?”. Mugallym elimi görüp, hemme adamyň barmagy uzyn bolmaýar, skripka çaljak bolsaň, uzyn barmaklaryň bolsa, öwrenmek hem çalmak ýeňil düşýändigini belläpdir. Şeýdip, men 1 ýyl skripka saz guralyny öwrenmäge başladym. Maňa kiçijik skripka saz guralyny hem alyp berdiler. Ilkinji mugallymym Marina Pauna boldy. Ol  sapaklary rus dilinde öwredýärdi. Bir ýylyň içinde notada öwrendim, saz çalmagy öwrendim. Eýýäm, 6 ýaşymda çagalar bagynda baýramçylyklarda saz çalýardym.  Men ýöriteleşdirilen saz mekdebine 1-nji synpa okuwa baranymda hem taýyn sazanda diýip kabul etdiler. Ol ýeri tamamlap, orta bilimiň hem-de sazçylygyň şahadatnamasyny aldym.

– Ilkinji ýerine ýetiren sazyňyz?

Ilkinji sazymy çagalar bagynda ýerine ýetirdim, ady hem ”Prepýoluçka”.

 – Meýlis, aýdym aýdýan adamlaryň köpüsi hökman bir saz guralyna erk edip bilýärler. Sizem saz çalmakdan daşary, aýdym aýdyp gördüňizmi?

Elbetde, 2007-nji ýylda “Gökdere”çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi  açylanda  festiwal geçirildi. Şol festiwala daşary ýurtly ýetginjekler hem gatnaşdy. Men hem saz çalyp, çykyş etdim. Ol wagtlar gowy sesim bardy, horda aýdym hem aýdýardym. Soňra  geçiş döwründe sesimi ýitirdim. Ýöne, häzirem aýdym aýdasym gelýär.

– Şu hünäri öwreneniňizde kynçylyk boldumy?

Kynçylyk diňe türgenleşikde boldy.  Skripkany elime alan pursatlarym,  başarman diýen duýgular geldi. Entek çaga bolanym üçin aňymyň doly ýetmeýändigindne bolup biler. Ejemiň we maşgala agzalarymyň goldaw sözleri meni bu saz guralyna çalt erk etmegine giň mümkinçilik döretdi. Uýgunlaşyp gitseň soň kynçylyk bolmaýar, öwrenýän ekeniň.

– Sungat äleminde ilki toplan tejribeleriňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Orta mekdebi okap ýören wagtlarym,  11-nji synpda ”Türkmen owazy” teleýaýlymynda işe kabul edildim. Şol ýerde orkestrda saz çaldym. Ol ýerde 2 aý işländigime garamazdan, meniň üçin gowy tejribe mekdebi boldy. 2014-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuw girdim. Okap ýören döwürlerim hem gowy sazlary işledim. Her toplan tejribäm täze zatlary öwrenmegime, täze üstünliklere ýetmegime uly ýardam etdi. Talyp wagtym 2017-nji ýylyň 23-nji fewralynda “Türkmenistan “kinoteatrynda,  2018-nji ýylyň ýene 23-nji fewralynda “Watan” kinokansert merkezinde ilkinji konsertlerim boldy. Ilki bilen Atamyrat Nuryýew bilen çykyş edip başladym we 8-9 sany sazdan ybarat ilkinji albomymy işledim. Häzire çenli hem bile işleşýäris. Aly Alyýew, Bahar Hojaýewa ýaly aýdymçylar bilen işleşýärin, Kakadurdy Täjimowyň aýdymlaryna skripka sazyny düzdüm. Talyp döwrümde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde işledim. Şondan bäri hem, sungat ýolunda zähmet çekip gelýärin.

– Skripka saz guralyny öwreden we inçe syrlary bilen tanyşdyran halypalaryňyz barada hem durup geçäýseňiz.

Bu ýolda köp ussatlar maňa halypalyk etdi. Ýörite sazçylyk mekdebinde ilkinji halypam Mälik Mammedowiçdir. Men bu halypamyň elinde 10 ýyl okadym. Meni giriş synaglaryna taýýarlan halypam Marina Pauna boldy. Soňra 1-nji ýyldan 2-nji ýyla çenli Näzik Saryýewa halypalyk etdi. Ol gyjakçy Pürli Saryýewiň hem agtygy bolýar. Soňra 3-nji ýyldan 5-nji ýyla çenli Bahram Dolyýewden sapak aldym. Ähli halypalarymdam skripka saz guralynyň inçe zatlary öwrendim.

– Durmuşyňyzdaky  we sungatdaky bagtly pursatlaryňyzy okyjylarymyz  bilen paýlaşaýsaňyz?

Durmuşymda bagtly pursatlar köp boldy. Birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanda  geçirilen  dabara daşary ýurtly aýdymçylar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Nýuşa, Sergeý Lazarew,Hadise ýaly meşhur aýdymçylar bardy.  Menem şolaryň gapdalynda saz çaldym. Bu pursady bagtly günlerimiň hatarynda saýýaryn. Ýene bagtly pursadymy ýatlasam: ilki saz çalmaga hili pes saz guralynda başladym, indi hili iň ýokary saz gurallaryna erk edýän. Bularyň ählisi, meň üçin bagtly pursatlar. Başga-da Türkiýäniň Derýa Derin diýen ýyldyz aýdymçysynyň  ýerine ýetiren aýdymlaryny  skripka saz guralynda sazyny işläp, jemgyýetçilik toryndaky sahypalarymda paýlaşdym. Ony Derýa Deriniň özi hem gowy görüpdir. Onuň üsti bilen köp sanly türk raýatlary hem meniň sazlaryma ýokary baha berdiler. Bu pursatlary bagtly pursatlarym diýip aýdyp biljek. Islendik zady ýürekden arzuw etseň, ynamyňy ýitirmeseň maksadyň myradyna ýetýän eken.

 – Diňe saz çalýaňyzmy?

Men ykbalymy diňe saz sungatyna bagladym. Ýöne boş wagtlarym dürli suratlary esasan hem tebigatyň suratyny almakdan, sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmakdan lezzet alýaryn.

Meýlis, şu hünäri ele almagyňyzda esasy ejeňiziň goşandy uly eken. Eger ejeňiz şu hünäre ugrukdyrmakdyk  bolsa, durmuşda başga haýsy hünärde özüňizi göz öňüne getirerdiňiz?

Kompýuter programmaçysy bolardym.  Şol ugry erk edip biljekdigime ynanýaryn.

– Şu wagt daşyndan meşgullanan bolsaňyz bolardy?

Hawa başarardym. Ýöne sungat öýkelek bolýar. Sungat, adamyň tutuş durky bilen özüne berilmegini isleýär. Şonuň üçin durmuşda sungatdan başga hünäre wagtymy bermek islemeýärin.

– Ilkinji diňleýjiňiz kim, täze döreden eserleriňizi ilki kime çalyp berýärsiňiz?

Ilkinji diňleýjim ejem. Döreden eserlerimi, ilki ejeme diňledýärin. Sebäbi, meni 6 ýaşymda ilki şu hünäre elimden tutup ugrukdyran eziz käbäm. Şonuň üçin, eje barada gürrüň gozgalanda, aýdym-saz ýaňlananda-da duýgulanýaryn.

– Nähili temalarda sazlary çalmagy gowy görýärsiňiz?

Liriki, söýgi temasyndaky sazlary çalmagy gow görýärin. Adama dynç berýän, keýpini göterýän sazlar bolýar, şol sazlary çalanymda özüm hem dynç alýaryn.

– Skripkanyň sazy köpleriň ýüreklerinde esasy gynançly äheňi berýän saz guraly hökmünde ornan. Näme üçin skripka saz guralynyň äheňi köplenç naýynjar çykýar?

Naýynjar sesi, beýleki saz gurallarynda-da çykaryp bolýar. Ýöne, bu babatda skripka  saz guraly öňdäki orny eýeleýär.

– Meýlis, maşgalaňyzda başga-da sungat adamy barmy?

Maşgalamyzda ejem tikin tikmek bilen meşgullanýar. Ýöne  sungaty, aýdym-sazy gowy görýär. Kakam goragçy bolup zähmet çekýär. Özümden uly agam söwda bilen meşgullanýar. Babam sülçi bolan, atam Ata Ataýewiç hem edebiýat, sungat ýoluna bütin ömrüni bagyşlan adam. Ýagny, ol  ýurdumyzda öň çap edilen žurnallaryň birinde  baş redaktor bolup işläp, Kerim Gurbannepesow ýaly ussatlar bilen dostlukly, döredijilik gatnaşygynda bolan adam. Daýym Nepes Meredow meni 6 ýaşymda saz sungatyny öwrenmegime, kämilleşmegime iterdi. Hat-da onuň özi hem ussat dutarçy.

– Adamlarda we özüňde gowy görýän häsiýetleriň?

Men sadalygy gowy görýärin. Sadalyk adamlary bezeýän häsiýetleriň biri.

– Skripka saz guralyny näçe ýaşa çenli öwrenmek mümkin?

Islendik hünäre ilki höwes gerek. Höwes bolsa, kynçylyk bolmaýar. Sende 1 göterim zehin bolaýsyn, 99 göterim yhlasyň bolsa öwrenmek mümkin.

– Onda, şu wagt men 21 ýaşymda. Şu ýaşda-da kämil derejede öwrenmek mümkinmi?

Elbetde, 27 ýaşyňa çenli hem öwrenip bolar. Ýöne doly öwrenmek üçin 4-5 ýyl  gerek. Günüň dowamynda 8-9 sagat türgenleşikde bolmaly. Pikiriňi, duýguňy diňe saza gönükdirmeli. Sebäbi, saz çylşyrymly we gaty inçe sungat.

– Size ylham berýän zat?

Adamlaryň saňa bolan ynamy. Başga-da tebigata gezim etmekden, kitap okamakdan ylham alýaryn. Iň esasy hem maňa deňiz ylham berýär.

Skripka saz guralyna näçe ýyl bäri erk edýäňiz?

– Men eýýäm 22 ýyl bäri skripka saz guralyny çalýaryn. Halypa Atageldi Garýagdyýew ”hakyky hünärmen boljak bolsaň, azyndan 20 ýyl gerek” diýipdi.

– Saz çalanyňyzda sazyň duýgusyna gözýaş edip gördüňizmi?

– Hawa. Diňe çalamda-da däl, diňlänimde-de bolýar köplenç şu ýagdaýlar. Hat-da türgenleşip duran pursadymda-da duýgulanyp gözümden ýaş gaýdanyny duýman galýaryn. Bir gezek toýda oturan wagtymda, dowam edip duran sazy diňläp,  gözýaşlaryma erk edip bilmedim. Sazyň täsiri bilen şeýle duýgulandym . Edil şu ýagdaý konsertde-de bolupdy. Ene temasy gozgalan ýerde-de, gözüm ýaşdan dolýar.

– Ýetmek isleýän derejäňiz?

Ýer şarynyň ähli künjeginde, dünýäniň  ähli ýurdunyň sahnalarynda öz milli  sazlarymyzy ussatlygym  bilen çalyp, çykyş edesim gelýär. Ýagny, her ýurduň milli sazyny öz konsertlerinde, şolaryň özleriniňkiden hem gowy çalyp çykyş edesim gelýär.

– Şu islegiňize ýetmegiňize wada berýän duýgy barmy?

Elbetde. Ynanýan, duýýan. Sebäbi, Maslahatlar köşgündäki dabara köp ýurtdan myhmanlar geldi. Şonda myhmanlar bilen saz çalyşdyk. Araplardna gelen myhmanlar saz çalşyma ýokary baha berdiler. Türkiýä 2-3 gezek gidenimde hem iş teklibi bolupdy. Ol çagyryşlar maňa üstünlik hem getirip bilerdi, ýöne men gitmedim. Sebäbi, Watan maňa hemme zatdan gymmatly.

Meýlis sag bol! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun!  Žurnalymyza myhman bolup, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin minnetdar. Sungat ýolunda üstünlikler hemra bolsun!

Sag boluň! Siziňem işiňizde şowlulyk arzuw etýärin!

 

Şahsy maglumatlary:

Doglan güni, ýyly: 1993-nji ýylyň 6-njy iýuly.

Doglan ýeri: Aşgabat şäheri.

Maşgalada: 4 çaga, 3 oglan we 1 gyz, öýlenmedik.

Halaýan reňkleri: ak, gök.

Söhbetdeş bolan: Miwe Jumadurdyýewa,

“Miras” teleýaýlymynyň redaktory

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Mämmetsapar Toýlyýew: Ussatlary gören halypa

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym