SIZDEN GELENLER

“Meşhur Şowsuzlar” Maksatlar birigip, myradyňa gowuşýar

Bu “meşhur şowsuzlar” edebiýat çeşmelerinden, kitaplardan hem-de internet torlaryndan ýygnalyp, Size “Maksatlar birigip, myradyňa gowuşýar” atly bäsleşige gatnaşýan makalamda görkezjekdim, emma gyssagly ýazylansoň indi aýratyn bermegi özüme müwessa bildim…

 Uinston ÇerçilÇerçil altynjy synpda okuwyndan galmaly bolýar. Ol ilkibada näçe yhlas etse-de hiç bir syýasy wezipä eýe bolup bilmeýär. Ýyllar geçýär… Ýaşuly Çerçil 62 ýaşynda beýik Britaniýanyň primýer ministri bolýar.

 Tomas Edison – Edisona mydama mugallymlary “Sen örän akmak, hiç zady öwrenip bilmeýäň” diýer ekenler. Olam öýkeläp oturar eken, kellesini gujaklap. Ahyr soňy ol elektrik lampasyny oýlap tapyp bütin dünýäni haýrana goýýar. Işleýän elektrik lampasyny oýlap tapýança 1000-den gowrak näsaz lampa döredipdir.

 Xarland Devid Sanders – KFK kompaniýasynyň ýüzi hasaplanýan Xarland Devid Sanders öz jüýjelerini hiç kime satyp bilmeýär. Müňden artyk restoranlardan “Seniň jüýjeleň gerek däl ýaşuly” diýen jogaby eşitmeli bolýar. Ahyr soňy ýekeje restoran Sandersiň jüýjelerini satyn almaga razy bolýar. Indi bolsa Sandersiň suraty KFS kompaniýasynyň adyny bezeýär.

 Stiven Spilberg – Spilberg Kaliforniýa uniwersitetine girmegi hemişe arzuw edýän eken. Ýatsada düýşine girermiş diýýärler. Üç gezek bu unwersitete synanyşmagyna garamazdan ol bu ýokary okuw jaýyna girip bilmeýär. Soňra hemme zady taşlap rejissorlyga başlaýar we dünýä belli rejissýor boldy.

Sochiro Xonda – Bu adamy Toýota kompaniýasy göwniýetmezçilikdenmi ýa-da işbaşarmaz gorkusyndanmy garaz inžinerlige işe almaýar. Ol köp wagt işsiz gezdi we ahyrsoňy motosikel ýasap başlady. Özüniň firmasyny açdy we milliadere öwrüldi.

Charli CaplinMenejerlere Charli Capliniň hereketleri ýaranokdy. Olar: “Ol hiç wagt rol oýnap bilmez, oýnaýanda-da tomaşaçylar oňa hiç düşünmez” diýýärdiler. Iň soňy: “Biz hiç zat ýitirmeris, pahyrjyk özüni bir synap görsün, göwni galmasyn” diýip oňa bir roly berýärler. Görşümiz ýaly Chaplin Amerikada meşhur kinoýyldyz bolýar we özüniň komikligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýar.

 Isaak Nyuton – Isaak Nyutona maşgalasy fermalaryna göz gulak bolmagy ynanýarlar. Nyutonyň emelsizliginden mallar haram ölýär, agaçlary guraýar. Ferma bankrot bolýar. Şu oglan göwnüne alarow diýip pikirlenmän: “Senden çopanam çykmaz, şähere gitde adam bol” diýdiler. Nyuton bir gün daňdan ukudan oýanan dessine yzyna-da seretmän şähere gitdi. Kembrij unwersitetine girdi we fizika bilen ýatsa bile ýatdy tursa bile turdy. Netijede dünýä belli alym bolup ýetişdi.

Dik Cheyni – Dik Cheyni Yel unwersitetinden iki gezek kowulýar. Jorj Bush oňa degişip: “Cheyni sen Yel unwersitetini tamamlan bolsaň prezidentem boljak ekeniň, unwersitetden kowulanam bolsaň häzir wise-prezident bolup otyrsyň” diýer eken.

Sindi Puate – Birinji kinosynda oňa näme diýilenini bilýäňizmi?! “Özüňem başgalaram gynamada gowusy gap-gaç ýuwujy bolup işe gir” diýer ekenler. Ol bolsa häzir Oskar baýragynyň eýesi.

Merilin Monro – Ady rowaýata öwrülen Monronyň Columbia Pictures bilen birinji şertnamasy inkär edildi. Prodýuserler oňa “Aktrisa bolmak üçin siz yeterlik dereje-de owadan we talantly däl” diýdiler. Monro öýkeläp öýlerine gaýtjak bolup durka kellesine bir pikir gelýär. “Näme-de bolsa özümi ýene-de bir gezek synap göreýin” diýýär. Netijede Monro Golivudyň parlak ýyldyzyna öwrüldi.

BAÝGELDI ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň meteorologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti