BILIM

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Urumçi şäherinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” bilim ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşdy.

Bu duşuşyk ylmy barlaglar, ýokary bilim we beýleki bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşykda çykyş eden Hytaýyň bilim ministri Huaý Szinpen öz ýurdunyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ol soňky 2 ýylyň dowamynda bu ugurda örän netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy.

“Hytaý-Merkezi Aziýa” görnüşinde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üiçn täze bilelikdäki meýdançalary döretmegiň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, ýokary bilim ulgamynda bilelikde hünärmenleri taýýarlamak, bilelikde serişdelerden peýdalanmak bilen sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna seredildi.

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý bilen işjeň medeni dialogy goldaýandygy belläp, munuň bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň berk binýadyny döredendigini aýtdy.

Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbek Gazagystan bilen Hytaýyň ylmy-barlag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini mälim etdi. Şeýle hem ol bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak ugrunda tagallalaryň edilmegi babatda teklip etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri Dogdurkul Kendirbaýewa “ýaşyl” ykdysadyýet, ekologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmegi, emeli aň boýunça taslamalary goldamak, sanly tehnologiýalar, elektron täjirçilik we innowasion ösüşler boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Täjigistanyň bilim we ylym ministri Rahim Saidzod neýron ulgamy, robotlaşdyrylan awtomatik önümçilik. 3D printer ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Özbegistanyň ýokayr bilim, ylym we innowasiýa ministri Kongratbaý Şaripow oba hojalyk inženerçiligi, “ýaşyl” logistika, lukmançylyk tehnologiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň zerurlyklary barada belläp geçdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Urumçi beýannamasy kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde bilim edaralarynyň araysnda birnäçe ähtnamalara we şertnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy