Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVI jildi düýpli ylmy maglumatlara baýdyr. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk melhemleri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Ata Watanymyzyň astam baýlyk, üstem. Bereketli topragymyzyň halkymyza eçilen peşgeşiniň özi bahasyz baýlykdyr. Bu topragyň döredýän gudratyna haýran galaýmak galýar. Güneşli Diýarymyzda bitýän her bir otuň dermanlyk hasaplanmagy ata-babalarymyzdan galan asylly düşünjedir. Elbetde, türkmen topragynda bitýän her bir otuň dermanlyk häsiýeti diýseň uludyr. Olaryň tebigylygy we täsir edijiligi beýleki emeli derman serişdeleriniňkiden ýokarydyr. Ynsan saglygyny we ony berkitmek babatynda halkymyz ýokary tejribä eýedir. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz jana melhem otlarymyzy gorap saklap, yhlas bilen olar baradaky maglumatlary iň kämil derejede alnyndan ak gün dogan döwletimiziň nesillerine goýan mirasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanan ösümlikleriň köpsanlysynyň hatarynda süýji buýan barada hem giňişleýin maglumatlar berilýär.
Buýan gadymy zamanlardan bäri Zeminiň dürli künjeklerinde gymmatly derman hökmünde tanalypdyr. Buýan köküni mundan ençeme asyr ozal hem derman hökmünde peýdalanypdyrlar. «Merkezi Aziýanyň ženşeni» ady bilen taryha giren türkmeniň süýji buýany adam bedenini berkidýän gymmatly serişde, melhem hökmünde biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl ozal tebipler tarapyndan ýazylan «Ýazuw wedi» (Ýaşaýyş hakyndaky ylym) atly gymmatly eserde hem ýatlanylypdyr. Tibet lukmançylygynda türkmeniň süýji buýany dermanlyk ösümlikleriň arasynda ženşenden soňra ikinji orny eýeläpdir. Ibn Sina süýji buýany adatdan daşary peýdaly melhem hasaplapdyr. Şundan ugur alnyp, türkmen dilinde «buýan» sözi «haýyrly nygmat», «bereketden, şypadan doly», «nepi degýän» diýen ýaly manylarda ulanylýar.
Buýan müň derde derman ösümlikdir. Ol öýken, üsgülewük, aşgazan ýarasy ýaly keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Häzirkizaman ylmy lukmançylygynda buýandan derman serişdeleriniň birnäçe görnüşi taýýarlanylýar. Türkmen alymlary dünýä belli meşhur alymlar bilen birlikde süýji buýanyň kökünde glisirrizin turşusynyň bardygyny anykladylar.
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy bolsa ýurdumyzda buýan köküni ýygnamak we ony gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan ýeke-täk kärhanadyr. Ýaňy-ýakynda bu kärhananyň örüsi has-da giňeldildi. Welaýat merkezinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhana açylyp, ulanylmaga berildi. Bu bolsa saglygy goraýyş işgärleri bilen bir hatarda tutuş watandaşlarymyza ajaýyp sowgat boldy.
Alym Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýar.
Sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary Türkmenistanyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik berer. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Ogulsadap Durdyýewa,