ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Medeniýet Şahberdiýewa:parahatlyk owazlarynyň ilçisi

Çagalykda gözüňde galan keşpler, gulagyňda ýaňlanan owazlar hemişelik galýan borly.

Men heniz  mekdep ýaşyan ýeten oglankam telewizorda berilýän “Köne güzer” atly aýdym-sazly gepleşigi üns berip diňleýärdim. Halypalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary oglan kalbymda medeniýete we sungata bolan höwesi artdyrdy. Şeýlelikde, ulaldygym saýy türkmen opera sungatyna bolan höwesim artyp başlady. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýat Şahberdiýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ata Ilamanow, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň aýdymlary ýaňlananda kalbym ganatlanardy. Ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda bolsa, onuň  belent owazy göýä bagtyň mukamy bolup türkmen sährasyny doldurýan ýalydy. Men şonda mähriban käbämden Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlary hakynda sorap başladym. Ejem:

– Oglum, Medeniýet “Dünýäň saýrak bilbili” adyna eýe bolan aýdymçy. Ol  aýdym aýdanda, göýä erem bagynda şeýda bilbil nagma kakýan ýalydyr – diýerdi.

Obamyzdaky orta mekdebi tamamlanymdan soň sungata bolan höwesim meni gözel paýtagtymyz Aşgabada alyp geldi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap başlamagym bilen bolsa, maňa Medeniýat Şahberdiýewa bilen bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Bu meniň üçin elýetmez bagtdy.

Bu söhbetdeşlik meniň alnymda täze bir dünýäni açdy. Ine-de men Medeniýet daýzanyň myhmany. Onuň mukaddes öýünde ol hakynda dürli döwürlerde gazet-žurnallara ýazylan makalalar hem-de çap edilen suratlar bilen tanyşdym. Olaryň arasynda dürli ýerlerde çykyş etmek üçin iberilen çakylyklar-da  bar.

Meni Medeniýet daýzanyň öýünde has-da tolgundyran bir waka boldy. Ol waka kalbymda hemişelik ýatlama bolup galdy. Ine, ol waka.

1948-nji ýylda Medeniýet Şahberdiýewa 18 ýaşly gyz mahaly Aşgabat şäherindäki Sazçylyk mekdep-internatynda gözegçi-nobatçy bolup işleýär. Oktabr aýynyň 5-inde 6-syna geçilýän gije eken. Medeniýet adaty bolmadyk üşükligi-duýgurlygy bilen zeminiň gatlaryndan gelýän sesi eşidýär. Şol mahalam bir 6-7 ýaşlaryndaky bir gyzjagaz onuň ýanyna ylgap gelip:

– Maýa, Maýa… kellämi goýsam düň-düň-düň, guň-guň-guň edip bir ses meni hiç ýatyranok… – diýýär.

Bu habar Maýanyň kalbynda sarsgyn döredýän ses bilen utgaşyp, ondan gutulmak pikirini oýarýar. Şeýlelikde, ol gyzjagazy gorkuzmazlyga çalyşýar. Soňra bolsa internatdaky 300-den gowrak çagany tebigy helakçilikden aman goramak üçin örüzip, olary daşaryk alyp çykýar…

Bu gahrymançylykly hereketi Medeniýet Şahberdiýewanyň belent ynsanperwerligini, aýdymlarynda ündeýän pikirleriniň durmuş wakalary bilen üzülmez baglanyşyga eýedigini görkezýär. Çünki onuň aýdymlary-da, gylyk-häsiýeti-de durşy bilen parahatçylyk ündewlerine ýugrulandy. Ol hem ussat mugallymdy, beýik terbiýeçidi. Onuň mährem kalby tebigatyň janly-jandarlary – ummülmez gözellikleri bilen-de sözleşip bilýärdi.

… Elimde 1967-nji ýylda Moskwada çap edilen “Muzykalnaýa žizn” žurnalynyň bir sany. Onda Medeniýet Şahberdiýewanyň “Moskwanyň ýyldyzlary” atly festiwalda çykyş edip duran suraty ýerleşdirilipdir. Ol festiwalda dünýä özüni tanadan sungat ussatlary Ruhter bilen Dawid Oýstrah bilen gatnaşypdyr.

1971-nji ýylda ussat aýdymçy sungat işgärleriniň şol wagtky merkezi öýünde çykyş etmek üçin Moskwadan çagyryş hatyny alypdyr. Ol ýerde guralan konsertde ol üç dilde – fransuz, rus we türkmen dillerinde dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň we ussat türkmen kompozitorlarymyzyň eserlerini ýerine ýetiripdir.

–   Ine, bu konsert meýilnamasy bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň konserwatoriýasynda işleýärkäm eden çykyşlarymyňky – diýip, Medeniýet daýza gürrüň berdi. Halypa aýdymçy ol ýerde türkmen, rus we hytaý dillerinde dürli ariýalary we halk aýdymlaryny aýdypdyr.

Mundan başga-da dünýä belli opera aýdymçysy özüniň bilbil owazy bilen dünýäniň Polşa, Kanada, Hindistan, Germaniýa, Fransiýa, Şwesiýa ýaly ýurtlarynda bolup, türkmen opera sungatynyň ýyldyzy hökmünde özüni tanadypdyr.

Halypa dürli döwürlerde ýapon we rus şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdymlary hem ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Olaryň arasynda ýapon şahyry Kitahana Hakisýunyň “Aýly agşam”, Sadze Ýesoň “Sary bilbil”, rus şahyry S.Ýeseniniň sözlerine döredilen “Eller gysylýar”, “Eliňi ber, goşa guw”,   A.Alýabýewiň “Soloweý” ýaly onlarça aýdymlary bar. Dünýä halklary bilen dost-doganlygy ösdürmek, parahatçylyk temasy ussat halypanyň aýdan ähli aýdymlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir.

2009-njy ýylda žurnalist Parahat Çerkezowanyň meşhur aýdymçynyň döredijilik ýoly hakynda söhbet açýan “Medeniýet Şahberdiýewa” atly kitaby çap edildi. Kitapda halypa aýdymçynyň durmuş hem döredijilik ýoly beýanyny tapýar. Onda şeýle setirler bar: “Ony ýaşadýan sungat diýen syrly älem. Bu älemiň syrlar ýumagyny çöşledigiňçe, bilimiň artyp, kämillik basgançagyndan barhar ýokary galýardy. Onuň dünýä belli opera aýdymçysy Pawel Lisisian bilen bilelikde Ž.Werdiniň “Trawiata” operasyny türkmen sahnasynda ýerine ýetirendigini sungat wekilleri gözidijilik bilen ýatlaýarlar. Şeýle-de, W.Menjelkiýew, I.Žafarow, L.Imamow ýaly opera sahnasynyň ussatlary onuň partnýorlary bolup çykyş edipdirler.

Ol Ýewropa stili bilen milli stiliň ikisini-de deň derejede, nusgawy derejede ýerine ýetirip, dünýä meşhurlygyny gazandy. Onuň adyny dünýäniň meşhur wokal mekdepleriniň ussatlary bilen deň hatarda goýýarlar. Ol häzirki zamanyň nusgawy aýdymçysydyr”.

Medeniýet Şahberdiýewanyň milli kino sungatynda ýerine ýetiren aýdymlary hem ýatlanmaga mynasypdyr. Olardan “Aşyr aganyň hötjetligi” filminde A.Babaýewiň sazyna döredilen Oguljanyň aýdymy, “Japbaklarda” Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen “Arzuwlar” aýdym, “Şasenem we Garyp” filminde A.Haçaturýanyň sazyna döredilen aýdym, “Meniň dostum Meleguş” filminde Çary Nurymowyň sazyna döredilen aýdymy ýatlap geçmek ýakymlydyr.

Medeniýet Şahberdiýewa türkmen sahnasynyň hem ussadydyr. Ol “Leýli-Mejnunda” Leýliniň, “Şasenem-Garypda” Şasenemiň,  “Kemine we kazyda” Ogulbegiň, “Aýna” operasynda Aýnanyň we ýene-de dürli operalarda ençeme keşpleri janlandyrmagy başaran ussatdyr. Soraýaryn:

– Halypa, ýtişdiren şägirtleriňizden kimleriň adyny tutup bilersiňiz?

Medeniýet daýza sowalyma höwes bilen jogap berdi:

– Gözel Öwezowa, Gözel Berdiýewa, Sumbar Kalendarowa, Bilbil Annaorazowa, Aýna Seýitgulyýewa, Atajan Berdiýew, Amanmyrat Aýdogdyýew, Žanna Saýýan. Bularyň hemmesi-de häzir uly at-abraýa eýe bolan aýdymçylar, medeniýet we sungat ussatlary bolup ýetişdiler.

Sada göwün, mylaýymdan mähirli ussat halypa bilen gürleşdigiň saýy kalbyňda ýakymly duýgular döräp, göwnüň telwaslanmalara eýe bolýar.

… 2010-njy ýylda paýtagtymyzyň “Türkmenistan” kino-konsert merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň III derejeli “Altyn asyr” ordeniniň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň 80 ýaş ýubileýi bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen geçirilen bu medeni çäre bilbil owazly aýdymçynyň muşdaklaryny bir ýere jemledi. Şonda ussat halypanyň repertuaryny dost-doganlyk, parahatlyk, Bitaraplyk hakynda döredilen aýdymlar bezedi. “Türkmen sährasy”, “Aşgabat”, “Durnalar”, “Arzuwlar”,“Bagt guşy” ýaly aýdymlar diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyza ornady:

Asmanda ak kepderi,

Perwaz edip oýnaýar.

Parahatlyk mukamy,

Bütin dünýä ýaýraýar…

Şol günki dabarada ussat halypa bagyşlap döreden “Saýrak bilbil” atly goşgymy okamaga döredilen mümkinçiligi men ömrümiň iň bir ajap wakasy hökmünde ýatlap ýörün:

SAÝRAK BILBIL

 Şirin heňli, belent sesli aýdymlaň,

Owazlaryň dünýäsinde saýlanýar.

Göýä olar parahatlyk ilçisi,

Bolup, dünýäň çar künjine aýlanýar.

 

“Türkmen sährasynda” uçýar “Durnalar”,

 Parahat ilimiň aýdymyn aýdyp,

“Arzuwlara” besläp “Bagt guşuny”,

Asuda asmana ganatyň ýaýdyň.

 

Ulus iliň saýrak bilbili bolup,

Owaza besleýäň mährem mekany.

Taňry beren belent sungatyň bilen,

Aýlanyp ýör parahatlyk mukamy.

 

Siz bilen türkmeniň medeniýetiniň,

Gözýetimi giňäp, asmana galdy.

Dünýäň her künjünde çykyş edeňde,

Dolanýardyň mydam gujagyň gülli.

 

Aýdym aýdanyňda belent ses bilen,

Tapýa janköýerleň kalbyna sapa.

Halka miras goýan aýdymlaryňda,

Ömrüň dowam edýär, ussat halypa!

                                                    Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,

                        Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

TMÝG-nyň işjeň agzasy.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri