ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Medeniýet Şahberdiýewa: meniňki ýaly güýçli ses ýokdur

–  Ejem pahyr: «Medeniýet Şahberdiýewa diňe türkmeniň bilbili däldir, dünýäniň bilbilidir» diýerdi. Ýakynda Medeniýet Şahberdiýewanyň guburyna zyýarata gidip geldim. Baş ujunda aýat-töwir okadym. Meşhur halypalar hakynda ýatlama ýazyp ýöreňizsoň, şol ýerde siz ýadyma düşdüňiz, käbäm! Näme üçin Medeniýet halypa hakynda ýazaňyzok? Ol hakynda siziň ýatlamaňyzy okasym gelýär. Pahyryň yzynda ogly ýok, gyzy ýok. Gaýrat edip ýazaýyň-da!» diýip okyjylarymyň biri jaň etdi.

Öňdenem ol hakda ýazmak pikirimde bardy. Onsoň onuň bilen bagly ýatlamalar hakynda oýlandym.

Bilbil aýdymçy bilen 2012-nji ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli iş ýerinde söhbetdeş bolupdym. Şo mahal ol 82 ýaşyndady. Şeýle bir sada, ýöne örän mylaýym, mähriban zenan eken. Häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň zalynda otyrys welin: «Bir zatjyklar iýip içjekmi?»  diýip soraýar. Ýok, hiç zat azara galmaň. Çagalyk ýatlamalaryňyzy gürrüň berseňiz diňläp gitjek. Işe howlugýan — diýip ýagdaýymy aýtdym. Ol şonda özi hakynda kän zatlary pursatlar bilen gürrüň berdi, ýöne hemme aýdanlaryny şo gezekki  makalamda berip bilmedim. «Halypalar çagalygyny ýatlaýar» atly sözbaşy bilen ýene iki halypanyň ýatlamasyny goşup ýazdym. Üçüsiniňem çagalyk suraty hemem uly ýaşdaky suraty bilen ýatlamalary «Nesil» gazetinde çap boldy.

— Bagtyýar döwrüň çagalaryna gözüm gidýär! Çagalygym uruş döwrüne gabat geldi. Aç-hor, aýagyma geýmäge zat tapman, garda aýakýalaňaç gezen wagtlarymam kändi. Çagalygymdan aýdym-saz, şygyr diňlemegi örän gowy görerdim. Özüm ýetim ösdüm. Çagalyk döwrümde sazçylyk mekdep-internatynda terbiýelendim. Umumy ýaşaýyş jaýymyzda 200-den gowrak çaga bolup ýaşaýardyk. Bir-birimize dogan ýaly mähribandyk. Gijelerine açlygymyzdan ukymyz tutmazdy. «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?!» diýleni. Mekdep internatymyzyň direktory şahyr, ýazyjy Ýakup Nasyrly köplenç ogrynça Magtymgulynyň şygyrlaryny okap bererdi. Terbiýeçimiz Aidiýa Iwanowna bolsa nemes şahyry Genri Geýnäniň şygyrlaryny öwrederdi. Ýogsam ol wagtlar günbatar edebiýatyny, hatda öz Magtymgulymyzy öwrenmäge hem rugsat berlenokdy. Häzir bolsa nähili?! Magtymguly, Azady ýaly şahsyýetleriň paýhasly setirleri bilen bütin dünýä halklary gyzyklanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtly ösýän çagalary synlap, öz çagalygymyza dolanyp baran ýaly bolýaryn…

Biziň çagalygymyzda häzirki ýaly elpe-şelpelik, hezillik, bol-telkilik ýokdy. Ýöne şonda-da ol ýyllar ýüregimiň bir künjünde iň ýakymly täsirleri bilen ýaşaýar. Sebäbi, her niçigem bolsa, ol biziň çagalygymyzdy…» diýip gürrüň beripdi. Şonda ol özüniň Moskwa okuwa gidişi hakynda-da aýdypdy.

«Moskwa okuwa gidemde diňe şol ýere ýeter ýaly harjym bilen ýola düşdüm. Emma saglyk ýagdaýym zerarly giriş synaglary tabşyrmaga ýetişmedim. Gaýra üzülip Moskwa keselhanasyna düşdüm. Soň saglygym gowulaşansoň, keselhanadan çykyp, konserwatoriýa bardym. Meniň girjek bölümime 19 adam kabul edilmeli bolsa, girmäge gelenler 300-denem geçýärdi. Şonuň üçin bir bada arzymy diňlemegem islemediler. Bir agyz «Gijä galdyň» diýdiler. Emma men maksadyma ýetmek üçin yhlas etdim. Meniňki ýaly güýçli ses ýokdur. Men hökman aýdymçy bolaýmaly — diýip, bir gapydan gaýtarsalar ikinji bir gapa bardym. Konserwatoriýanyň direktorynyň ýanyna goýberilmegimi talap etdim. Şeýdibem ahyry direktoryň iş otagyna bardym. Syrkawlap keselhana düşemde saçymy syrypdylar. Kellesini toňkardyp duran oglanjyga meňzeýärdim. Direktor öňki SSSR-iň halk artisti Aleksandr Wasilýewiç Sweşnikow meniň çepiksije keşbimi boýdan başa synlap durşuna arzymy diňläp: — Bolmaz, eýýäm ekzamenleriň üç tapgyry gutardy — diýdi. Azaryma-da däl. — Meniň sesim ýaly güýçli ses ýokdur, men hökman aýdymçy bolaýmaly! — diýip, şol bir sözümi gaýtaladym. Direktor bu sözlerime gözüni ýaşardyp güldi. Ynanaňyzokmy? Aýtdyryp göräýiň! — diýip ýüzüne seretdim. Baş atyp diňlemäge razy boldy. Aýdym aýtdym. Direktor: «Gör, nähili, täsin ses! Ine, biziň sowet sahnamyzyň geljekki Rozinasy» diýip, guwanç bilen dillenenini özem duýmady» diýip ýatlady. Onuň tebigy berlen joşgunly, dury hem güýçli sesi ýaly dogumlylygam güýli eken. Pahyr:

— Meni aýdyma höweslendirenleri hem öwredenleri hemişe minnetdarlyk bilen ýatlaýan. Opera sungaty bilen ymykly ykbalymy baglamagymda Kiýewiň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň professory, Ukrainanyň halk artisti, ussat mugallym Maria Eduardownanyň uly hyzmaty bar. Men Werdiniň operalaryndaky ýerine ýetiren gahrymanlarymy gaty gowy görýän. «Trawiatada» Wiolettanyň, «Rigolettoda» Jildanyň rollaryny höwes bilen ýerine ýetirýärdim.  Rossininiň «Sewil dellegi» operasyndaky Rozinanyň roluna aýratyn sarpa goýýan. Bu rol bilen men ilkinji gezek  diplom işim üçin oýnan spektaklymda tanşypdym. Şondan soň ol keşp aýrylmaz hemram boldy. Rimsko-Korsakowyň «Altyn horaz» operasynda şemahanly şa aýalynyň partiýasyny ýerine ýetirdim. Bu hem arzuwlap ýören rolumdy. Mosartyň, Bethoweniň, Çaýkowskiniň, Rimsko-Korsakowyň eserleri döredijiligimiň bezegi — diýip gürrüň beripdi.

Jaýy jennet bolsun, pahyryň. Şonda hoşlaşyp gaýtjak bolanymda ol kärdeşim Parahat Çerkezowanyň 2009-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap bolan «Medeniýet Şahberdiýewa» atly kitabyna «Gadyrly Akgül Saparowa! Size jan saglyk, işde üstünlik, maşgalaňyza bagt arzuw edýärin! Medeniýet Şahberdiýewa. 30.05. 2012.ý.» diýen ýazgy ýazyp sowgat berdi. Ilki bilen onuň maşgala durmuşy gyzyklandyrdy. Pahyr özi ýaly sungat wekili bilen durmuş gurupdyr, ýöne hersiniň öz ýurdunda ýaşamak islegi bilen nikasy bozulypdyr. Onuň Amandurdy atly jigisi hem Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň dirižýorluk bölümini gutarýar. Soňra Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda hem-de Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesinde işleýär. «Ýatkeşligi ýiti bolansoň, notasyz dirižýorluk edýärdi» diýip, Medeniýet Şahberdiýewanyň jigisi hakyndaky aýdan ýatlamasyny okadym. Onuň kitapdaky ýaşlyk suratlaryny synlap, ýaşlygyma dolanan ýaly boldum. Teleýaýlymda onuň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna, kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyna aýdan «Aşgabat» aýdymy ýaňlansa şeýle bir Aşgabady göresim gelýärdi. Suw çüwdürimiň gapdalynda, gülleň arasynda «Soloweý» aýdymy aýdanda dagy hakykatdanam bilbil saýraýan ýaly täsir edýärdi. Onuň «Aşyr aganyň hötjetligi» filminde Andreý Babaýewiň sazyna döredilen Oguljanyň aýdymyny aýdyşy nähili gowy?! Mundan başga-da «Japbaklar» filminde Nury Halmämmedowyň sazyna, «Şasenem-Garyp» filminde Aram Haçaturýanyň sazyna, «Meniň dostum Meleguş» filminde Çary Nurymowyň sazyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirendigini tomaşaçylaryň köpüsi bilýändir. — Onda-da ol Nury Halmämmedow «Aýgytly ädim» filmindäki hüwdini aýtmagy ynananda: «Men joşgunly aýdymlary aýtmaga ökde, gamgyn aýdymlary Güljan Hümmedowa gowy aýdýa. Gowusy, Güljandan haýyş edip gör!» diýipdir. Medeniýet Şahberdiýewa diýseň ýüregi päk zenan. Hüwdi juda şowly çykypdyr. Eger şol sapar ol başga bir aýdymçyny salgy beren bolsa, hüwdi nähili çykardyka? — diýip, halypa ýazyjy Çary Geldimyradow gürrüň berdi.

Bir mahal «Keç pelek» filmi bilen meşhur bolan kino režissýor Öwülýaguly Kulyýewiň 1965-nji ýylda surata düşüren «Saýra bilbil» atly telefilmini görüpdim. Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligine bagyşlanan bu filmdenem onuň operalarda aýdan ariýalaryny diňläpdim. Umuman, onuň döredijiligi hakynda azda-kände bilýärdim. Özüni welin, içgin tanamokdym. Onuň meşhur bagşy Sahy Jepbarow bilen bile düşen suratyny görüp geň galdym. Erbet pikir bilen aýdamok. Sahy aga dutar bagşysy. Medeniýet Şahberdiýewa opera aýdymçysy. Iki ussadyň sungatynyň bir-birine ýakynlygy barmyka? — diýip, men oňa millilikden uzakdadyr öýdüp ýördüm.

Ine, bir gün alym zenan Zylyha Muhammedowa hakynda makala ýazmakçy bolanymda halypa ýazyjy Hudaýberdi Bäşimow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:

— Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparowyň «Garagum» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 3-nji sanynda çap bolan «Sahy bagşy» atly makalasyny okadyňmy?» diýip sorady. Şol makalada Zylyha Muhammedowa hakynda-da ýazylandygy bada-bat   ýadyma düşdi. Amanöwez aga makalasynda: «Bir gezek Sahy aga, kompozitor Kakabaý Annanepesow üçimiz otyrkak söhbetdeşligimiz meşhur adamlara, meşhurlyk gazanan eserlere syrykdy. Şonda Sahy bagşy: «Siz, Mihael Oginskiniň — polýaklaryň belli kompozitorynyň «Polonezini-hä» diňlänsiňiz?! Ol eseriň hakyky adyna «Watan aýralygy» diýilýän eken. Ol sazyň heňi Polşanyň döwlet senasyna öwrülipdir. Şol ajaýyp eseri bilenem kompozitor Oginskiý meşhurlyk gazanypdyr. Ýogsam onuň döreden her hili sazlary başga-da, köp eken. Ine, biziň Medeniýetimiziň (Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň — A.S.) aýdýan «Bilbil» diýen romansy hem, onuň sazyny ýazan kompozitory beýleki eserlerinden has saýlanyp meşhurlyga çykardy. Rus nusgawy kompozitorlary P. Çaýkowskiniň «Guw köli» baletindäki «Kiçijik guwlaryň tansydyr». D. Şostakowiçiň «5-nji simfoniýasy» hem bu awtorlary dünýä derejesinde tanadan eserler bolupdyr. Men bulary juda köptaraply sowatly zenan Zylyha Muhammedowadan eşidipdim. Indi sizem öz «goşhaltaňyza» atyberiň! «Bu zatlar durmuşyň, sungatyň ýazylmadyk kanunlary ahbetin» diýip sözüne dyngy berdi» diýip gürrüň berýär. Şonda men Medeniýet Şahberdiýewanyň ýöne-möne aýdymçy däldigine göz ýetirdim. Onsoň onuň döredijiligi hakynda çynlakaý gyzyklanyp başladym. Ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde işlänsoň, ilki bilen ýazyjy Hudaýberdi Bäşimow halypa jaň etdim. Ol:

— Medeniýet Şahberdiýewany kän ýyl bäri tanaýan. Bir gezek şeýle waka boldy. Öňki Krasnowodsk oblastynda medeniýetimiziň sungatymyzyň günleri geçýärdi. Delegasiýamyzyň başlygy ýazyjy Rahym Esenowdy. Şol ýerde harby gullukdaky esgerler bilen duşuşyk geçirildi. Şonda Rahym aga: «Ýigitler  biz size diňe bir gürrüň däl-de, aýdym-sazam edip bererdik welin, arman sizde çalar ýaly pianino ýok eken» diýdi. Oturanlaň biri:

— Medeniýet Şahberdiýewa ýörite gelensoňam indi bize aýdym aýdyp bermän gidermikä? Bu nähili beýle bolýa? — diýip gygyrdy. Ol sözüni soňlan dessinede: «Maýa, Maýa, Maýa» diýip, aldygyna çapak çalnyp başlady. Bizem belli bir netijä gelip bilmän Medeniýete tarap seretdik. Görsek ol eýýäm ýerinde ýok. Hol, beýlede sahnaň bir çetinde aýdym aýtmaga hyýallanyp dur. Zal dymdy. Şol dymyşlykda ýekeje sözem artykmaçdy. Sebäbi ol ýerde diňe şirin owazly bilbil saýrap biljekdi. Şonda ol hakykatdanam bilbil bolup saýrady. Bilbil joşanda başga zat hökmanam däl eken. Sazandasyz bolsa-da onuň owazy janyňa şypa berip biljek ekeni. Şol pursat ýene bir ýigit ýerinden turup oňa: «Eger bilýän bolsaňyz, bir ermeni aýdymam aýdyp berseňizläň!» diýdi. Ermeni aýdymam, gürji, latyş, azerbaýjan… aýdymam ýaňlandy. «Bilbil hemme dilde deň saýraýan ekeni» diýip,  öz-özüm pyşyrdanymam duýmadym. Aýdymyň dünýäsine girip oturyşyma türkmen edebiýatynyň Özbegistanda geçen Günleri döwründe özbek dostlarymyň biriniň: «Garagumuň bilbili saýrasa beýlekiler ýalam däl ekeni!» diýip aýdan sözi ýadyma düşdi. Hawa, Garagum bilbiliniň şirin owazy Ýeniseýiňem, Wolganyňam, Dnepriňem tolkunlaryna garylyp gitdi. Garagum bilbiliniň owazy Kanadada, Hindistanda, Fransiýada, Germaniýada, Polşada… ýaňlandy. Onuň öňki soýuzyň çäginde barmadyk, çykyş etmedik ülkesi ýok. Özem ol diýseň işjanlydy. Haýsy iş tabşyrylsa hemişe «gaýrat etjek bolarys» diýerdi. Kanalyň gurluşykçylarynyň, nebitçileriň, balykçylaryň, çopanlaryň, pagtaçy daýhanlaryň arasynda-da çykyş ederdi. Sada, kiçigöwün, pähimli, onda ulumsylykdan, tekepbirlikden nam-nyşan ýok. Bir gezek Halaç etrabynyň daýhan birleşikleriniň birinde meýdan düşelgesinde çykyş edipdir. «Sürlen ýerden aýagyň çepekli ýöremek aňsat däl. Köwşümi elime alyp aýak ýalaňaç ýelk ýasaýdym» diýip gülüşdirerdi. Özem isle nusgawy operalardan, isle-de halk aýdymlaryndan aýtsyn tapawudy ýok, ähli ukybyny gaýgyrman jany-teni bilen aýdardy. Bütinsoýuz radio-teleýaýlymlarda yzygider çykyş ederdi. Ol ençeme bäsleşiklere gatnaşdy. Eminler toparyna ýolbaşçylyk etdi. Öz döwründe Mihail Iwanowiç Glinka adyndaky aýdymçylaryň Bütinsoýuz bäsleşiginiň eminler toparynyň agzasydy. Bir gezek duşuşyklaryň birinde: «On sekiz ýaşynda Aşgabat şäherindäki Sazçylyk mekdep-internatynda gözegçi-nobatçy bolup işleýärkä 1948-nji ýylyň tebigy belasyndan öz terbiýeleýän üç ýüzden gowrak çagalaryny halas edipdir. Näme üçin Medeniýet Şahberdiýewa hakynda film surata düşürilenok» diýdiler. Halkymyzyň arasynda Medeniýet Şahberdiýewanyň hormat sylagy gaty uludy. Şol sylagy ol irginsiz zähmeti bilen gazandy.Ýene bir pursat ýadymda. Ministrlikde işleýän döwrümde öňki Garrygalanyň serhetçileri onuň bilen duşuşmak üçin ýüz tutdular. Şonda onuň ýolbaşçylygynda topar düzüp, ertirki otluda ugratmakçy bolduk. Ol şonda: «Serhetçilerimizi garaşdyryp goýman, şu gün ulag bilen gidäýeliň» diýdi. «Wah, edil häzir ulag ýagdaýymyz ýok ahyry» diýen manyda ýüzüne seretdik. Bada-bat ýagdaýa düşündi. «Ulagy alada etmäň, biz özümiz taksi bilen gideris» diýdi. Şeýlelik bilen olar taksili gidip, geçirilmeli duşuşygy talabalaýyk berjaý edip geldiler. Medeniýet soň-soňlaram: «Men Magtymgulynyň ýörän ýollary bilen ýöredim» diýerdi — diýip ýatlady.

Soňra arhiw maglumatlardan düýpli öwrenmek üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň halypa kitaphanaçysy Oguljemal gelnejä jaň etdim. Habarlaşdyk. Ol derrew dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallardan Medeniýet Şahberdiýewa hakynda ýazylan makalalaryň bir toparyny tapyp berdi. «Kultura žizn» žurnalynyň 1968-nji ýylyň 2-nji sanynda, «Muzykalnaýa ensiklopediýa»-nyň 6-njy tomunda, «Sowetskaýa kultura» gazetiniň 1983-nji ýylyň 1-nji sentýabr hem 1984-nji ýylyň 20-nji sentýabr sanlarynda, «Muzykalnyý žizn» žurnalynyň 1977-nji ýylyň 12-nji sanynda, «Komsomoles Turkmenistana» gazetiniň 1955-nji ýylyň  7-nji noýabr sanynda, Türkmen sungatynyň ussatlary hakynda 1989-njy ýylda Aşgabatda çap edilen ýygyndynyň 175-193-nji sahypalarynda, «Aşgabat» žurnalynyň 1999-njy ýylyň 1-nji sanynda, 1978-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Uly Sowet ensiklopediýa»-synyň 29-njy tomunda, ýene-de 1990-njy ýylda Moskwada çap bolan «Muzykalnaýa ensiklopediskaýa slowar»-da,  şol ýylda, şol ýerde çap bolan «Sowetskiý ensiklopediskiý slowar»-da garaz, öz döwründe neşir edilen ensiklopediýalarda, gazet-žurnallarda ol barada sanardan kän makalalar ýazylypdyr. Türkmençe ýazylan makalalaram az däl, ýöne rusça ýazylanlar has kän eken.

«Medeniýet Şahberdiýewa owazy koloratura sesli aýdymçylygy üçin Orta Aziýada oňa taý geljek ýokdur. Ol bokurdagynda islendik owazy gaýnadyp bilýär. Şol aýratynlygy üçinem islendik bäsleşikden ýeňiş gazanyp gelýär. Ol dünýä belli Günbatar klassyklarynyň operalaryny türkmen sahnasyna çykarmakda ýeke-täk aýdymçydyr. Sebäbi ol operalar aýdymçydan koloratura sesi talap edýär. Özem olar howlukmaç myhman ýaly bir pursatlyk däldi, hemişelikdi. Onuň aýdymlary diňleýjileriň ýürek töründen orun aldy» diýip sungat synçysy Allaberdi Durdyýew «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1990-njy ýylyň 2-nji mart sanynda «Aýdym onuň ykbaly» atly makalasynda ýazypdyr.

«Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynyň 1975-nji ýylyň 12-nji sanynda ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiň «Medeniýet aýdym aýdanda» atly makalasy maňa has-da täsir etdi. Awtor makalasynda Moskwada şaýat bolan bir pursadyny ýatlapdyr. «Demir ýol menziliniň golaýyndan ýöräp barýardym. Eli hasaly bir gojanyň yzyndan ýetdim. Ýaşulynyň deňine ýetemde ol maňa ýol bermek üçin bir gyra süýşdi. Arkaýyn ýöräberiň, gyssanýan ýerim ýok — diýdim. Şonda ýaşuly başyny galdyryp sorag berdi:

— Nireden bolarsyňyz?

— Türkmenistandan.

Goja bu gezek aýak çekip, yzyna öwrüldi. Äýneginiň astyndan ýüzüme seredip:

— Medeniýet Şahberdiýewanyň ildeşimi? — diýip sorady. Jogabyma-da garaşman sözüni dowam etdi.

— Ajaýyp artistka. Gudrat! Hawa, gudrat! Onuňky ýaly labyzly, çeýe, professional owazy eşidemok. Beýle aýdym aýtmak üçin nähili joşgunly, hyjuwyň gerekdigini göz öňüne getirip bilemok. Ol  aýdym aýdanda bütin durky bilen uçgun bolup syçrap dur. Nähili mylaýym, ýakymly soprano! Koloratura onuň sopranosynyň zannyna guýlan zat. Tebigy berlen zat. Koloratura onuň owazynyň ýönekeý bezegi däl, ol owazyň tebigatyndan dömüp çykýar. Şonuň üçinem Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda onuň sesi mukamyň ähli gözelligini bütin dolulygy bilen diňleýjä ýetirýär. Kirişli saz gurallaryny alyp görüň. Mysal üçin öz dutaryňyzy. Owazyň çeşmesi kirişdir, owaz kirişden çykýandyr. Emma dutaryň kädisinde  sähel ýetmezi, gapagynda sähel ýel berýän ýeri bolsa, bary biderekdir. Dutaryň tutuş süňňüniň sagat bolmagy gerekdir. Aýdymçynyň sesi hem edil şol kiriş ýaly bir zatdyr. Ol gury owazdyr. Ol owaz aýdymçynyň kalbynda, ýüreginde, asyl tutuş ganynda täzeden eýlenmelidir. Aýdymçy ol owaza ýürek joşgunyny, näzik duýgularyny siňdirmelidir. Eger şeýle bolmasa, aýdym aýdym bolman, gury ses bolar. Medeniýet Şahberdiýewa bolsa, ýürek joşguny bilen, inçe duýgulary arkaly sazyň düýp manysyny ýüze çykarmagy başarýar. Bilýänsiňiz sazyň düýp manysyny! Munuň üçin tutuş kalbyň owaz bilen dolup, zarňyldap durmagy gerekdir. Mukamyň aýdymçynyň gan-damarlaryndan syzyp çykmagy gerekdir. Siziň Şahberdiýewaňyz muny oňarýar. Gudrat! Aýdýan-a gudrat diýip! Alýabýewiň  «Bilbilini» onuň aýdyşyndan gowy nähili aýdyp boljakdygyny göz öňüne getirip bilemok. Rahmaninowyň romanslaryny aýdyşyny diýsene!

Men ol gojanyň kimdigini soramagy gelşiksiz gördüm. Belki kompozitordyr, belki saz öwrenijidir ýa-da aýdymçydyr? Ýöne ülkämiziň, halkymyzyň, sungatymyzyň abraýyny, şöhratyny bir gez ýokary galdyran ajaýyp aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewa bolan buýsanç welin, şonda meniň depämi asmana direg bolup duran syrdam sosnalardanam belende ýetirdi.

Soň onuň bilen ilkinji gezek duşuşyp gürrüňdeş bolanymda şol gojanyň duýgurlygyna haýran galdym. Onuň sözleriniň düýp manysyna diňe şundan soňra doly göz ýetirdim» diýip ýazypdyr.

Ynha, uly halypalaryň şunuň ýaly ýatlamalaryndan onuň nähili beýik aýdymçydygyna göz ýetirip bolýar, emma bir ýazgyda onuň özi hakynda: «Dogry,  menden Sofýa Kowalewskaýa çykmasa-da çykmazdy öz pikirimçe aýdymçy-ha bolup ýetişdim öýdýän» diýen jümlesine gabat geldim. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň: «Men Puşkinem däl, Lermontowam däl. Pyragy bolarman öýdemok heniz. Men — ýöne G. Eziz» diýen sözlerini ýadyma saldy. Ol opera sahnasynda keşpleri özüçe janlandyrdy. Aýdymlary özi bolup aýtdy. Şeýdibem Medeniýet Şahberdiýewa bolup milli sungatymyzyň taryhyna adyny ýazdy. Onuň sungat ýolunda geçen menzilleri düýpli pikirlendirýär.

Dudkowskiý «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynyň 1963-nji ýylyň 12-nji sanynda «Medeniýet Şahberdiýewa» atly makalasynda onuň talyp döwründäki bir pursady ýatlaýar. «Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýanyň talyby Medeniýet Şahberdiýewa çykyş edýär» diýlende, inçemik garaýagyz gyz sahna çykdy. «Hany, bujagazyňam sesini diňläp göreliň» diýip, gapdalymdaky ýoldaşymyň oturan ýerinden gep atany häzirem ýadymda. Birdenem ýoldaşymyň ýüzi ýaňsa alyp ýylgyrşy ýaly esli wagtlap doňup galdy.Ýene bir minutdan, jadylaýjy aýdym sesi zaly gaplap alanda-da onuň ýüzüni bir görsediňiz. Ýüzi büs-bütinleý üýtgedi» diýip, şonda Medeniýet Şahberdiýewany elleri gülli otuz adam dagy bolup gutlandyklaryny ýatlapdyr. Bu ýazgylaryyň her birini okap, başymy ýaýkap oturdym. 1963-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1967-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti, 1975-nji ýylda öňki SSSR-iň halk artisti bolupdyr. 1980-nji ýylda Halklaryň dostlugy ordeni bilen sylaglanýar. TSSR Ýokary sowetiniň altynjy ýedinji çagyryşlarynyň deputaty bolýar. Onuň şeýle uly-uly döwlet sylaglarynyň eýesidiginden habarym bardy, ýöne şonda-da men onuň bilen segsen ýaşdan geçen mahaly ýüzbe-ýüz göremsoň, gojalyp egbarlanja keşbi göz öňümde dur. Şonuň üçin onuň beýik şahsyýetdigine haýran galyp buýsandym.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Käbe Borjakowa: halallygy baýdak edinen alym mugallym

Hajy Kakalyýew: «On ýedimiň bahary»-ny gözleýän

Röwşen Hallyýew: ýüreklerde aýdym-sazlaryň galdy

Ata Watan Eserleri

Rejepguly Kerimow: sungatyň hakyky eýesi

Nurmuhammet Meredow :«Aýdymlarym bilen ýaşaryn»

Oguldurdy Mämmetgulyýewa :aýdyma meňzeş ýatlamalar