ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

XX asyr türkmen milli we dünýä aýdym-saz sungatynyň göwher gaşy, baky parlak ýyldyzy, kerwenbaşysy hasaplanylýan Medeniýet Şahberdiýewa däli derýany joşdurup 1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda bahar buşlukçysy bolup bilbil owazy bilen keramat bolup dunýä inýär. Ýagny, türkmen senenamasynda 22-nji fewral 90 dolup ýere ýyly ýöreýär. Aý-gün hasaby boýunça garagyşdan çykyp, ajaýyp bahar paslyna orun berýär. Gözel tebigatymyz heýjana gelip, gök gümmürdäp, ýyldyrym çakyp dürli reňkli älemgoşar öz gözelligi bilen Medeniýet Şahberdiýewanyň ajaýyp owazy bilen utgaşyp dünýä halklaryny haýrana goýup, çeşmedir çaýlary joşdurjak türkmen milli medeniýetini sungatyny dünýä ýaýjak hakyky türkmen bilbiliniň dünýä inendigini tebigat hem äleme jar etdi. Körpeje Medeniýet dünýä inende-de gaty täsin bolup doguldy diyip ýaşy bir çene baran garry lukmanlar özleriniň makalalarynda belleýärler.

Haçanda Maýa doglanda iňňä-iňňä edip aglama sesi göýä agy dälde bagda saýraşýan guşlar mysaly jürküldap bäbekhanadaky ähli lukmanlary, mähriban eneleri öz ajaýyp owazyna imrindirýär.

Şonda lukmanlar: “Biz şu ýaşymyza çenli bäbekhanada näçe çagany dünýä getirdik, göbek enesi bolduk, ýöne bu gyzjagaz gyz dälde bir hakdan berlen perişde mysaly dünýä indi” – diýip buýsanç bilen belleýärler.

Körpeje Maýajygyň sesi misli bilbil owazy bolup dünýäni doldurýar. Çagalygyndan ata-enesiniň mährini görmedik Maýa ähli kişini öz ene atasy ýaly kabul edip, olara öz mähri bilen, bilbil owazy bilen ähli halklary özüne bendi edipdir. Gojaman Amyderýa joşanda möwjüli tolkunlarynyň güwwüldi sesi öz sesini Medeniýetiň owazyna goşup batly mukam bolup akýardy. Körpeje Medeniýetiň hoş owazyna diňe bir ynsanlar däl eýsem tebigatyň ähli jandarlary bir gulaga öwrulip Medeniýetiň jadylaýjy sesini diňleýärdiler. Bagdaky saýraşýan guşlar oz jürküldi seslerini Medeniýetiň bilbil owazyna goşup bilelikde parahatlyk aýdymyny aýdýan mysaly dünýäni lerzana salýardy. Hakdan berlen, guýma gursak weli gyzjagazyň ykbaly nahli çarkandakly bolsada ykbal ony türkmen medeniýetiň-sungatyň çür depesine çykarýar.

Dürli hünärlerden baş çykarýan, dünýä taryhyna ady giren bilesigelji gyzjagazyň durmuş ýoly hiç kimiňkä meňzemeýän ajaýyp jadylaýjy täsin bir aýdym-saz hakyndaky dessana çalym edýär. Aýdym-saz dessanyň gatlaryny açyp okadygyňça dünýäniň düýbüne göz ýetirýärsiň. Giň dünýä, üç-gyraksyz umman, mawy asman, türkmen sährasy, erem bagy, bilbiller gysga soz bilen aýdylanda ähli barlyklar Medeniýet Şahberdiýewanyň sesinde jemlenýär.

Halypa hakynda dürli kärdaki raýatlaryň ýakymly ýatlamalaryndan:

Bütin ömrüni daýhançylyga baglan Meret aga Medeniýet hakynda şeýle ýatlaýar: “Medeniýet diňe bir ynsan dilinde däl eýsem tebigatyň janly jandarlarynyň hem diline düşünen ýeke-täk ussat aýdymçydyr. Moskwada gözden geçirilişikde emin agzalaryň öňündäki stoluň üstunde duran suwly bulgurlary mikrafonsyz aýdym aýdanda sesi bilen şakyrdadyp bilen, ýagny ehonyň tolkuny ýaly jadylaýjy sesi bilen  SSSR-iň halk artistlerini, dünýäniň professorlaryny haýrana galdyrýar. Türkmen žurnalistikasynyň ussady Parahat Çerkezowanyň Medeniýet Şahberdiýewa hakyndaky kitabyny okanymda 16 ýaşly gyzyň 1948-nji ýylda ýer titremesinden öň obsolýut sluhy bilen 300-den gowrak çagany tebigy betbagtçylykdan halas edip, dost-doganlyk halklarynyň arasynda halk gahrymany diýip ykrar edilmegi hakynda birnäçe maglumatlar berilýär. Ussat  žurnalist Parahat Çerkezowa saz äleminiň Magtymgulysy ussat kompozitor Nury Halmämedow diýip bellemegi çyn zehinlere goýýan beýik hormaty bolup durýar.

Bir gezek haýdap işden çykyp çärä barýarkam ýoldan bir geýnüwli ýaşuly adamynyň ýoldan geçjek bolup duranyna gözüm düşdi. Ylgap ýanyna baryp, salam berip goşuna kömekleşip ýoluň aňry ýüzüne geçirişdim. Ýaşuly hoşal bolup köp sagbolsun aýtdy. Men ýaşulydan adyny sorap Medeniýet halypa hakynda sorag berdim. Şonda Serdar aga: “Medeniýet diýmek çyrpynyp ýatan deňiz diýmekdir, dagdan akýan sil diýmekdir”-diýip Medeniýet hakyndaky ýatlamalaryna berildi:

– Ýigit wagtymyz Moskwada okaýarkak radioda Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda biz aňzakly sowugy duýmaýardyk, çünki aňzakly gyş pasyllaryň soltany ýaza dönüp göýä özümizi güneşli Türkmenistanda öz ene-atamyzyň ýanynda ýaly hasaplaýardyk.

Medeniýet Şahberdiýewa ýer ýüzüne aýlanyp dünýä halklarynyň kyn aýdymlaryny örän ussatlyk bilen ýerine ýetirip dürli dillerde türkmen adyny dünýä ýaýan ussatdyr. Söz ussady Magtymguly Pyragymyzyň dünýä nusgalyk goşgularyny aýdym edip kalbynyň töründen gaýdýan ajaýyp bilbil owazy bilen Pyragymyzy dünýä ýaýdy. Çünki Medeniýet Şahberdiýewa aý dym-saz äleminde öz sesi bilen köşk gurup halklaryň ebedilik dost-doganlyk köprüsine öwrüldi. Dünýäniň ençeme kompozitorlary, türkmen nusgawy kompozitorlary Medeniýet Şahberdiýewany dünýäde seýrek duşýan liriki kolaraturaly soprano sesine 100-den gowrak saz döretdiler. Türkmeniň milliligini, edim-gylymyny, at-abraýyny dünýä ýaýan ussat halypa kalplarda müdimi owaz bolup ýaşaýar. Munuň şeýledigini dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow Merkezi Aziýa ýurtlarynda Magtymguly Praga, Nury Halmämmedowa, Medeniýet Şahberdiýewa, Yzzat Gylyjowa… gözüm düşdi diýmegi türkmen milli medeniýetine-sungatyna berlen ýokary baha diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.

Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň uly mugallymy halypa aýdymçymyz Akgül Togtamyradowa bilen söhbetdeş bolamnymyzda türkmeniň saýrak bilbili Medeniýet Şahberdiýewa hakynda ajaýyp täsirli gürrüňler berdi. Medeniýet halypa diýlende onuň belent ynsanperwerlige ýugrulan belent adamkarçiligi göz-öňüňde janlanýar. Medeniýet halypa şirin owazy bilen aýdym aýdanda 3-nji oktawaň fa diýezine baryp ondan ýokarrakda hem bir demde notaň üstünde birnäçe minutlap durup, dürli owazlar bilen saýraýardy. Bu ahwalata ýer ýüzi haýran galyp Medeniýet Şahberdiýewany uly dünýäň bilbili diýip ykrar etdiler. Munuň özi türkmen medeniýetine-sungatyna berlen uly baha bolup durýar.

Mary welaýatynyň Medeniýet müdirliginde zähmet çekýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýusup Garýagdyýew Medeniýet halypa hakynda gyzykly gürrüňler berdi: “ Heniz oglankam mekdepde ýedinji synpda okaýardym. Öz agam Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Moskwada okaýan wagty dünýä ýurtlarynyň beýik kompozitorlaly hakynda kitap getirdi. Şol kitapda Medeniýet Şahberdiýewanyň adynyň suratynyň barlygy meni oglan kalbymda medeniýete sungata bolan söýgüni oýardy.

Çünki Medeniýet Şahberdiýewa türkmeniň mähriban käbesi hökmünde, bir söz bilen aýdylanda ýagşylyk üçin ýaradylandygyny, dünýä halklaryna nusgalyk mekdepdigini türkmen sungatyny dünýä ýaýandygyny dünýä halklary gözgidijilik bilen ýatlaýarlar. Medeniýet halypaň sungatda goýan ýoly ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde beýik sungat mekdebi bolup, dertlere em bolýan belent owazy ynsanperwerlige ýugrulan beýik adamkärçiligi asyrlar aşsa-da ýaşamagyny dowam eder.

  Seýitmuhammet  SEÝITMUHAMMEDOW,

Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň

II-nji derejeli  kihaphançysy, TMÝG-nyň işjeň agzasy

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri