Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Bu ugurda ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bilim ulgamyny maksatnamalaýyn ösdürmekde we döwrüň talabyndan ugur alyp kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ösüşleriň gözbaşy saýylýan ylym-bilimiň pajarlap ösmegi üçin döwletimiz tarapyndan ummasyz serişdeler goýberilýär. Ýaşlaryň okap bilim almaklary üçin zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, her ýylda häzirki zaman döwrebap bilim ojaklary açylyp ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzda berkarar Watanyň ertiri bolan ýaşlar hakyndaky aladadan aýdyň nyşandyr. Şonuň üçin hem bu günki gün bilim işgärleri ýaş nesliň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredijilikli zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksadynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär. Bu babatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, şöhratly geljegi eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli bolmagy, sagdyn ruhda terbiýelenmegi bilen baglydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi hem şonuň üçindir. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebinde ýaş türkmenistanlylara kämil bilim berjek ýaş hünärmenler taýýarlanýar. Taýýarlanýan ýaş hünärmenleriň ugurlarynyň arasynda matematika ugruna hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Matematika sapagy hem okuwçylaryň hasaplaýyş endiklerini kemala getirmekde aýratyn orna eýe bolup durýar. Ony okuwçylara okuw kitabynyň ýa-da multimedia tagtasynyň üsti bilen öwretmek bolsa has-da täsirli bolýar, okuwçylaryň sapagy çalt özleşdirmeklerine ýardam berýär. Matematika bilen gyzyklanýanlaryň özüne ynamy, söwda-senagat başarnygy, hat-da sportda hem ukyby kemala getirmäge uly ýardamy bar. Işleri tertibe salmak, guramaçylyk hereket etmek, hat-da jemgyýetçilik işlerinde adalatly bolmagy ýola goýmak ýaly ukyplary gazanýar. Kyn meseleleri çalasynlyk bilen alyp çykmagy hem başarýar.
Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.
Matematiki düşünjeleri kesgitlemekde, şol bölekleriň arasyndaky baglanyşyklardan peýdalanmaly. Matematikadaky, pedagogikadaky, psihologiýadaky, logikadaky gazanylan täzelikler matematikany okatmagyň usulyýeti dersinde hemişe öz ornuny tapmalydyr. Matematikany okatmagyň usulyýeti dersiniň bilim berijilik, terbiýeleýjilik meselelerini çözmekde beýleki dersleri okatmagyň usullary bilen köp umumylyklary bardyr. Umumylyk dersara baglanyşygyny dogry guramaga kömek edýär.
Ylmyň jemgyýetiň gös-göni öndüriji güýjüne öwrülýän häzirki zaman şertlerinde matematika tebigatda we jemgyýetde bolup geçýän hadysalary we prosesleri modelirlemegiň, öwrenmegiň we öňünden görmekligiň serişdesi, ýagny ylmyň we tehnikanyň dili bolup hyzmat edýär. Şu sebäpli orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň doly manydaky matematiki taýýarlygy ylmy-tehniki ösüşiň zerur şertidir; ýurduň ylmy-tehniki, önümçilik, ykdysady we goranmak mümkinçilikleri hut şu taýýarlygyň hiline baglydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler, döredilýän giň mümkinçilikler dürli ugurlar boýunça ýaş, tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda binýat bolup hyzmat edýär.
Döwlet Garaýew,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.