SIZDEN GELENLER

Matematika sapagynyň ähmiýeti

Bu gün Watanymyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri bütin dünýä üçin nusgalykdyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler ulgamyň mundan beýläk hem sazlaşykly ösdüriljekdigini aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belledi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy ähmiýet beriljek ugurlaryň, täze taryhy özgertmelere beslenjek ulgamlaryň biriniň hem ylym-bilim boljakdygyny äşgär edýär.

Ylym hem-de bilim ulgamlarynda döwür we dünýä bilen aýakdaş hereket etmek ösen döwletleriň alyp barýan syýasatynyň iň möhüm ugrudyr. Çünki ylmyň ähli ulgamlara ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ösüşi has berk binýada eýe bolýar. Ine, şol ugur ösüşli menzilleriň netijeli bolmagyna esas bolýar.

Mekdeplerde okuwçylara matematiki düşünjeleri öwretmegiň esasy ýoly sapakdyr. Okuwçylary akyl taýdan ösdürmekde, matematiki düşünjeleri öwretmek boýunça guralýan sapaklaryň ähmiýeti uludyr.

Matematika sapaklarynda, esasan, okatmagyň görkezme esbaply usulyny ulanmak işiň ilerlemegine ýardam edýär. Mugallym görkezme esbaply sapak geçmek bilen okuwçylara bilim bermegi, olaryň tabşyrylan ýumşy kanagatlanarly ýerine ýetirmeklerini gazanýar. Okatmakda görkezme esbaplaryň, dürli öwrediji serişdeleriň ulanylmagy çagalaryň öwrenilýän temalary çalt özleşdirmeklerine ýardam edýär. Täze zatlary birnäçe gezek görkezmek, ýumuşlaryň dürli-dürlüligi, usullaryň görnüşleriniň gezekleşdirilmegi okuwçylarda sapaga bolan höwesini ýokarlandyrýar.

Ýurdumyzyň ähli bilim edaralary bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim berlişi sanly tejribäniň esaslary bilen birlikde sazlaşykly alnyp barylýar.

Watanymyzda ylma hem-de bilime berilýän uly ünsüň, belent ähmiýetiň many-mazmuny her ýyl giňden bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň, şeýle hem Ylymlar gününiň özboluşly öwüşgininde öz beýanyny tapýar. Ylym ulgamyna berilýän ähmiýet, ýaşlaryň ylym dünýäsine içgin aralaşmaklaryny gazanmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşiklerde-de aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim almaga, okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge ähli mümkinçilikler bar. Döwletimiziň bilim kuwwatyny artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we olaryň kämil ýaşlar bolup ýetişmegi üçin bilim ojaklarynyň ençemesi interaktiw tagtalarydyr kompýuterleri bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Nurtäç Döwletowa,

   Tejen etrabynyň 8-nji orta mekdebiniñ matematika mugallymy.

 

Ýüpekçilikde gyzgalaňly möwsüm

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty