HEKAÝALAR

 Margarita

                                                                                                  Nowella

Bu obajygyň ady Çerenhyl – üljeli bag diýmek. Men bu ýerde indi ýedi aý bäri garry Martanyň öýünde kreýne pul töläp ýaşaýaryn. Garry Marta köplük däl, onuň Mişol atly pişigini hasaba almasaň, diňe 33 ýaşyndaky heniz durmuşa çykmadyk gyzy Margarita bilen ýaşaýar. Margarita polýak gyzy bolsa-da ol rus zenanyna çalym edýär. Onda aýratyn rus owadanlygy saklanyp galypdyr. Ol gepläp bilenok, ýöne bar zada düşünýär.

Garry Marta gaty garrandygyna garamazdan düşnükli garry. Ol köp okapdyr. Hasam oňa Marten Ideniň ykbaly täsir edipdir. Ol her gezek ýanyma gelende şol bir aýdýan sözüni gaýtalaýar: “Gowy zat ýazyp giden ýazyjylaryň hemmesiniň ykbaly birmeňzeş. Kynçylykly ýagdaýda ýaşap, ýazyp gidipdirler. Haýsysyny sen mysal alsaň alyber – Magellany aljakmy ýa Sweýsimi, hat-da ruslaryň Talstoýy graf derejesine ýetenem bolsa betbagtçylykly ýagdaýda dünýe bilen hoşlaşypdyr. Ynha, saňa-da nebsim agyrýar. Öýüňden-iliňden jyda düşüp, gör nirelerde sergezdan bolup ýörsüň. Ykmandalykdan ýadamadyňmy?”
Käte bolsa ol maňa şeýle sözler bilen ýüzlenýär:
– Sen gündogarly, ýazyjylaryň hasabyna alyndyňmy?

Men başymy ýaýkaýaryn.

– Ýok.

– Häme üçin?

Men başymy galdyrman jogap berýärin.

– Ol ýerde has gowy ýazýanlary ýazyjylyga çekýärler. Ha-as gowy ýazýanlary bolsa halk ýazyjysy edýärler.

Garry gyzyklanýar.

– Halk ýazyjysy näme?

– Ýazyjynyň akyly bütin halkyň akyly bilen deň gelmeli.

– Ba-a… Onda olar has gowy ýazýandyrlar?

Men başymy atýaryn.

– Gündogarly, sen bagtly! Her gün akylly eserleri okap kemala gelensiň. Şonuň üçinem hemişe ruhuň tämiz bolandyr. Menem bolmanda şol halk ýazyjylaryň ýekeje hekaýasyny okasym gelýär.

Men tas “menem” diýipdim.

***

Garrynyň aňyrsy asylly polýaklardan. Şonuň üçin ol özüni aristokrat saýýar. Hemem gyzy Margaritanyň ibaly durmuş gurmagyny diläp, her gün Ikonyň öňünde çokunýar. Ol bu ýerdäki ýaşaýan polýaklara kän bir pisint etmeýär. Sebabi olar juda içgini gowy görýärler.
Garry Marta biçeme däl. Dogry, men olayň – polýaklaryň işeňňirligini, göwniaçyklygny gowy görýän. Ýöne içgini gowy görüşleri bolsa çendenaşa, şenbe, ýekşenbe günleri dik ýöräp barýanyny görmek kyn. Bir döwürler olaryň baýdagynda powo çeleginiň üstüneatlaýyn münen polýagyň şekili bolupdyr diýýärler. Hat-da olar köp içiensoňlar öz korollarynyň kellesinem tas humara goýan ekenler.
Maňa bu ýerde ýaraýan köne dindar Anjeý ata. Ol “kurba” sözüni köp gaýtalasa-da, manyly gepleýär. Ol dindarlygyna garamazdan bolmaýan zatlary gypynç etmän aýdýar.
– Adama ýaşamak üçin iki sany zat gerek – Hakykat hem Ynam. Din bolsa olary bermeýär. Hakykada derek ýüregiňe teselli berýär, ynama deregem ynandyryjy äheň. Özem onuň söwdasy nagt däl-de, nesýe. Ýaşaýyş üçin bolsa hemişe nagt zat gerek. Dindar adamlaryňam günäsi ködür. Hatda Süleýman pygamberiňem günäsi özüne ýetik. Ol owadan zenana göz gyzdyryp, onuň adamsyny urşyň iň bir gazaply ýerine ugradypdyr. Şeýle gündogarly, sen ýazjak bolsaň bolgusyz zatlary toslaşdyrmada, şolar hakynda ýaz.
Men köne dindaryň sözlerini gowy görýarin. Hemem sähel wagt tapdygym onuň aýdýan sözlerini üns bilen diňleýärin. Anjeý ata-da meniň ünüsli diňleýänimi bilip öňem geň-taňlykdan doly dünýäniň iň inçe geň-taňlyklary hakynda gürrüň berýär.
Men şeýle ýaşaýyşda ýaşap ýörkäm garaşmaýan wakam ýüze çykdy. Men nämä garaşsamam beýle zada garaşmaýadym. Bir gün gapydan Garry Marta geldi-de aýtmasyz söz aýtjak bolýan ýaly ilki dodaklaryny müňkülletdi. Soňam şeýle sözleri zybana getirdi.
Men jaýyň kireýni öňünden töle diýer öýdüp gorkdum. Ýöne onuň bürüşen agzyndan çykan sözler has gorkunçdy.
– Men bir zat hakynda kän pikir etdim. Sen kagyz-galamyňy goý-da, meni pugta diňle! Görýäň-ä sen Margaritanyň ýagdaýyny, oňa güýmenje gerek. Biziň polýaklarymyzyň bolsa bary içýän “suwlaryny” hemme zatdan eý görýärler. Hat-da maşgalasyndanam. Sen Margarita bäbejik sowgat et… Şu sözi aýtmak enä juda kyn düşýändigini bil. Ýöne ömür ötüp barýar … A sen bolsa içeňok, çekeňok, şol kagyzlaryňa güýmenip samsyklagyç wagt ýitirýäň diýäýmeseň saňa esasy zat ynanyp boljak…
Men zöwwe ýerimden galyp, garra bu ýagdaýyň hiç haçan bolmajakdygyny aýtdym. Marta bolsa özüniňkini dogry hasap edip barha pyşyrdysyny güýçlendirýärdi.
– Men seni aýşy-eşrete çagyramok, oňa diňe bäbejik gerek. Seniň ýitirýän zadyň näme! Sen şu gün şu ýerde, ertir gör nirelerden çykarsyň! Ol bolsa bütin ömrüne saňa minnetdar bolup gezer…
Men indi gepläp bilmän dilim tutulypdy. Bagtygara gyzyň maňlaýyndan gel-gel meniň – bir bigänäniň çykmaly bolanyna-da nebsim agyrýardy. Ýöne men özümiň hiç haçan garry Marta bilen ylalaşyp bilmejekdiginem bilýärdim. Garrynyň diýýän zady goňşudan elek getir däldi – ýüregiň bir bölegini gör nirelerde goýup gaýtmakdy. Margarita bolsa dökün dökülip eýi ýeten ýer ýaly çyrpynyp duran gyzdy. Sähel golaýlasaň kendirige düşen saçakçy ýaly töweregiň jägildiden – çaga sesinden doljakdy…
Şol günden başlap meniň bolýan otagymyň aýnasyndan Margaritanyň ýaşly gözleri köp görnüp başlady. Ol howanyň sowukdygya, bir syhly ýagyşyň ýagýandygyna seretmezden saçlaryny Monolisanyňky ýaly ýaýyp aýnanyň daşyndan maňa seredýärdi. Men oňa seretmejek bolýardym, ýöne barybir seredýärdim. Garry Marta bolsa öz sözleri bilen barha meni ýepbekleýärdi.
– Sen özüň sebäp bolup kimdir biriniň begenjini göresiň gelenokmy? Kişiniň begenjini görmek dünýäniň iň uly zad-a.

Men sesimi çykarman başymy sallap oturýardym. Marta bolsa aňyňa ýeter ýaly her-hili sözleri suňşurýardy. Şu gün bosa ol irden gelip, gelşine şu sözleri aýtdy.

– Seni ýazyjylyga kabul etmän oňarypdyrlar. Sendenem bir ýazyjy bolarmy! Çyn ýazyjylaryň ýürekleri ýumşak bolýar. Olar özlerine-de, bütin dünýä-de nebislerini agyrdyp gezýärler. Seň bolsa ýüregiňe derek gursagyňda gaty daş ýatyr.

Ol şu sözleri adyp çykyp gidýärdi. Soň äpişgäniň agzynda Margaritanyň gözgyny keşbi görnüp, ol ýarym-ýaş halda “ym-ym…” edip, birsyhly öz lal dilinde gepleýärdi. Hemem meniň sähelçe yşarat ederime garaşýardy. Men näme etjegimi bilemokdym. Iki oduň arasynda galypdym. Tereziniň haýsy tarapynyň agyrdygyna baş çykaryp bilemokdym – Margaritanyň gözýaşlarymy ýa üstüňe gara şalyny çekmekmi?..

Allanyň guran dünýesinde bendesiniň hiç-haçan baş alyp çykyp bilmejegini öňem bilýädim. Ýöne beýle zatlaryň hut öz ykbalymdan çykjagy hakynda oýlanmandym. Näme üçin Allatagala öz ýaradan bendesini günäniň (eger günä diýip bolýan bolsa) gyrasyna eltýär-de “özüň baş alyp çyk!” diýýär. Margaritanyň bolsa geljekki ene gözlerine seretmek gorkulydy. Ol gözlerde köp zat, onda-da has köp zat ýatyrdy. Men gijelerine ýatman aralarynda hopugyp turýardym. Hemem Allanyň peşgeş eden “bagtyndan” uç-derek tapyp bilmän usurgan halda ýene ýassygymy gujaklaýardym. Sähel gözümi ýumdugymam obamyz hemem boýly-boýna duran bäş sany çaga, aýalym görgüliniň heserli başyny görýärdim. Ol hiç zat gürlemän “şeýdäýmegin, şeýtmegin, men oň üçin seni uzak ýola ugratmandym…” diýýän ýaly başyny yraýardy.

Aýalym beý diýmände-de men sähralaryň ýöremesi kyn, ýöne erkin ýodasynda içimi hümledip gezýän wagtlarym başga terbiýede, başga hili ýagadaýda beýnimi bekedipdim.

Men köne ruhany Anjeý atadan ýagşy söz eşiderin diýen tama bilen oňa tarap ylgaýaryn. O ýerden bolsa ýagşylyga derek şeýle sözleri eşidýärim.

– Mukaddes ýazgylarda “Iň owazly saz çaganyň sesidir” diýip ýazylgy. Sen näme, şol sazy eşitdirmekden geljekki enäni mahrum etjek bolýarmyň? Ah, kuzba… Başga biri bolanda begenjinden telpegini göge zyňardy. Sen bolsaň… Ýazyjysumak… Pekge, ol seni hylwata däl-de, özüniň durmuşa goşulmagyny isläp çagyrýar…

Men dalda isläp dünýäniň ähli sowallarynyň jogaby şunda ýazylan bolmaly diýlen pikir bilen Bibliýany agdaryşdyrýardym. Onda bolsa şeýle sözler ýazylgydy: “Sen kimdir birini bu dünýäniň hasratyndan daşlaşdyryp bilseň, Hudaýa tarap iki ädim ätdiguňdir”.

Men mundan artyk saklanyp bilmän paty-putymyň hemmesini ýygnaşdyryp, öýden daşlaşmakçy bolamda yzymda bir hassyldy eşidildi. Margarita etek alty, ýeň ýedi bolup ylgap gelýärdi. Ol gelşine meniň boýnuma bökdi. Lal dili bilenem birsyhly “gitme” diýýärdi. Asmandan owunjak ýagyş ýagýardy. Meniň döşüm ýagşa däl-de, Margaritanyň gamgyn gözlerinden gaýdýan ýaşlara ezilipdi. Men saklanyp bilmän gyzy gujakladym. Margarita öňküsindenem beter aglap başlady. Garry Martanyň öýünden bolsa onuň çokunýan sesi bilen bile şeýle pyşyrdy eşidilýärdi: “Madonna edeniňe ýüzde-müň şükür, onuň ýüregi ýumşady. Belki  uzagyndan bolsunda…”.

Indi aglaýan ýeke gyz däldi, menem aglaýardym. Haçan-da ol meniň gözýaşlarymy görüp, bir ädim yz çekildi-de, möňňürip öýlerine tarap ylgady…

Men gözümiň ýaşyny saklap bilmän durşuma Allanyň şeýdip ýaradyşyna hem nebsim agyrýardy, hemem içim ýanýardy.

Asmanda ýyldyzlar matam çekijilikli ýylpyldaýardy. Düýnki ýagan ýagyşa ýuwlan altyn Aý barha maňa tarap golaýlap gelýärdi. Ho-ol alyslykdan bolsa edil çarwalaryň bilguşagy ýaly Akmaýanyň ýoly ýazylyp ýatyrdy…

                                                                                    Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri