SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Dünýäniň iň meşhur aşhanalaryndan biri bolan Türkiýe, ýurda gelýän myhmanlaryna dürli aşpezlik medeniýetini hödürleýär. Olaryň hatarynda günorta-gündogarda, ýagny Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşýän ajaýyp Mardin welaýatyny görkezmek bolar. Dürli halklaryň we ynançlaryň mesgen tutan ýeri şeýle hem ekerançylygyň dörän ýeri hasaplanýan bu şäher, sebitiň ähli naz-nygmatly iýmitlerini ulanmak bilen özboluşly baý aşhana eýe bolup durýar.

Mardin- siwilizasiýalaryň aşhanasy

Türkiýäniň beýleki günorta-gündogar şäherleri ýaly, Mardiniň aşhanasynyň esasyny hem etli tagamlar we miweler düzýär. Mundan başga-da, ýabany hyýarlar, tuýa agajy, buýan köki we gundeliýa ýaly ýerli ösümlikler hem möhüm orna eýedir. Ol, şeýle hem Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşmeginden miras galan ýakymly ysly tagam beriji goşundylary köp ulanmagy bilen tapawutlanýar. Köplenç dalçyn, koriandr (tohumlarynda efir ýaglaryny saklaýan bir ýyllyk ösümlik), kardamon, zenjebil we pimenta jynsyna degişli ösümlik görnüşi ýaly tagam beriji goşundylar duzly naharlarda we desertlerde giňden ulanylýar.

Mardiniñ ertirligi – täze güne başlamagyň iň gowy usuly

Ertirlik naharlarynda dürli ýerlerde dürli nygmatlar hödür edilýär. Bu bolsa sebitleriñ tapawutly aýratynlygydyr. Adaty Mardin ertirlik nahary, Mardinde we onuň daş-töwereginde öndürilýän ýerli önümlerden ybarat bolup durýar. Sebite mahsus lawaş peýnir, dil peýniri, duzsyz süýji peýnir we geçi peýnir ertirligiñ aýrylmaz bölegidir. Şeýle hem, zaatar (duşisa, timýan we dag narpyzy), mesge, künjiniñ toşaby, Mardiniñ Derik zeýtuny we başga-da köp lezzetler bar.

Geografiki görkezmeler, üýtgeşik tagamlar

Ertirlik naharyndan soň Mardiniň daşdan ýasalan jaýlaryna, ybadathanalaryna, monastyrlaryna we metjitlerine baryp bilersiňiz. Ajygañyzda bolsa, geografiki görkezmeleri bolan gastronomiki tagamlary dadyp bilersiñiz. Sembusek (üwelen etli somsa) we Mardin içli köftesi-uly malyñ eti bilen doldurylan bulgur kotlety (gaýnadylan görnüşine ikbebet, gowrulanyna bolsa irok diýilýär) şeýle tagamlaryñ biri bolup durýar. Yzysüre şäheriñ gadymy bazarlaryna aýlanyp bilersiñiz. Agşamlyk naharynda Mardin kebaplaryna, şeýle hem toýun gaplarda bişirilip äberilýän buglanan naharlara baha berip bilersiňiz. Sogan kebaby, kibbe (içi hurşly garyn-içege), allujiýe (buglanyp taýýarlanylan garaly) we firkiýe (ýaşyl badamly buglanan guzy) iň ilhalar tagamlardandyr. Gapyrga dolamasy hem göwnüňizden turjak tagamlardan biridir. Gadymdan galan bu tagam üç sagat töweregi bişirilýär. Nahardan soñ üzüm toşabyndan taýýarlanýan puddinge meñzeş Harire süýji nygmatyndan dadyp, türk kofesine meňzeş kiçijek käselerde hödür-kerem edilýän meşhur mirra kofesyny ıçmegiñizi maslahat berýäris.

Nädip baryp bolýar: Türkiýäniñ özünden göni uçuşlar arkaly Mardine baryp bolýar. Stambuldan Mardine uçuş iki sagat dowam edýär. Mardin howa menzilinden şäher merkezine çenli kärende awtoulaglar, awtobuslar we taksiler hereket edýär.

Nirede galmaly: Mardin – myhmanhanalardan başlap, pansiona çenli dürli ýaşaýyş desgalaryny hödürleýär. Gadymy Mardıni ýakyndan tanamak üçin köne şäherde hyzmat edýän we durky täzelenen Mardin öýünde düşläp bilersiñiz.

Nirä baryp görmeli: Mardin galasyny, Zinjiriýe-Kasymiýe medreselerini, Uly metjidini, Mor Gabriel monastyryny, Mardin muzeýini, Dara gadymy şäherini, Mardiniň darajyk köçelerini

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy