SÖHBETDEŞLIK

Mämmetsapar Toýlyýew: Ussatlary gören halypa

Islendik ýerde, islendik pursatda sazyň sesi ýa-da aýdymçynyň owazy gulagymyza ilse, içki oýlarymyzyň rahatlygyna, alňasaňlydygyna, ýa-da duýgulanandygyna, garaz, hiç bir zada garamazdan sungatyň jadylaýjy güýji goýnuna dolap alýar-da, özüni diňledýär. Diňledýär-de, öz dünýäsine seýrana alyp gidýär. Bu näme üçindir, öýdýärsiňiz?! Elbetde, käbir zatlary aýtmaga sözleriň hem ejiz gelýän pursatynda ähli duýgyny gerdenine alyp, diňleýjiniň diňe aňyna däl, eýsem, süňňüne ornaýan owazlaryň içinden öz ýüregiň bilen ýürekdeş heňe duşanlygyňda bolsa gerek. Özüne bendi edýän ol owazlary ussat kompozitorlar döredýärler. Ähli ukyp-başarnygyny, zehin-yhlasyny joşgunly saz eserlerini döretmäge bagyşlaýan halypa kompozitorlaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy, kompozitor, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýew.

Halypa mugallymyň iş otagyna gadam basanyňda, seni sazyň jadyly dünýäsi garşylaýar. Garşylaýar-da, saz älemine syýahata alyp gidýän tekjelerdäki kitaplardan başlap, fortepianoda ýaňlanýan saz eseriniň joşgunly owazy özüne çekýär. Ol ajaýyp owazlary Mämmetsapar mugallymyň özüniň çalmagynda birnäçe ýola ýakyndan diňledim.  Her gezeginde-de halypa saz eserleriniň döreýşi hakynda täsirli gürrüňleri beripdi. Bu gezegem şeýle boldy. «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolmak teklibimi Mämmetsapar halypa ýetirmek maksady bilen onuň iş ýerine baranymda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap täze feýerwerk sazyny işläp oturan eken. Hemişeki ýaly, güler ýüz bilen garşylan halypa söhbetdeşlik teklibimi göwünjeňlik bilen kabul edip, döredijilik ýoly hakynda gürrüňe başlady:

— Biz maşgalada dört dogan bolup ulaldyk. Olardan diňe men sungata ýykgyn edip, şol ugurdan bilim aldym. Çagalykdan aýdym diňlemegi gowy görerdim. Dutar çalyp, aýdym aýdyp bilmek iň uly arzuwymdy. Bu arzuwymyň hasyl bolmagyna goňşymyz Magtymguly Garlyýewiň şägirdi, dessançy bagşy Ýagşygeldi Moşşyýew sebäp boldy. Ol ençeme toýlary joşgunly aýdymlary bilen sowan, tanymal bagşydy. Magtymguly Garlyýewiň ýolbaşçylyk eden dessançy bagşylar toparynyň hem işjeň agzasydy. Ýagşygeldiniň inisi Pirjan hem welaýatda atly bagşylardandy. Okuwym-dan boş wagtlarymda Ýagşygeldi halypanyň ýanyna gatnap, dutar çalmagy, aýdymlary, dessanlary aýtmagy öwrendim. Daýym dutar alyp bereninden soňra dutar öwrenmäge hasam ýygjam gatnap ugradym. Okuwdan, işden soňra pagta ýygmaga giderdik. Pagta ýygymyndan gelip, agşamlaryna aýdym-saz ederdik. Ýagşygeldi halypanyň aýdymlaryny diňlärdik. Halypam maňa diňe Daşoguz ýolundan däl, eýsem, Nurberdi Gulowyň, Sahy Jepbarowyň, umuman,  bagşyçylygyň ähli ýolundan aýdymlary öwrederdi. “Görogly” şadessanyndan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan ýat tutup, aýdymlary aýdardym.

Sazyň joşgunly dünýäsinde ýaşaýanyma elli ýyla basalyk wagt bolupdyr. Şol ýyllaryň içinde saz äleminiň ussatlary bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, olaryň döredijilik maslahatlaryny, döreden nusgalyk saz eserlerini ýakyndan diňlemek miýesser etdi. Görüp otursak, bizi şol ajaýyp pursatlar kämillik menzillerini nazarlap, sungatda öz ýolumyzy tapmaga iteripdir. Ýöne «Kämilligiň çägi ýok» diýleni. Bize halypalaryň goýup giden ajaýyp mirasyndan henizem öwrenere zat kän. Olar bize diňe bir sungatda däl, eýsem, durmuşda hem ýakyn maslahatçymyzdy. Halypalaryň beren gymmatly maslahatlary, çalan sazlary heniz-henizlerem gulagymyzda ýaňlanyp dur.

Saz sungatynyň ägirtleriniň döredijiligi bilen ýaş nesilleri ýakyndan tanyşdyrmakda, olaryň kämillik ýoluna gönükmeginde yhlasyny gaýgyrmaýan kompozitoryň halypa-şägirtlik mekdebi baradaky gürrüňi alyslarda galan talyplyk ýyllarynyň ýatlamalaryna syrygyp gidýär.

— 1971-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň dutar bölümine okuwa girmegim, sungata ymykly ykbalymy baglamagyma getirdi. Bu ýerde halypa mugallym Kakabaý Annanepesowdan tälim aldym. Şeýle-de, dutar çalmagyň inçe tilsimlerini öwretmekde Türkmenistanyň halk artistleri Ýagmyr Nurgeldiýew, Begmyrat Gutlymyradow ýaly halypalar yhlasyny gaýgyrmadylar. Bu mekdepde Bibi Welmyradowa hem okaýar eken. Ol aýdymlarymy diňläp, gowy baha berdi. Ýöne soňlugy bilen bagşyçylyga däl-de sazçylyk ugruna ýykgyn etdim. Sebäbi bu ýerde halypa sazandalaryň, kompozitorlaryň mekdebini geçipdik. Sazçylyk mekdebinde okan döwrümde Türkmenistanyň halk artisti Durdy Nuryýewiň fortepiano çalmagy öwretmegi, galyberse-de saz eserlerini döretmegiň özboluşly dünýäsi bilen ýakyndan tanyşdyrmagy sungata bolan söýgimi artdyrdy. Bu ýerde ilkinji saz eserlerimi — Çary Afzalyň sözlerine “Aýryldym” atly romansy, şeýle-de skripka we fortepiano üçin kiçi saz eserlerini ýazdym.

Okuwy tamamlap, şol wagtky Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň türkmen döwlet milli halk saz gurallary orkestrinde dutarçy sazanda bolup zähmet ýoluna başlanymda, Türkmenistanyň halk artistleri Annageldi Jülgäýew, Gurban Kulyýew, Myrat Sadykow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gurban Gummanow, Güljan Hümmedowa, Gurbansoltan Nurýagdyýewa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýram Hudaýgulyýew ýaly tanymal sazandalar, aýdymçylar bilen işlemek miýesser etdi. Olaryň döredijiligi biziň üçin uly mekdepdi. 1988-1990-njy ýyllar aralygynda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde zähmet çekdim.

Saza bolan söýgim meni häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna alyp bardy. Ol ýerde saz äleminiň ägirtleri Türkmenistanyň halk artistleri Weli Muhadow, Nury Muhadow, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Aşyr Kulyýew ýaly halypa kompozitorlardan sapak almak miýesser etdi. Saz sungatynyň ussatlary bilen ýakyndan didarlaşmak, olardan tälim almak, döredijiligimde täze dünýäni açdy. Saz eserlerini döretmäge halypalaryň maslahatlary bilen çemeleşmegim, döredijiligimiň barha ilerlemegine ýardam berdi.

Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow bilen baglanyşykly ýatlamalar

Halypalar barada agzalsa, türkmen saz sungatynyň ägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow bilen baglanyşykly ýatlamalar serime dolýar. Halypa kompozitor bilen ilkinji duşuşygym 1982-nji ýylyň ýazynda bolupdy. Şonda men  döreden saz eserlerimiň notalaryny alyp, halypanyň öýüne barypdym. Ol meni güler ýüz bilen garşylap, iş otagyna alyp bardy. Otagyň burçunda ýerleşdirilen fortepiano hem-de onuň üstündäki notalar bada-bat ünsümi çekdi. Halypanyň täze sazyň üstünde işleýändigini şondan hem bilmek bolýardy. Ol döreden sazlarymy fortepianoda çalyp bermegimi haýyş etdi. Tolgunandyryn-da, saza başlap bilmän kän oturdym. Nury halypa meniň bolup oturyşymy synlap biraz duransoň, fortepianonyň başyna geçip, notalaryma başdanaýak göz gezdirip çykdy. Soňam sazlarymy ýerine ýetirip başlady. Ol sazlara özüm belet hem bolsam, halypa kompozitor çalanda, heniz eşitmedik owazlarym ýaňlanýan ýalydy. Saz tamamlanandan soň, halypa halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän eserleri döretmäge ýykgyn etmegi maslahat berdi. Ussadyň şol maslahatlary döredijiligime şamçyrag boldy.

Halypa  kompozitor Aman Agajykow….

Talyp ýyllarym halypa kompozitor Aman Agajykowyň öýüne-de köp barýardym. Halypa bilen saz sungaty hakynda köp söhbet ederdik. Men onuň döreden aýdymlaryny aýdyp bererdim, olam sazyny çalardy. Aýdym aýtmagy radiony diňläp öwrenendigimi Aman halypa aýdanymda, höwesimiň berekellasyny ýetiripdi. 1975-nji ýyldy. Bir gün sazçylyk mekdebinde sapak geçip otyrdyk. Sagat dokuzlar töweregi aňyrdan Aman halypa gelip, Mämmetsapar, men gelýänçäm özüň sapaga taýýarlanyp otyr. Gowy şahyrymyz aradan çykypdyr, şony soňky ýoluna ugradyp geleýin diýip, çykyp gitdi. Görüp otursam, ol şahyr Gurbannazar Ezizow eken. Aman halypa gelýänçä synp otagyndan çykman oturdym. Ol gelende henizem gitmän garaşyp oturandygymy görüp, geň galdy.

Halypam Weli Muhadow hem gaty myhmansöýer adamdy

Halypam Weli Muhadow hem gaty myhmansöýer adamdy. Ol okuwçylaryny gaty gowy görýärdi. Zehinli talyplaryna aýratyn hormat goýardy. Olar bilen näçe sapak geçse-de ýadamazdy, hat-da öýünede çagyryp okadardy. Menem halypanyň öýüne köp barýardym. Edebiýatçy Nazar Gullaýew hem barardy. Ol edebiýat hakynda köp gürrüňleri bererdi. Weli Muhadowyň, Nazar Gullaýewiň edebiýat, saz hakyndaky täsirli gürrüňlerini diňleýärdim. Weli halypa maňa aýratyn sapak geçerdi, ýazýan sazlaryma maslahatlaryny bererdi. Weli Muhadowdan gaty kän zat öwrendim. Ondan käriň ussady bolup, ussatlyk derejäň ýokary bolmalydygyny, kämil bolmaklygy öwrendim. Ol bize: “Ussatlyk derejäňizi ösdüriň, kämil boluň. Sazy owadan, kämil ýazsaň, professional derejesi ýokary bolsa ýüzüň gyzarmaýar” diýerdi. Weli halypa diňe bir sungatda däl, eýsem, durmuşda-da bize görelde mekdebidi. Ol öz käriň ussady bolup ýaşasaň, durmuşda ähli gowy zatlara mynasyp bolýandygyňy bellärdi.

Her bir döredijilik adamsynyň ylham çeşmesi bolýar. Bu babat-da halypa kompozitor türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussatlaryndan ylham alýandygyny belleýär. Hakykatdan-da, halypanyň döreden eserlerini diňläniňde, ajaýyp şygyrlar bilen heňdeş owazlaryň özboluşly sazlaşygyny duýmak bolýar. Bu bolsa, sungatdan sungatyň döreýändigine güwä geçýär.

— Men dürli ýyllarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de Çary Afzalyň goşgularyna romanslar toplumyny döretdim. Şeýle-de, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgusyna «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly hor we orkestr üçin eseri, Italmaz Nuryýewiň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Atamyrat Atabaýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Ejegyz Çaryýewanyň, Orazdurdy Atahanowyň, Berdimyrat Ataýewiň sözlerine birnäçe aýdymlary, romanslary, Kakamyrat Rejebowyň “Arkadag” atly goşgusyna hor we simfoniki orkestr üçin kantata döretdim. Bulardan başga-da, kirişli saz gurallary üçin kwartetleri, üflenip  çalynýan saz gurallary üçin bäş bölümli kwinteti, fortepiano üçin wariasiýalary, dürli saz gurallary üçin pýesalary, poemalary,  birnäçe bölümden ybarat bolan sonatalary, şeýle-de Çagalar hory üçin aýdymlary döretdim.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Akmyrat Muhadowyň «Sagdyn durmuş ýörelgämiz», Azat Rahmanowyň «Bitaraplyk mukamy» atly goşgularyna Çagalar hory üçin eserleri, şeýle-de Akmyrat Hojanyýazowyň goşgularyna romanslar toplumyny, Orazdurdy Atahanowyň goşgusyna «Bitaraplyk balladasy» atly akapella hor eserini, simfoniki orkestr üçin pýesalary döretdim.

 Hawa, halypa kompozitoryň döreden saz eserleriniň sanawyny entegem uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Ol ýurdumyzyň durmuşyndaky belli seneler bilen baglanyşykly-da saz eserlerini döredip, ajaýyp zamanamyzyň sesine ses goşýar. Bu babat-da onuň simfoniki orkestr üçin “Aziadanyň ýalkymy”, “Berkararlyk mukamy” ýaly eserlerini, “Bitaraplyk balladasy” atly akapella eserini ýatlamagyň özi-de ýeterlikdir. Bu günki günde halypa kompozitor Mämmetsapar Toýlyýewiň mugallym bolup zähmet çekmegi ussat halypalaryň beren sapaklarynyň täsiri bolsa gerek. Halypa mugallymyň ýetişdiren şägirtleriniň birnäçesi ýurdumyzyň sungat ojaklarynda ýaşlara sazyň inçe tärlerini öwredýärler, birnäçesi bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okuwlaryny dowam etdirýärler. Olaryň birnäçesi Şa serpaýlaryna, hormatly atlara mynasyp boldular. Bu elbetde, halypanyň saza teşne ýürekleriň her biriniň sungatda öz ýoluny tapmagy ugrunda çekýän asylly zähmetiniň ýerine düşmegidir. Mämmetsapar halypa 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly adyň dakylmagy, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda bolsa uzak ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmeti göz öňünde tutulyp “Watana bolan üçin” medaly bilen sylaglanmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilik adamlaryna goýulýan belent sarpadan, halypa-şägirtlik mekdebini mynasyp dowam edýän ussatlaryň zähmetine hormatdan nyşandyr. Şa serpaýlaryndan ruhlanyp, joşgunly zähmet çekýän halypa ýürek buýsanjyny paýlaşyp şeýle diýdi:

— Döreden saz eserlerim halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagy maňa egsilmez ylham berýär. Galyberse-de, okadan okuwçylarymyň ilhalar sungat adamlary bolup ýetişmegi meni halypa mugallym hökmünde buýsandyrýar. Okuwçylarymyň ählisini şägirdim hasaplaýaryn. Olaryň ýanymyza ýörite salamlaşmaga gelip, döredijiligimiz bilen gyzyklanmaklary, ýa-da, arasynda jaňlaşyp hal-ýagdaýlarymyzy soramaklary bizi guwandyrýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sazşynaslyk ugrundan bilim alýan okuwçym Gülzada Guldurdyýewa döreden eserlerim barada ylmy iş ýazýandygyny aýdanda, şägirtlerimiň sungatyma hormaty meni guwandyrdy.

Aslynda, çagalar bilen işleşmek gaty täsirli. Sebäbi çaga dünýäsi bilesigelijiligi bolýar. Mekdep-internatyna kabul edilýän çagalar babatynda aýdanyňda, olar aýratyn zehini bilen tapawutlanýarlar. Okuwçylaryň sazyň döreýşi, kompozitorlaryň eserleri barada gyzyklanmaklary, sapaklara işjeň gatnaşmaklary işimize söýgimizi hasam artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, sungatymyz dünýäde belentden dabaralanýar. Muňa daşary döwletlerde ýurdumyzyň medeniýet günleriniň geçirilmegi, dünýä halklaryna milli sungatymyzyň ýaýylmagy hem aýdyň görkezýär. Maňa 2014-nji ýylda Belarussiýada geçirilen Türkmenistanyň medeniýet we sungat hepdeligine gatnaşmak miýesser etdi.

Biz arzuwlaryň amala aşýan ýurdunda ýaşaýarys. Muny öz durmuşymyň mysalynda aýtsam, 2017-nji ýylda Käbä gidip, haj parzymy berjaý etmek nesip etdi. Bu her birimiziň ýüregimizde besleýän arzuwymyz. Hormatly Prezidentimiz — Hajy Arkadagymyz bu arzuwymy hasyl etdi. Gahryman Arkadagymyz her bir raýatynyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy, arzuwlarynyň wysal bolmagy üçin çäksiz aladalary edýär. Halkymyzyň medeniýetli dynç almagy, her günümiziň bagtyýar pursatlara beslenmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Muňa paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Medeniýet şäherçesi hem guwandyryjy mysaldyr. Bu ýerde ykbalyny medeniýet, sungata baglan döredijilik işgärleri üçin ýaşamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilen.

Mämmetsapar halypa söhbetdeşligimiziň şu ýerinde özleri üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, işden boş wagtlarynda Medeniýet şäherçesindäki sport meýdançalarynda saglygyny berkidýändigini, arassa howada gezelenç edýändigini belledi. Işiniň köpdügine garamazdan, halypanyň saglygyny esasy orunda goýmagy bizi guwandyrdy.

Mämmetsapar halypa bilen söhbetdeşligimiz onuň agzybir maşgalasy hakyndaky gürrüňlerine syrygansoň, ondan sungat maşgalasy bolmagyň nähili duýgydygy barada soradym.

— Sungat maşgalasy bolmak iň gowy duýgy. Ýanýoldaşym Ogulsapar Türkmen döwlet medeniýet institutynda zähmet çekýär. Ogullarymyň ikisem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlap, konserwatoriýada okuwlaryny dowam etdirýärler. Uly oglum Welmuhammet fortepiano hünäriniň 5-nji ýyl talyby, kiçi oglum Nurmuhammet skripka hünäriniň 1-nji ýyl talyby. Olaryň wagtynyň köp bölegini saz sungatyny içgin öwrenmäge sarp etmekleri başymy meni begendirýär.

Işden, okuwdan soňra maşgala bolup, bir saçagyň başyna jemlenýäris. Agşamlyk nahardan soňra çaý başynda döredijilik söhbedini edýäris. Täze döredijilik gözleglerimiz, eserler dogrusynda pikir alyşýarys, maslahatlaşýarys. Öýde täze sazyň üstünde işlesem, ýanýoldaşym, ogullarym öz pikirlerini aýdýarlar. Oglum Welmuhammediň gelni Maral Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okaýar. Onuňam sungata söýgüsi uly. Öýde özbaşdak pianino çalmagy öwrenýär, ýazan sazlarymy diňleýär.

Her bir sungat adamy täze eserleriň gözleginde bolýar. Döredijilik gözýetimini kämilleşdirmegiň aladasynda ýaşaýar. Bu Mämmetsapar halypanyň hem döredijiligine mahsus. Muny onuň saz ýazmaga girişmezinden öňinçä, sungatyny kämilleşdirişi hakynda beren gürrüňleri hem tassyklaýar.

— Sungatymy günde kämilleşdirýärin. Her gün öwrenýärin, okaýaryn. Bir eser ýazjak bolanyňda ilki näme diýjek bolýandygyňy, filosofiki, psihologiki tarapyny pikirlenmeli. Uly eserleri ýazanyňda hökmany suratda onuň gapma-garşylykly häsiýetleri bolýar. Başdanaýak şol bir heňi çalyp bolanok. Şonuň üçin diňleýji ýadamaz ýaly sazy dürli häsiýetde ýazmaga çalyşmaly. Haçan-da saz işläp otyrkam ýadasam, hökman türkmen we daşary ýurt şahyrlarynyň goşgularyny okaýaryn. Şondan soňra ylhamym hasam joşýar. Onsoň täze eserlerim döreýär. Käbir eser bolýar tiz wagtda heňi gelip ýazylýar. Käbiriniň heňini tapmak üçin ýyllar gerek bolýar. Halyl Kulyýewiň “Alyslarda galan ýar” atly goşgusy geçen asyryň ahyrlarynda žurnala çykanda oňa saz döretmegi maksat edinip, žurnaly ýanymdan aýyrmadym. Goşgyny gaýta-gaýta okadym. Heň tapylýar-da, ýöne şol goşga gabat gelenok. Şonuň üçin bu goşgyny uzak ýyllar ýanymda saklap gezdim. Näçe ýyl geçensoň, bir-iki ýyllykda şol goşgynyň heňini tapyp, sazyny işledim. Şahyr Akmyrat Hojanyýazowyň “Nesil” gazetinde çap edilen “Kiçijik goşgular” atly rubagylar toplumynyň iki topbagyny okan badyma heňi döredi. Derrew belläp aldym-da, saz ýazmaga girişdim. Şeýdip, az wagtda romanslar toplumy döredi. Nesip bolsa, bu eserim ýakyn günlerde aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetiriler. Bulardan başga-da, “Kalbymyň owazy”, “Säher owazy”, “Kalbymyň aýdymy” atly kiçiräk simfoniki pýesalary ýazdym. Bu kiçi göwrümli eserler uly simfoniki eserlerleriň badalgasy bolýar. Ýakynda fleýta we kamera orkestri üçin üç bölümli konserti, klarnet we üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestri üçin konserti ýazyp gutardym. Şu günlerde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap feýerwerk sazynyň üstünde işläp otyryn.

“Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda uludan toýlanyljak şanly toýlarymyzy täze eserlerimiz bilen garşylarys. Milli medeniýetimizi ajaýyp üstünliklere besleýän, halkymyzyň aýdym-saz sungatyna çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

  Ýurdumyzda toýlanylýan her bir toý-baýramlara joşgunly eserleri bilen barýan halypa kompozitor Mämmetsapar Toýlyýewiň döredýän ajaýyp sazlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhy bilen sazlaşýar. Biz hem onuň ajaýyp mukamlara ýugrulan döredijiligine hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny, döredýän şirin owazly sazlarynyň belentden ýaňlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda