Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hakdan halatly akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetine, belent mertebesine goýýan çäksiz hormat-sarpasy, magtymgulyşynaslyk ylmynda şu günki ýetilen belent sepgitlerdäki tagallalary, ilki bilen, kalbyňa ruhubelentlik duýgusyny doldurýar. Milli Liderimiziň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň many-mazmuna baý, çuňňur pähim-paýhasa eýlenen gymmatly edebi mirasynyň halkara derejelerinde dabaralandyrylmagy dogrusyndaky, onuň şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek babatyndaky tagallalary türkmen alymlary üçin nusgalyk göreldedir. Bu nusgalyk göreldä jany-teni bilen eýerip, gijesini gündiz edip zähmet çekýän zehinli alymlarymyzyň biri hem, döwlet ýollamasy bilen 27 ýyldan bäri Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýän ildeşimiz, Berdi Saryýewdir. Onuň 1997-1998-nji okuw ýylyndan başlap häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny Türkiýede we Türki dünýäsinde giňden tanatmak we ýaýratmak babatynda ýerine ýetiren işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Berdi Saryýew mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany esasynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew tarapyndan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Türkiýede geçirilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de «Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli köp sanly çäreleri gurnamakda we geçirmekde işjeň goldaw beren wekilleriň hatartynda minnetdarlyk şahadatnamasy bilen, şeýle hem Türkiýäniň «Türk diline hyzmat mertebe baýragy» («Türkçeye hizmet onur ödülü») bilen sylaglandy.
Magtymguly Pyragy hakynda 40-a golaý ylmy makalanyň we ylmy çykyşlaryň, «Magtymguly sözlär tili türkmeniň – ruhubelentlikdir ýoly türkmeniň» (2004), «Klasik Düşüncenin Türkmen Mimarları: Devletmehmet Azadi ve Oğlu Mahtumkulu» (2014) atly kitaplarynyň awtory Berdi aganyň adyna men ilkinji gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Diýar» žurnalynyň 2011-nji ýylyň iýul aýyndaky ýedinji sanynda çap edilen «Dogan-dogana duşanda…» atly makalasyny okanymda gabat geldim. Atamyrat aganyň bu makaladaky: «Ildeşimiz Berdi Saryýew türkmen edebiýatyny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýürekden söýüp, Türkiýede wagyz edýär» – diýen setirleri mende diýseň uly täsir galdyrdy. Şondan soň, men internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamynda Berdi aganyň şahsy hasabyny tapyp, onuň bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy babatda özümi gyzyklandyrýan soraglar barada özara pikir alşyp, ýakyn aragatnaşyk saklap başladym. Şonda Berdi aganyň ýazan şu ýazgysy henizem göz öňümde janlanyp dur:
– Meniň 1997-1998-nji okuw ýylyndan bäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy nukdaýnazardan wagyz etmeklikde alyp barýan işlerim türk alymlarynda-da, talyplarynda-da aspirantlary bilen doktorantlarynda-da beýik akyldar şahyrymyzyň çeper döredijiligine bolan uly gyzyklanmany döretdi. Men Türkiýede Magtymguly Pyragy babatda bir dissertasiýa ylmy ýolbaşçylyk etdim, üç sany dissertasiýa goralanynda bolsa ylmy seljeriş toparynyň esasy agzasy bolup gatnaşdym.
Berdi aganyň ylmy ýolbaşçylyk etmeginde 2005-nji ýylda Haýaty Ýylmaz «Magtymguly diwany (derňew-tekst-indeks)» («Mahtumkulu Divanı (inceleme-metin- dizin)») atly dissertasiýasyny Ankara uniwersitetiniň sosial bilimleri institutynda gorady. Bu dissertasiýa Türkiýede Magtymgulynyň diwanyny ylmy esasda tanatmak boýunça edilen nusga alarlyk bir işdir. Bu ýerde Magtymgulynyň golýazmalaryndan okalan goşgular, olaryň anyk görnüşleri, käbir ýerlerde ýalňyş ýazylan ýerleriniň dogry bolmagy üçin ylmy esasda iş alnyp baryldy we ýerine ýetirildi. 2005-nji ýylda-da üstünlikli goraldy.
Bir tarapdan Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň müdiri, tejribeli türkolog prof. Dr. F. Sema Barutju Özönderiň goldawlary, beýleki tarapdan bolsa dosent doktor Berdi aganyň ylmy ýolbaşçylygy esasynda alnyp barylan kandidatlyk işleri bilen Magtymguly ylmy derňewleri Türkiýede belli bir derejede ýol geçmäge başlady. Umuman aýdanyňda, ylmy esasda Türkiýede Magtymgulyny öwrenmeklikde uniwersitetleriň arasynda Ankara uniwersiteti başyny başlaýar, şonuň üçinem Magtymgulyny öwrenmekde Ankara uniwersitetine uniwersitetleriň arasynda kerwenbaşy diýip bileris.
Berdi aga internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamyndaky habarlaşmalarymyzyň birinde özüniň 2012-nji ýyldan bäri Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde «Magtymgulyny öwreniş sapagy» («Mahtumkulu Araştırmaları») dersini okadýandygyny-da uly buýsanç bilen belläpdi:
– 2012-nji ýylda Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiyatlary kafedrasynyň müdiri, tejribeli türkolog prof. Dr. F. Sema Barutju Özönderiň başlangyçlary esasynda aspirantlar we doktorantlar üçin okuw meýilnamasyna türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly «Magtymgulyny Öwreniş sapagy» («Mahtumkulu Araştırmaları») atly ýörite ders girizildi. Bu ders boýunça men 12 ýyldan bäri diňleýjilere türkmen we türk dillerinde sapak berýärin.
Türkmensähraly Ýakup Rahym Daşlyburun Ankara uniwersitetine gelip, Berdi aganyň «Magtymgulyny Öwreniş sapagy» («Mahtumkulu Araştırmaları») dersini geçip, ýörite ylmy iş esasynda Magtymgulynyň goşgularyndaky aýratynlyklary ylmy nukdaýnazardan öwrendi we 2018-nji ýylda professor doktor Melek Erdemiň ýolbaşçylygynda «Mahtumkulu’nun şiir üslubu» («Magtymgulynyň şygyr stili») atly dissertasiýany üstünlikli gorady. Berdi aga, bu dissertasiýa goralanda ylmy seljerme toparynyň esasy agzasy bolup gatnaşypdyr.
Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary bölüminiň Günorta Günbatar Oguz şiweleri hünäriniň uçurymy, Berdi aganyň talyby Emrah Ýylmaz hem 2022-nji ýylda Ankara Hajy Bayram Weli uniwersitetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiyatlary bölüminde «Magtymgulynyň eserlerinde metafora» («Mahtumkulu ve eserlerinde metafor») atly dissertasiýasyny üstünlikli gorady. Berdi aga, ýaş türk magtymgulyşynasy Emrah Ýylmazyň «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi» («Mahtumkulu’nun eserlerinin deyimler sözlüğü») we «Magtymgulynyň eserlerinde metafora» («Mahtumkulu ve eserlerinde metafor») atly dissertasiýalarynyň ylmy geňeşçisidir. Ol, bu dissertasiýalar goralanda hem ylmy seljerme toparynyň esasy agzasy bolup gatnaşypdyr.
Berdi aga, Emrah Ýylmaz we beýleki magtymgulyşynas türk alymlary bilen awtordaşlykda 2014-nji ýylda «Mahtumkulu Ani Kitabı», «Mahtumkulu Divanı Türkmence Türkçe», «Mahtumkulu Divanı Türkçe», 2021-nji ýylda «Mahtumkulu Divanından Seçmeler», 2023-nji ýylda türk we türkmen dillerinde «Magtymguly beýik söz ussady / Mahtumkulu Büyük Söz Üstadı» atly kitaplaryny taýýarlady. Berdi aga bilen Emrah Ýylmaz Türkmenistanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan Annagurban Aşyrowyň çapa taýýarlamagynda 2012-nji ýylda neşir edilen Magtymguly Pyragynyň iki jiltlik eserler ýygyndysyny 2014-nji ýylda türk diline terjime eden ylmy toparyň hem agzasydyr. Olar halypa şägirt bolup, beýik türkmen akyldarynyň edebi mirasyny türk diline terjime etmek işine hem işjeň gatnaşypdyrlar.
Ýaş türk magtymgulyşynasy Emrah Ýylmaz bilen internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamynda habarlaşamyzda, ol Berdi agany özüne halypa hasaplaýandygyny dile getirip, şeýle diýdi:
– Berdi Saryýew meniň halypam, ussadym, men ony özüme öz atam ýaly ýakyn görýärin. Türkmen dilini men Berdi mugallymdan öwrendim we türkmeni, Magtymgulyny onuň şahsynda tanadym. Biz bilelikde Magtymguly Pyragy barada köp işler amala aşyrdyk.
«Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» diýlişi ýaly, Berdi aganyň şägirdi Emrah Ýylmazyň türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada üç sany kitaby neşir edildi. Ol dissertasiýa işi boýunça 2014-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çakylygy boýunça Türkmenistanda bir ýyl ýaşap, 2021-nji ýylda Samarkant döwlet uniwersitetiniň çakylygy we TÜBITAK guramasynyň goldawy bilen Özbegistanda bir ýyl ýaşap, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrendi. Netijede bolsa, onuň 2016-njy ýylda Ankaranyň «kitabevi» neşirýaty tarapyndan şahyryň döredijiligine degişli 1728 sany frazeologik söze türkçe-türkmençe düşündiriş berýän, 775 sahypadan ybarat «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi» («Mahtumkulu’nun eserlerinin deyimler sözlüğü») atly kitaby, 2022-nji ýylda Samarkandyň «Fan Bulog’i» neşirýaty tarapyndan özbek dilinde «Magtymguly Pyragynyň pikir dünýäsi» («Maxtumquli Firog‘iyning fikr dunyosi») atly kitaby neşir edildi. Ýaňy-ýakynda – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda bolsa Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Bengü yayınları» neşirýatynda Berdi aganyň şägirdi Emrah Ýylmazyň «Sahypjemalyny gözleýän bir weli, türkmenleriň pikir derýasy, Magtymguly Pyragy» («Sahip-cemâl’ini arayan bir veli, türkmenlerin fikir deryası, Mahtumkulu Firâkı») atly täze bir kitaby neşir edildi.
Berdi aga, 2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Betül Müftiler Pamukkale uniwersitetinde «Magtymguly diwanynda tankydy aňlatmanyň (söýleýşiň) seljerişli çözgüdi» («Mahtumkulu Divanının Eleştirel Söylem Çözümlemesi») atly ylmy işini goranda-da, ylmy seljerme toparynyň esasy agzasy bolup gatnaşdy.
Berdi aga bilen internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamynda ýola goýan ýakyn dostluk gatnaşygyma görüp otursam, eýýäm 13 ýyl bolaýypdyr. Ýöne, internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamy örän ýerlikli oýlanyp tapylan zat. Bu ulgamyň üsti bilen men Berdi aganyň Magtymguly atamyz barada ýazan ylmy makalalary, kitaplary, ylmy çykyşlary bilen ýakyndan tanşyp bilýän. Berdi aga Türkiýede türkmen dilini we edebiýatyny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny türki dünýäsine wagyz etmeklikde alyp barýan uly işleri, ylmy barlaglary we akademiki derňewleri üçin 2015-nji ýylda Türkiýäniň Strategiki gözleg merkezi (TASAM) tarapyndan ylym kategoriýasynda «Türki dünýäsiniň gyzyl alma baýragy» bilen sylaglandy hem-de Türkiýäniň Türk dili guramasynyň hem-de Atatürk Medeniýet, dil we taryh Ýokary Geňeşiniň habarçy agzalyklaryna saýlandy. Ýaňy-ýakynda – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzyň 22-nji fewralynda Berdi aga: «Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Magtymguly burçyny döretdim» diýip, maňa internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamynyň üsti bilen 1-2 sany surat ugratdy. Bu suratlar hakykatdan-da, Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde döredilen Magtymguly burçynyň suratlary. Suratlardan görnüşine görä, Magtymguly burçunda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde çykan kitaplary, onuň döredijiligine degişli monografiýalar, goralan dissertasiýalar, žurnallardaky ylmy makalalar, golýazmalary esasynda ýazylan ylmy işler, Magtymgulynyň 3 jiltlik goşgularynyň CD görnüşindäki sesli okalyşynyň ýazgysy, «Magtymguly» kinofilmi, şahyryň Berdi Kerbabaýew tarapyndan ýygnalyp, 1926-njy ýylda arap harpy bilen ýazylan nusgada basylan kitaby we Eýranda taýýarlanylyp, neşir edilen 2 jiltlik kitaby ýerleşdirilipdir. Bu täzelik Berdi agaň maňa iberen suratlary bilen «Biznes Reklama» gazetiniň 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky sanynda çap edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde ýokary guramaçylykly belläp geçmek barada 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken ýörite kararyndan soňra Türkiýede Berdi aganyň ýolbaşçylygynda we Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň howandarlygynda şahyryň döredijiligi boýunça ylmy işleri alyp barmak babatda türk we türkmen alymlaryndan ybarat ýörite komitet döredildi. Berdi aga, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere türk we türkmen alymlaryny ýakyndan çekmeklikde-de Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan jogapkär edilip bellenildi.
Berdi aga Türkmenistanyň raýaty hökmünde Türkiýede häzirki zaman türki dilleri ugrunda işleýän ýeke-täk dilçidir. Şol sebäpli Türkiýäniň Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy, TRT, TDK, TIKA, TÜRKSOÝ ýaly guramalar iki doganlyk ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreler boýunça Berdi aga ýygy-ýygydan ýüz tutýarlar.
Berdi aga, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly bilen birlikde hem teleradio gepleşiklleriň üsti bilen türkmen edebiýatynyň beýik danasy Döwletmämmet Azadynyň, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini türki dünýäsine ýetirmekde önjeýli goşandyny goşýar.
Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň edebiýat žurnaly bolan «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndaky ýörite sanyny hem, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly Berdi aga bilen bilelikde taýýarlap, neşir etdi.
Ýewraziýa Ýazyjylar birleşigini we «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») žurnalyny esaslandyryjy merhum Ýakup Ömerogly bu halkara neşiriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna» bagyşlanan 205-nji sanynda: «Magtymguly Pyragydan söz açylanynda, onuň edebi mirasyny türki dünýäsine wagyz etmeli bolanynda eziz dostum Berdi Saryýew bar işini taşlap şobada gelýär» – diýip bellemeklik bilen, bu türkmen alymynyň Magtymguly Pyraga goýýan hormatyna, onuň edebi mirasyny Türki dünýäsine ýaýmakda bitirýän uly işlerine ýokary baha berýär.
Berdi aganyň diňe 2023-nji ýylda Magtymguly bilen baglanyşykly ýazan ylmy işleriniň özi 12 sanydyr. Onuň ylmy makalalary hem-de halkara ylmy maslahatlardaky çykyşlary ylmy jemgyýetçilikde uly gyzyklanma bilen garşylanylýar. Berdi aga, häzirki wagtda-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki sany kitabyň üstünde işleýär. Men internet torunyň hat-habar alyş-çalyş ulgamynda Berdi agadan beýik akyldar şahyrymyz barada ýazýan täze kitaplary babatda gyzyklanyp soranymda, ol: «Goý, bu täze kitaplarym okyjylar üçin Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli garaşylmadyk sowgat bolsun» – diýdi.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.