Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşyp, taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.
Türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary. Şöhratly taryhymyzyň many-mazmuna eýlenen sahypalary türkmen Bitaraplygynyň öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär.
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ata Watanymyzda parahatçylyk taglymatynyň ýörelgeleri has-da dabaralanýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde taryhy zerurlyk bolup orta çykdy. Bu gün Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzyň her bir jähetinde öz beýanyny tapýar. Bitaraplyk derejämizi tassyklaýan jümlelerdir alamatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Döwlet baýdagynda, Döwlet senasynda orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.
Beýik tükrmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem türkmen Bitaraplygynyň baýramy uludan tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanan baýramyň bütin dünýäni gurşap alandygy baradaky sözüni şu ýylyň köp wakasy tassyklaýar. 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu wakalaryň arasynda aýratyn orna eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, Magtymgulynyň mirasyny diňe bir milli buýsanjyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem özüniň diplomatik strategiýasyny durmuşa geçirmekde täsirli gural hasaplaýan Bitarap Türkmenistanyň durnukly ornunyň beýanydyr. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen parahatçylyk diplomatiýasy we Türkmenistanyň Bitaraplyk diplomatiýasy ýurduň we onuň ruhy hem medeni gymmatlyklaryny döreden halkynyň medeni hem syýasy taýdan birligini kesgitleýär.
Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary birleşdirmek, yzygiderli bilelikdäki işe daýanmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar. Hususan-da, ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we diplomatiýada «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesini ilerledýär.
Ine, şu ýörelgeler hem biziň Döwlet muzeýimizde gurnalan Magtymguly Pyraga hem-de baky Bitaraplygymyza bagyşlanan ýörite serginiň hem esasyny düzdi.
Enegül Ballyýewa,
Türkmenistanyn̈ Döwlet medeniyet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.