SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bu gün dünýä ýaýylýar. Onuň şygyrlarynyň daşary ýurtlaryň dillerine terjime edilmegi dünýä okyjylaryny türkmeniň nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, ussat şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Bu ajaýyp şygyr ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli merjen paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň ermeni, özbek, gyrgyz dillerine terjime edilen neşiri sowgat berildi. Halkymyz üçin uly hormat hem-de gymmatly sowgat bolan bu kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabaralary hem ylham joşguna beslenip geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň ylham-zehininden joşup çykan eserler ähli döwürde-de dünýä alymlarynyň, edebiýatçylarynyň üns merkezinde boldy. Alym E.Bertels dünýäniň nusgawy edebi gymmatlyklarynyň arasynda orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini älem-jahan täsinliklerini görkezýän «Jemşidiň jamyna» meňzedipdir. Akyldar şahyryň döredijiligi ürç edilip öwrenilip, pähimli setirleri ýolgörkeziji nakyldyr öwüt-nesihatlara öwrüldi.

Şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza, söz sungatyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň çeper döredijiliginde hem Magtymguly Pyragynyň tutýan orny diýseň uludyr. Milli Liderimiz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly gymmatly eserinde şahyryň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren eserleri, onuň adamzat durmuşyna täsiri, gymmatlygy we il-halkyň arasyndaky abraý‑mertebesi barada giňişleýin gürrüň edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli halkymyza peşgeş eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry-da göwünlerimiziň senasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Şahyr il-ulsuny, Watanyny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Magtymgulynyň edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol, aýratynam, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezendir.

Erkinligiň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede giňden bellenilýän akyldar şahyryň goşgularynda görmek bolýar:

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

«Ýürekden aýdylan sözler ýürege ýeter» diýlişi ýaly, her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyndan bilmeýän adam ýokdur. Çünki dana şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr, durmuşda ýörelgedir. Onuň deňsiz-taýsyz goşgularyndaky öňdengörüjilikli pelsepewi pikirler diňe bir döwre, bir halka degişli bolman, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir.

Ýene bir bellemeli zat, Magtymguly Pyragynyň şanly toýuna bagyşlanyp dostlukly döwletleriň ençemesinde köp sanly çäreler geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda we daşary ýurtlarda beýik akyldaryň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Dana şahyryň ady dostlukly döwletleriň paýtagtlarynyň, beýleki iri şäherleriniň köçelerine, seýilgählerine dakyldy. Onuň şygyrlaryna aýdymlar döredilip, sahna oýunlary goýuldy, çeper filmler surata düşürildi. Şeýle-de dana şahyryň goşgulary ermeni, özbek we gyrgyz dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Sebäbi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilýän ynsanperwer ýörelgeler bütin adamzady bir maksada — parahatçylyga, agzybirlige, ynsanperwerlige çagyrýar.

Amantagan Meredowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri