TESWIRLER

Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, bütin bir ýýl ner gezgin!

NER GEZGIN!” Bu şahyryň şygrynyň gysgaldylan ady. Ady agzalan goşgynyň doly setirini ýatlalyň: “Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, bütin bir ýýl ner gezgin!”. Ine saňa gerek bolsa syýasat, me saňa gerek bolsa döwrüň döwlet gurluşy hakyndaky pikir…

Türkmen edebiýatyndaky özbaşdaklygyň, garaşsyzlygyň yzlaryna degişli naýbaşy nusga. Halkyň dilinden alnan iki sany durnukly aňlatma aýratyn üns bereliň: “maýa gezmek” we “ner gezmek”.

Soraglary sowurýarsyňyz diýseňiz-de, bir-iki soragy öňüňizde kesertmeli boljak. Bu nusgalar başga nirede bar, bulara haýsy dilde duşduňyz? “Maýa gezmek” we “ner gezmek” durnukly aňlatmalaryny şu wagta çenli haýsy sözlügimiz düşündirip, bu hakda okyjylaryna anyk maglumat berdi?

Belki, “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde bardyr?!… Siz azara galmaň, men seredip çykdym, durnukly aňlatma hökmünde düşündiriş ýok. Hatda, bu sözlükde “maýa” sözi-de ýok. Emma “ner” [TKES, Aşgabat, 1988:269] sözi bar. Gynandyrýan ýeri-de mysal hökmünde biziň gürrüňini edýän goşgymyzdaky “Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýýl ner gezgin” diýlen setirler berlipdir. Bu setirdäki durnukly aňlatmalary şeýle beýan edip bileris: “maýa gezmek” diýen durnukly aňlatmanyň manysyny şeýle düşündirmek bolar: garaşly gezmek, tabyn bolmak, bakna galmak, bagly bolmak…; “ner gezmek” diýen durnukly aňlatma ýokardaky manynyň tersidir: garaşsyz gezmek, tabyn bolmazlyk, bakna galmazlyk, bagly bolmazlyk

Bularyň bary döwlet gurluşynyň dolandyrylyşy bilen baglanyşykly pikiriň taryhy nusgasydygyna şaýatlyk edýär.

Jemläp aýdanymyzda, Mollanepesiň “Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, bütin bir ýýl ner gezgin!” diýen setiri türkmenlerde döwlet gurluşy baradaky düşünjäniň halkara derejesinde nusga hökmünde hödürlenip bilinjek şygyr bilen beýan edilen naýbaşy setiridir.

Şygyrdaky deňeşdirme-de döwrebapdyr. Başgaça aýdylanda, gürrüňi edilýän setirdäki “ýyl” babatdan kyrk bilen biriň, “gezmek” taýyndan maýa bilen neriň deňeşdirilişi diýseň jüpüne düşendigini ýörite bellemek gerek. Gysgaçasy, bu setir çylşyrymly syýasatyň, garaşsyz döwlet baradaky garaýşyň sada şygryýete dökülen dürdäne düzümleridir.

Geçiren barlaglarymyzyň netijesinde Mollanepesiň ýokarda ady agzalan goşgusynda bitaraplyk hakyndaky pikiriň taryhy yzlaryna-da duş geldik. Ynha, onuň bir setirlik nusgasy: “IKI ADAM URUŞSA, ÖTER ÝALY ÝOL BERME…”

Türkmenlerde bitaraplyk babatdaky düşünjäniň taryhyna şaýatlyk edýän bu setirde anyk görünmese-de, üç sany tarap bardyr. Şol taraplaryň ikisi garşydaş taraplardyr, uruşýan ýa-da urşa meýil edýän taraplardyr. Üçünjisi bolsa şol taraplary aralaýan, howplulygy daraýan, parahatçylygy goraýan tarapdyr.

Uruş edýän iki tarapa goşulmaýandygy üçin hem üçünji tarap – bitarapdyr.

Uruş edýän iki tarapy parahatçylykly ýol bilen ylalaşdyrandygy üçin hem üçünji tarap – bitarapdyr.

Geliň şygyrdan ertekä geçeliň. Has dogrusy, halkyň döredijiligine göz atalyň. Türkmen halk ertekisinden bir nusga alalyň.

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady