ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Kümüş Meläýewa: halypalary gören halypa

Ýakynda žurnalist Kümüş Meläýewalaryň öýlerine ýörite söhbetdeşlige bardym. Bu öýe öňem barypdym, ýöne ondan bäri 15 ýyl töweregi wagt geçipdir. Tüweleme, Kümüş gelnejäniň şol öňki dogumlylygy, owadanlygy, mähribanlygy. Diňe onuň biraz ýatkeşligi kütelişipdir. Ol: — «Kerim şahyrymyz goşgusynda:

 «Türkmeniň ilki hezzeti,

 Duz datmankaň çykar gök çaý»

– diýipdir. Ilki çaýyň ugruna çykaýyn. Çaý başynda söhbetdeşligimiz has gyzykly bolar — diýip derrew çaý demläp öňümizde goýdy. Ondan soň söhbetdeşlige girişdik. Ol diwardan asylgy duran portret halynyň öňüne geçip, söhbetdeşligimizi ýanýoldaşy, ýazyjy Hojanepes Meläýew hakyndaky ýatlamalardan başlady.

— Hojanepesiň orden-medallaryny halynyň ýüzünde bolsa-da, hatarlap döşüne dakyp goýaýdym, birhili özi aramyzda bar ýaly duýýan. Ynha, bu onuň «Halklaryň dostlugy» ordeni, bu oňa Söýuz döwründe profsoýuz tarapyndan berlen sylagy, bu bolsa,  «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly — diýip tanyşdyrdy-da: — Hormat hatlary-ha gaty kän. Ikimizem 1941-nji ýylda doglan. Ol 24-nji maýda, menem 14-nji maýda häzirki Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dünýä inipdiris. Özümizem synpdaşdyk. Ol 1958-1964-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamlady. Hojanepes hiç wagt «ýaramok» diýen adam däldi. 1997-nji ýylyň 25-nji aprelinde 56 ýaşynda dünýeden gaýtdy.

Ol wagtlar howluda ýaşamyzsoň towuk saklaýardyk. Basyryp goýan kürk towugymyz bardy. Ir bilen işe gitjek bolup durdyk. Hojanepesiň howluda ulagam işläp durdy. Haýdap işe ugrajak bolup, öýden çykdym. Şol wagt aňyrdan Hojanepes: «Kümüş bulara seret, jüýje çykaýypdyr» diýip, iki eliniň aýasynda üç sany jüýje göterip geldi. «Arassaja iş eşikleriň bilen towuk ketege barmaň näme?» diýip käýindimem. Näbileýin ýaramaýandygyny. «Ünsümi sowjak bolýan. Döşüm ýanyp barýar, sowuk suw bersene!» diýdi. Derrew suw getirip berdim. Aldygyna sowuk suw içýär-de, «döşüm gyzýa, döşüm ýanyp barýa» diýdi-de tarpa-taýyn ýogaldy gidiberdi. Adamyň gezip ýörenine-de ynanar ýaly däl. Sanalgy demi tükense gidiberýän eken — diýip uludan dem alyp: — Beterinden saklasyn, oňa berilmedik ömür çagalaryna berilsin. Şükür edýän. Tüweleme, bir ogul, bir gyz perzendimiz bar. Bäş agtygymyz, bäş sany çowlugymyz bar. Ählisi daşymdan aýlanyp durlar. Oglumyň, gyzymyň öýleri aýry bolsa-da, hemmämiziň öýümiz, ynha, şu köp gatly jaýda bileräk ýerleşýär. Gelnim ulag sürýär. Kä wagt: «Ýör, içiň gysmaz ýaly, açyk howada gezim edeli!» diýip baýra gezelenje äkidýär.

Häzir 80 ýaşdan geçdim. Işlän döwrümde  «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglandym.Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Pensiýa çykanymdan soňam 17 ýyl işledim. Gowy adamlar halypam, gowy adamlar şägirdim boldy — diýip gürrüň berdi. Oňa «gowy adamlar» diýip, zehin babatda aýdýaňyzmy ýa-da adamkärçilik babatynda» diýip sowal berdim. Ol: «Ikisem» diýip bir demde jogap berdi-de, halypalaryny ýatlady.

— Oguljahan Mämikowa, Geldi Döwletow, Oraz Döwletow, Baýram Geldimyradow, Baýram Rahmanow, Arap Gurbanow, Geldi Bäşiýew, Magtymguly Myşşyýew, Juma Ýazmyradow… başga-da ussat halypalaryň ençemesi bilen işleşdim — diýip, olaryň her biri hakynda kän gürrüňler berdi. Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow hakynda aýdan gürrüňi welin, öýüme gelemsoňam iki-üç günläp hakydamda aýlandy durdy.

— Juma neresse ýogalmazynyň öňýanlarynda agyr ýagdaýda ýatyrka kärdeşler bolup soramaga gitdik. Syrkaw soralanda eliň boş barmak gelşiksiz. Odur-buduryň ýany bilen owadan dürtülip, siňňin bişirilen gyzgynjak çörek alyp bardyk. Wah, neresse, çöregi iki eli bilen göterip, üç gezek maňlaýyna degrip ogşady-da, bir döwüm datman: «Bölmäýin, bölsem beýlekilerem iýer» diýip, degişme bilen syr bildirmejek bolup saçaga dolady. Onuň şol pursatdaky gözlerinden biygtyýar togalanyp gaýdýan gözýaşly keşbi hiç wagt gözümden gider öýdemok. Tä gaýdýançagam ol: «Soň arkaýynlykda iýerin, içerin» diýip aç-suwsuz oturdy. Megerem, neressäniň  bokurdagyndan hiç zat geçmeýän bolara çemli. Kärdeş bolup onuň bilen kän ýyl bile işleşdik. Ol degişgendi, ýöne agrasdy. Hiç bir gelin-gyza «kelç-külç edip» bet niýet bilen garamady. Iş babatynda bilýänlerini halal öwredişi ýaly, şo tarapdanam arassa adamdy — diýip, baha berdi.

Kümüş gelneje haýsy bir zat hakynda gürrüň berse, şol pursadyň gözli şaýady bolup duran ýaly bolýaň. Şeýlebir täsirli gürrüň berýär, edil çeper eser okan ýaly bolýaň. Ol 10 doganyň biri eken. — Häzir erkek doganlarymdan-a ýeke biri, aýal doganlarymdanam üç bolup galdyk. Ejem pahyryň bäş gyzdan soň Taňra tabak tutup diläp alan çagasydy, 26 ýaşynda ýogaldy. Dag ýaly ýigitdi — diýip doganlarynyň suratlaryny görkezdi. Asyl psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor Baýram Basarowam onuň jigisi eken. Gürrüňdeşligimiziň arasynda Kümüş gelneje:

«Ugradýarys seni uly durmuşa,

Baraňda aýagyň ýer tutsun, balam!

Hak eýäňde, halal jübtüňde ýaşa,

Ýörejek ýoluňda gül bitsin, balam!

 

Öýümiň görküsiň, gymmat göwherim,

Aslyň halal, arassadyr pederiň,

Kalbyňa siňdiren tylla edebim,

Öndürjek nesliňe bol ýetsin, balam!

 

Çyn zenanlyk zerdir goluňdan berme,

Ýamanlyk ýüzüni görmäwer herne,

Şu toýy görmedik babaňam ýerne,

Mamaň alkyş aýtman kim aýtsyn, balam!

 

Baran ýigdiň abraýna gaýa bol,

Arsyz gelin, hem mähriban uýa bol.

Gaýyn eneň ojagyna eýe bol,

Şolaryň alkyşy bagtly etsin, balam!»

– diýip, gyzyndan bolan uluja agtygy durmuşa çykanda düzen toý goşgusyny okap berdi.

Kümüş gelneje şahsy arhiwinden Hojanepes Meläýewiň ýazan «Aşyk oglan», «Dumana duwlanan dünýä», «Düýnki gelinler», «Şazadanyň ýaşlygy», «Tylla teňňeler», «Ýalyn» atly kitaplaryny getirip öňümde goýdy. Ol kitaplaryň arasynda dürli ýyllarda Moskwanyň «Molodaýa gwardiýa» neşirýatynda rus dilinde çap bolanlary-da bar. Ol:

— «Plamýa» ady bilen rus dilinde neşir edilen «Ýalyn» powestini Hojanepes üç aýlap Gazojakda wagonda ýaşap, nebit-gazçylaryň durmuşyndan ýazypdy. Bu powest esasynda kinorežissýor, Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew «Garagumuň bürgütleri» atly çeper filmi surata düşüripdi. Hojanepesiň  «Wagondaky üç adam» atly kitaby ýapon dilinde-de çap bolupdy. Hojanepes «Magaryf» neşirýatynda hem-de «Edebiýat gaznasynda» direktor, «Sowet edebiýaty» žurnalynda baş redaktor, Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary we başga-da kän ýerlerde dürli wezipelerde işledi. Ol Türkmenistanda «Kitapsöýüjiler» jemgyýeti açylanda şo ýerde-de işledi — diýip, gürrüň berdi.

Onuň arhiw maglumatlarynyň arasynda özüniňem, Hojanepes aganyňam dürli ýyllarda, kärdeşleri, ýakyn gatnaşyk saklan adamlary bilen düşen suratlary kän eken. Olaryň her biri hakyndaky ýatlamalary bir makalada beýan etmek mümkin däl. Bolsa-da, ol «Edep ýoly ebedi» atly kitabynda birnäçe oýlanmalarydyr makalalaryny, özi hakynda kärdeşleriniň hem-de 20-ä golaý kitabyň awtory bolan ýanýoldaşy Hojanepes Meläýew hakynda dürli ýyllarda ýazylan makalalary ýerleşdiripdir. Bu kitap «Iki ägirt bir bürünje dolanan» atly Çuwal bagşa hem-de onuň gyjakçysy Sapar Bekä bagyşlanyp ýazylan makala bilen açylýar. Ýöne onuň gürrüňlerini diňlemek welin diýseň gyzykly. Kümüş gelnejäniň bir mahal aýdan şu wakasy ýadyma düşdi. Ol şonda:

— Milli teatr sungatymyzyň gözbaşynda duranlaryň biri Aman Gulmämmedowy guýmagursak zehinli artist hökmünde tanaýardym.

Türkmen telewideniýesiniň ýaşlar redaksiýasynda işleýärkäm, iş sapary bilen Moskwa gidenimde, uçarda Aman aga bilen onuň aýaly Marala gabat geldim. Uçaryň bir hataryndaky üç oturgyjynda Aman aga, Maral gelneje we men, üç bolup ýerleşdik. Aman aga agyr syrkawlygy sebäpli Moskwanyň merkezi keselhanasyna barýan ekeni. Ýagdaýy agyrdy. Şonda-da derdi azajyk kiparlan wagty özara gürleşmäge çalyşýardy. Ol menden nirede işleýänligimi sorady. Aýtdym. Aýalynyň beren dermanyny içenden soňra, Aman aga az-kem irkildi. Oýanansoň ýene-de ýagdaýynyň ýetdiginden ony-muny gürrüň berdi. Gürrüň arasynda menden: «Öň Moskwa baryp görüpmidiň?» diýip sorady. Moskwa ilkinji sapar barýandygymy aýdanymda, ol: «Barjak ýeriňi bilýäňmi?» diýdi. Oňa  barmaly ýerimiň salgysyny ýazyp alandygymy aýdanymdan soňra ol başga sorag bermedi.

Moskwanyň aeroportunda Aman aga «Tiz kömek» maşyny garaşyp duran ekeni. Iki lukman söýget berip Aman agany maşyna mündürdiler. Aman aga aýalynyň ýany bilen menem maşyna münmäge çagyrdy. Lukmanlar bu ýagdaýa geň galsalaram, seslerini çykarmadylar.

Aman aga «Tiz kömegi» Türkmenistanyň Moskwadaky wekilhanasyna tarap sürmegi buýurdy. Baranymyzdan soňra wekilhananyň ýolbaşçysy Gök Abaýewi çagyryp, oňa tabşyryk berdi:

— Şu gelin öň Moskwa gelip görmändir. Şuny barmaly ýerine özüň eltip, elin ýerleşdir. Ýaş maşgala ýat şäherde ytygsap ýörmesin. Soňra meni soramaga keselhana baranyňda aýdarsyň — diýip, maňa çalaja baş atyp hoşlaşdy-da, başyny ýassyga goýdy. Şolam Aman agany iň soňky görşüm boldy.

Elbetde, şonda Aman aga duşmadygam bolsam, Moskwada ýitib-ä gitmezdim, ýöne barjak ýerimi tapman kösenmegim mümkindi.

Türkmen zenanyna atasynyň ýa-da agasynyň edäýjek ýagşylygyny eden şol mähriban adama minnetdar kalbym ömürboýy onuň ruhuna tagzym etmegi emir edýär.

Ruhuňyza tagzym, Aman aga! — diýip, ýagşy dilegler aýdyp ýatlady.

Durmuş hem zähmet tejribesi ýetik, adyndan beýik adamlar bilen işleşen, sowatly, edepli, giň düşünjeli, esasanam saýlan kärine ylahydan berlen ukyp-başarnykly adamlaryň sylag-hormaty, olaryň her bir edýän işiniň, aýdýan gepiniň-sözüniň köpüň göwnünden turýanlygy bilen baha berlende has düşnükli bolýar. Bu babatda Kümüş gelnejäniň žurnalistlik ussatlygy hakynda käbir pursatlaryň üsti bilen ýatlanyňda-da, onuň öz käriniň hakyky eýesidigine göz ýetirmek kyn däl. Ynha, oňa bir mysal. Kümüş gelneje türkmen radiosynda hem telewideniýesinde işlän döwründe ilki okuw gepleşikler redaksiýasynda, soňra çagalar, ýaşlar redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýär. Ol entek ýurt Garaşsyzlygymyzy almankak daşary ýurtly ildeşlerimiz üçin «Meniň Watanym» ady bilen ýörite programma ýaýlyma çykanda, ençeme kynçylyklara döz gelmeli bolupdyr. — Programma berilýan wagt azdy, özem ýaýlyma Daşkendiň üsti bilen çykmalydy. Şonda programmany kemsiz-kössüz etmek üçin yhlas bary siňdirilýärdi. Işimize öz pikirdir tekliplerini aýdyp, daşary ýurtly ildeşlerimizden hatlar kän gelýärdi. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredildi-de, soň şol programma giňeldilip, «Türkmen sesi» radio merkezine öwrüldi.

Bir gezek «Türkmen sesine» Eýran türkmenlerinden bir günde üç hat geldi. Okap görsek hemmesi bir mazmunlyrak. «Şo Kümüş Meläýewa diýilýän gelniňiziň dilinden çykýan gepleşikler-ä köňül törüňden bir orun alansoň, aýyrjak gümanyň ýok. Al, tüweleme, özem sesi dagy ýag ýaly. Diňleseň radiodan gulagyňy aýrasyň gelenok. Şeýle işgärleriňiziň ylahym ömri uzak, işi rowaç bolsun» diýip ýazylypdyr. Hatlaryň üçüsinde-de şeýle. Kärdeşlerim menden beter begendiler. Sebäbi ol ähli kärdeşlerimiziň zähmetine berilýän bahady. Soň ýol açylyp gatnaşyklar giňände Türkmensähradan ýurdumyza myhman gelen ildeşlerimiziň biri, ýörite iş ýerime baryp, ynha, şu Gurhany sowgat berdi — diýip, Kümüş gelneje sowgat berlen Gurhany görkezdi.

Kümüş Meläýewa hünäri boýunça matematika mugallymy. Ol 1963-nji ýylda Daşogzuň mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Ol ýerde bir ýyl okansoň, institut häzirki Türkmenabat şäherine geçirilýär. Şondan soň ol okuwyny şu wagtky Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda dowam etdirip, tapawutlanan diplom bilenem tamamlaýar. Soňra ol paýtagtymyzda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Mugallymçylyk kärinde üç ýyl işlänsoň, ol žurnalistika hünärine baş goşýar we ömrüni tutuş şu käre bagyşlady. Ussatlyga ýeten ençeme şägirtleri ýetişdirdi. Ol özüniň žurnalistlik kärine baş goşmagyny ýanýoldaşynyň ýazyjy bolanlygynyň täsir edendigi bilen düşündirdi. Belki, şeýle bolmagy mümkin, ýöne haýsy bir kär bolanda-da, ilki bilen öz ukyp-başarnygyň bolmaly. Üstesine-de zehiniňi, başarnygyňy irginsiz zähmetiň bilen kämilleşdirmeli. Bu hemmä düşnükli. Şu tarapdan alanyňda Kümüş gelneje juda işeňňir zenan. Ol häzirem şeýle. Öýüniň arassaçylygy, sünnäläp gaýaýan keşdeleridir basmalary onuň eli çeperliginiň aýdyň subutnamasy. Ýaş mahallary gürrüňdeş bolanymda onuň aýdan gürrüňlerini ýazgy edipdim. Şonda ol 1-nji sentýabr gününiň ýatlamalary barada şeýle gürrüň beripdi.

— Dogry, bilim almagyň, edep öwrenmegiň belli bir senesi, güni, aýy ýok. Ömür salyň näçe bolsa öwrenmeli, özleşdirmeli sapaklaryňam şonça. Ýöne 1-nji sentýabr — bilimler dünýäsine gadam goýulýan sähetli gün. Bu ylaýta-da, mekdebe ilkinji sapar gadam goýýan körpeler üçin hem-de şol körpeleriň ene-atalary üçin ömürlik ýatda galýan şatlykdan hem aladalardan, tolgunmalardan hem buýsançdan doly arzyly gün. Şol gün ene-ata «Ýedi ýaşda molla berdim salamy» diýen ýaşa ýeten balasyny «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan ynsanperwer adama ynanýar. Sebäbi bu uly durmuşa goşulmak üçin mugallymyň bilimnama hem edepnama mekdebini geçmek hemmeler üçin parz. Bir akyldardan «Sen näme üçin mugallymyňy eneňden-ataňdan zyýada görýäň?» diýip soranlarynda, ol dana kişi: «Enem-atam maňa şu ýagty dünýäni peşgeş berdi, mugallym maňa şol ajaýyp dünýä akyl ýetirmegi öwretdi» diýip, jogap beripdir.

Ilki gözümiň göreni, gelin dilimiň söýeni, nowbahar gyz balamy, şondan iki ýyl geçenden soňam oglumy ilkinji sapar mekdebe eltenim şu günki ýaly ýadymda. Olaryň egin-eşiginiň köpüsini, başlaryna geýen tahýalaryny öz elim bilen sünnäläp sypap tikipdim. Sebäbi çaganyň geýjek eşigine enäniň eliniň ýylysy ornasa, mähri siňse, çaganyň häsiýetine mähir-muhabbet ornaýar, perzent ene-atasy bilen ýürekdeş bolýar diýip, özümizden ululardan eşiderdik. Hawa, şol arzyly 1-nji sentýabr güni ilki perzendimiň elinden tutup, ak mekdebe elten günümi kalbymda besleýän ak arzuwlarymyň hasyl bolup başlan senesi hasap edýärin.

«Her kimiňki özüne, gül görüner gözüne» diýleni. Ak mekdebiň howlusy bir-birinden eýjejik çagalardan doly welin, meniň hyrydar nazarym öz balamda hem-de ony okatjak mugallymda. Şol mugallym zenan gyzymyň elinden tutup alyp gidende, ýüregimiň bir bölegi mugallymyň elinde galan ýaly boldy. Şol arzyly 1-nji sentýabr güni çagalarymyň uly durmuşyň ak ýoluna düşüp ugran şowly senesiniň başy boldy. Olar her günki sapaklardan soňra öýe gelenlerinde, edil hatarly kerwenim sag-aman dolanyp gelen ýaly bolardy.

Ene-atanyň perzendiň öňündäki borçlarynyň esasylarynyň biri oňa sowat-bilim bermek. Şol mukaddes borjy hem mugallymsyz amala aşyrmak mümkin däl.

«Mugallymyň sözi — Watanyň sözi» diýilmesiniň şondan bolmagy mümkin. Ömrümiziň örki, gül Watanymyzyň görki, eziz balalar! Bilimler ýurduna gadam urýan ýoluňyz ak bolsun!

Ýaş nesillerimizi bilimleriň belent binasynyň çür başyna tarap basgançak-basgançak göterip barýan mähriban mugallymlar! Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun! Şägirt-halypa gatnaşyklaryňyz ýürekdeşlikden bolsun!

Mähriban Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyna giň ýol açan, halkara derejesinde alym Prezident diýlip tanalýan hormatly ýurt Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýurt ykbalyny egne alyp biljek ylmy derejesine mynasyp alymlar köp bolsun!— diýipdi.

Kümüş gelnejäniň öz çagalary-da ýokary bilim alyp dürli kärlerde zähmet çekip, häzir olaram pensiýa ýaşyna ýetip, zähmet dynç alşa çykypdyrlar.

Täsirli söhbetdeşlikden soň, hoşlaşyp gaýtmakçy bolanymda Kümüş gelneje: — Hökman makala ýazmak üçin däl, şeýlekinem çaýlaşmaga gelip dur, azalyp barýas, azalyp barýas, ýadyňdan çykaraýmagyn! — diýip, öwran-öwran gaýtalady. Onuň şeýlebir ýürekden aýdan «azalyp barýas» diýen sözleri diýseň oýlandyrdy.

Akgül SAPAROWA.

 

 

Daňatar Hydyrow:kalby sazly halypa

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri