SIZDEN GELENLER

Kişmiş barada…

Ata-babalarymyz has irki döwürlerde hem kişmişiň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny bilipdirler. Ol halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Bilermenleriň bellemegine görä, kişmişde peýdaly mikroelementler adaty üzümiňkiden 30 — 40 göterim köpdür. Kişmişiň dürli hili görnüşleri bar. Olardan dört görnüşi has ýörgünlidir.

Biziň ýurdumyzda onuň gara we sary reňkli görnüşleri köpräk, açyk sary reňkli we uly kişmişler seýregräk ulanylýar. Bu iýmitiň dermanlyk häsiýetleri hakynda köp zatlary aýtmak bolar.

Birinjiden, bedeniň dürli kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýandygyny, rahatlandyryjy serişdedigini bellemeli. Galyberse-de, onuň ganazlykdan ejir çekýänlere, aşgazan kesellerine uçranlara emdigini halk lukmançylygynyň tejribeleri tassyklaýar.

Kişmişiň düzüminde protein we ýaglar bolup, ol süňňüň kuwwatyny artdyrýar. Agyr zähmet, sport bilen meşgullanýanlar üçin kişmiş has peýdalydyr. Türgenlere kişmişi bal bilen garyp iýmek maslahat berilýär. Onuň düzüminde B ýokumy, demir, magniý, bor, köp mukdarda fruktoza we glýukoza bar.

Çagalara kişmişi süýjiniň deregine bermek hem bolýar. Ol körpeler üçin emeli süýjülerden has peýdalydyr. Bu ýokumly iýmit adamy sowuklamadan, üsgülewükden, ýürek agyrysyndan hem goraýar.

Kişmiş guradylan üzüm bolup, aşhanada dürli tagamlara goşulyp, Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada, şeýle hem Ortaýer deňzinde giňden ulanylýar.

Agramyna baglylykda onuň 67% -den 72% -i fruktoza we glýukoza şekerinden durýar. Şeýle hem düzüminde 3% belok we 3,5% iýmit süýümi bar. Täze maglumatlara görä uzak wagtlap yzygiderli (günde üç gezek) kişmiş iýmek, gan basyşynyň ýeňil ýokarlanmagy bolan adamlarda gan basyşyny peseldip biler.

Dünýäde her ýylda 1,2 million tonna kişmiş öndürilýär. Şäniksiz kişmiş öndürmekde Türkiýe bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji we ikinji orunlary eýeläp gelýärler. Bu ugurda üçünji ýerde Eýran barýar. Beýleki öndürýän ýurtlaryň arasynda Gresiýa, Çili, Argentina, Awstraliýa we Günorta Afrika Respublikasy bar.

Iň köp import edýän ýurtlaryň arasynda Beýik Britaniýa (24,5%) birinji ýeri eýeleýär, ondan soň Germaniýa (9,5%), Russiýa (8%) we Niderlandlar (6,5%) bar. Bu dört ýurduň importy, dünýädäki importyň ýarysyna golaýyny tutýar.

Nurmyrat Şakulow, 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/sabyr-atayewa-hakydada-galan-kespler/

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri