SIZDEN GELENLER

Kino sungatynyň döreýşi

Kinematograf sözi fransuz “Cinematographie” sözünden gelip çykýar. Bu söz hem iki sany Grek sözleriň birikmesinden, ýagny “Cinema (Kinema – hereket) + graphe (Graphein – ýazmak)” sözlerden emele gelipdir.

Kino taryhynyň başy elbetde kino tehnikanyň taryhyna girmek bilen kino kameranyň oýlap tapylmagyndan başlanýar. XIX asyryň ahyrlarynda alymlar birnäçe açyşlar edipdirler. Şol döwrüň meşhur fizik alymy Tomas Edison 1894-nji ýylda kinetoskop enjamyny oýlap tapýar. Bu enjamyň üsti bilen diňe ýekeje tomaşaçy ýörite görülýän aýnanyň üsti bilen kiçijik figuralaryň üznüksiz aýlanýanyny synlap bilýän eken. Emma bu enjam diňe bir tomaşaça niýetlenipdir. Kinetoskop kino taryhyndan öňki döwre degişli bolup, ol kino tehnikanyň taryhyna girýär we kino kameranyň oýlanyp tapylmagyna esas bolýar.

Kinematografiýanyň düýbüni tutujylar hökmünde doganlar Lui we Ogýust Lyumiýerler hasaplanýar. Olar 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Pariždäky “Grand cafe” kafesinde  sessiz, reňksiz ýagny ak-gara görnüşli, dowamlylygy 48 sekunt bolan “L’Arrivée d’un train en gare de La Ciotat” (Otlynyň Lýa Siota stansiýasyna gelmegi) atly dokumental filmi köpçülige görkezýärler. Filmde otlynyň demir ýol menziline gelmegi ekranda janlandyrylýar. Ekranda görkezilen täsinlige – “hereket edýän suratlara” heniz öwrenişmedik tomaşaçylar özlerine tarap gelýän otlyny görüp howsala düşüpdirler.

Ilkinji görkeziliş kafe 33 frank möçberinde girdeji getiripdir we şol günüň ertesi “janly suraty” – kinony görmek isleýän adamlar şol kafeniň agzynda nobata durupdyrlar. Şeýdip kino sungaty öz tomaşaçylaryny ýygnap, ýörgünli bolup başlapdyr. Kinonyň ilkinji görkezilen güni, ýagny, 28-nji dekabr – Halkara kino güni diýip bellenilýär.

Ilkinji düşürilen kinolarda belli bir wakanyň ssenariýasy bolman, onda diňe durmuşda adamlaryň töwereginde bolup geçýän zatlary görkezilipdir. Şol döwrüň teatr wekili – režissýor, aktýor hem prodýusser Georges Jean Melýes teatr sahnasyndaky ýaly dürli wakalary kinoda ulanmaga başlapdyr. Elbetde, kinoda dürli wakalary janlandyrmak üçin diňe bir kamera ýeterlikli däl. Onuň üçin ýörite kino tehnikalar we keşpleri surata düşürmek üçin bina gerek. Melýes öz kinolarynyň aglabasyny 1898-nji ýylda Montreda açylan kino studiýasynda düşüripdir. Ilkinji režissýorlaryň aglabasy asyl käri fotosuratçy ýa-da foto enjamlaryň fabrikalarynyň eýeleri bolupdyrlar. Kinogoýujylar – kinorežissýorlar köptaraplaýyn bolupdyrlar. Melýes hem öz kinolarynda dekorator, režissýor, ssenarist, operator, aktýor ýaly işleri özi ýerine ýetiripdir. Ol 500-e golaý gysga metražly kinolary düşüripdir. Olaryň içinde “Aýa syýahat”, “Bolmajak zatlaryň içinden syýahat”, “Polýusyň eýelenmegi” ýaly kinolary meşhurlyga eýe bolupdyr. Gyzykly wakaly gysga metražly kinolar tomaşaçylaryň güýmenjesine öwrülipdir.

Kinonyň dörän gününden tä geçen asyryň 20-nji ýyllaryna çenli kino sessiz bolupdyr. Şol sebäpli hem bu döwri “sessiz kino” eýýamy diýip atlandyrylýar. Ol wagta çenli kinolaryň dowamlylygy 15-20 minuda çenli ýetirilipdir. Ekranda görkezilýän kinonyň özünde ses bolmasa-da onuň ýany bilen zaldaky kiçiräk orkestriň ýa-da pianistyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde saz goşulypdyr.

Şol eýýamyň iň meşhur we gaýtalanmajak aktýorlarynyň biri, doly ady Çarles Spenser “Çarli” Çaplin, kinoaktýor, kinorežissýor, ssenarist, prodýusser we kompozitor, “Oskar” baýragynyň eýesi, gysgaça Çarli Çaplin diýlip tanalýar. Ol kino sungatynda, kino taryhynda ajaýyp we ýatdan çykmajak keşpleriň birini – sergezdan Çapliniň keşbini döretdi. Onuň oýnan kinolarynda tomaşaçylara kinoda sesiň, sözüň zerurlygy hem bolmandyr.

1927-nji ýylda düşürilen “Jazyň aýdymçysy” ilkinji sesli kinolaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan filmleriň biri. Bu film kino taryhyndaky ilkinji sesli we doly metražly, sazly kinofilm bolup durýar.

Ençeme kynçylyklary başdan geçiren kino sungatynda ak-gara reňkli kinolaryň ýerine doly reňkli kinolar gelýär. Ýagny reňkli kinolentalar oýlanyp tapylýar. Elbetde bu oýlap tapma çenli hem kinolarda reňkler görünipdir, ýöne olar ýa elde reňk berlen ýa-da doly reňkli däl, has takygy 2-3 sany reňkler bilen reňklenen kinolar bolupdyr. Reňkli film düşürmek gymmat bolýanlygy hem-de hiliniň pesräk bolýanlygy sebäpli olara kän bir isleg bildirilmändir. Şol wagtlaryň nusgalyk kinolary ak-gara reňkde bolupdyr. “Tehnikolor”, “Gasparkolor”, “Agfa” ýaly birnäçe tehnologiýanyň döredilmegi we olaryň kämilleşdirilmegi bilen geçen asyryň ortalarynda kinolara reňkler doly we dogry görnüşde gaýdyp gelipdir.

Kino tehnikalary oýlap tapyjylaryň, kinorežissýorlaryň, umuman aýdaňda kino sungatynyň ähli wekilleriniň kömegi bilen XIX asyrda döredilip, XX asyrda tomaşaçylaryň – kino söýüjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kino sungaty ösdi, özgerdi we bu ösüş ýoly dowam edýär. Häzirki wagtda kinonyň reňki, hili, ses bilen şekiliň hiç hili kynçylyksyz sinhron ýagdaýda gitmegi, ýörite effektleriň goşulmagy, sanly tehnologiýalaryň kämilleşmegi kino sungatyna uly isleg döredýär we tomaşaçylarynyň sanyny has-da artdyrýar.

Taýýarlan: Ajap REJEPOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury