SIZDEN GELENLER

Kiçijik ýalan

Mugallym okuwçylara sapaklar gutarandan soňra çalt öýlerine gitmeklerini tabşyrypdy. Çünki sapaklardan soň juda köp eglenilse ene-atalary alada etjekdiler. Emma, gyzlar mugallymyň aýdanlaryny ýatdan çykardylar, sapakdan soňra biraz oýuna güýmendiler. Olar ylgamak boýunça özara bäsleşdiler. Züleýha ylgamak boýunça juda bir ökde türgen däldi, şonuň üçin hem ol yza galdy. Emma, pellehana iň soňunda baran okuwçy bolmak islemedi we özünden bir ädim öňürti barýan klasdaşy Jennediň ýantorbasyndan asyldy we oňa: “Garaş, maňa-da garaş” diýdi. Jennet bolsa Züleýhanyň elini ýantorbasyndan aýyrmak niýeti bilen has-da çaltrak ylgamaga çalyşdy. Edil şol pursat hem Züleýha ýere ýykylyp düşdi. Züleýhanyň ýüzi ýere degdi we ýara peýda boldy. Züleýhanyň ýykylanyny gören gyzlar ylgamalaryny bes edip oňa kömege geldiler. Gyzlar klasdaşyna ýerden galmaga kömek etdiler we onuň üsti başyny kakyşdyrdylar. Şeýlelik bilen hem bäsleşik gussaly tamamlandy.

Gyş paslydygyna garamazdan Züleýha bu gün bokurdagyna şarfyny dakynmagy unudypdy. Ýüzüniň ýarasyny gizlemek isledi, ýöne, elinde hiç zat ýokdy. Öýüne bardy we gapyny kakdy. Gapyny kakasy açdy. Kakasynyň ýüzi juda gaharlydy, onuň gaharynyň sebäbini Züleýha bilmese-de, ýüzündäki ýaranyň sebäbini kakasyna düşündirmeli boljakdygyny bilýärdi. “Ýüzüňe näme boldy?” diýip, sorady kakasy. Aslynda Züleýha: “Sapakdan soň gyzlar bilen oýun oýnadyk, tötänlikde ýykyldym” diýmelidi. Ýöne dogrusyny aýtsa kakasyndan käýinç eşitjekdigini bilýärdi. Sebäbi her gün irden okuwa gidende sapaklardan soňra güýmenmän öýe gelmek tabşyrylýardy. Züleýha ýalan sözledi, “Klasdaşym Jennet itekläp ýykdy” diýdi. Jogap Züleýhanyň kakasyny has-da gaharlandyrdy, ýöne gyzyna hiç zat diýmedi. Ertesi gün irden kakasy Züleýha özüniň hem onuň bilen mekdebe gitjekdigini aýtdy. Züleýha haýran galdy. Adatça ene-atalar ýygnagy ýa-da baýramçylyk çäreleri bolanda hem kakasy öz işileri sebäpli mekdebe gitmeýärdi, diňe ejesidir enesi gidýärdi. Ýolboýy Züleýhadyr kakasy dymyp gitdiler. Ýöne Züleýha aladalydy, çünki ýene sanlyja minutdan mekdebe baranlarynda onuň ýalany paş boljakdy. Mekdep jaňy kakyldy we okuwçylar klaslara girdiler. Züleýhanyň kakasy klasa girdi we mugallymdan sapagy bölýändigi üçin ötünç sorady. Mugallym Züleýhanyň klas ýolbaşçy mugallymydy. Ol okuwçysynyň kakasyny ilkinji gezek görýärdi. Züleýhanyň kakasy mugallyma şeýle diýdi: “Hormatly mugallym, men size igenmäge gelmedim, ýalňyş düşünmän, ýöne biraz ünsli bolmagy haýyş etmek üçin geldim. Ynha meniň gyzymyň ýüzüne serediň. Düýn mekdepde ýoldaşy ony ýykypdyr. Arakesme wagty hem bolsa göz-gulak bolaýmaly ekeniňiz”. Soňra ol: “Hany Jennet kim araňyzda?” diýip sorady. Nobatçy okuwçy Jennediň bu gün näsaglandygy sebäpli mekdebe gelmändigini aýtdy. Mugallym Züleýhanyň kakasyny köşeşdirdi, Jennet bilen degişli düşündiriş işlerini geçirjekdigini aýtdy. Kakasy näçe biynjalyk hem bolsa elinden öýlerine  dolanmakdan başga zat gelmedi.

Klasda bu waka bolup geçýärkä Züleýha sessiz seredip otyrdy. Birinjidenä ol özüniň kiçijik ýalanynyň üstüniň açylmadygyna şükür edýärdi. Sebäbi, kiçijik hem bolsa ýalan sözländigine utanýardy. Ikinjiden bolsa kakasynyň kiçijik bir ýara yzy üçin ýörite mekdebe gelip, mugallym bilen gürleşmesi, hat-da öz klasdaş gyzyna käýemek niýetindedigi ony haýran galdyrdy. Haýran galmak üçin Züleýhada ýeterlik sebäp bardy. Öýde onuň ähli meseleleri bilen diňe ejesi gyzyklanýar diýen ýalydy. Şonuň üçin hem ol özüni kakasy üçin beýle gadyrly hasap etmeýärdi. Kiçijik ýalanyň kömegi bilen kakasynyň özüni nähili söýýändigine göz ýetirdi. Begenýärdi. Özüni goragly, arkaýyn duýdy. Içinden: “Hiç kim maňa hiç zat edip bilmez, meniň kakam bar, gahrymanym bar” diýýärdi. Züleýhanyň begenjinden hiç kimiň habary ýokdy. Bu heýjanly waka sekiz ýaşlyja gyzjagazyň içki dünýäsinde bolup geçýärdi.

Laçyn Mirabowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika