SPORT

Käbir futbolçylary bilen hoşlaşarlar

Fransiýanyň “Monako” topary şertnamalary gutaran birnäçe oýunçy bilen hoşlaşjakdygyny mälim etdi.

Şeýlelikde, topar derwezebanlar Diego Benallo we Seýdou Si, şeýle hem şertnamalarynyň şertlerini ýerine ýetiren ýarymgoragçy Moussa Silla topary terk ederler. Ýene-de “Monako” toparyň üç oýunçysynyň şertnamasy tamamlandy. Timue Bakaýoko “Çelsi” toparyna, ýarymgoragçy Adrien Silwa we hüjümçi Islam Slimani bolsa “Lester” toparyna dolanarlar.

“Ligue 1-de” wagtyndan öň tamamlanan möwsümiň netijelerine görä, “Monako” 40 utuk bilen 9-njy orny eýeledi.

Related posts

“Forbes”:Ronaldo iň köp girdeji gazanýan futbolçy boldy

Ýewropa klublarynyň ýitgisi

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Ata Watan Eserleri