ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Juma Seýitnyýazow: ussat bibliograf we terjimeçi

Öňräk halypa kitaphanaçy Tamara Abdyllaýewanyň suratyny gözläp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardym. Halypa kitaphanaçylar bilen arhiw suratlary synlap otyrdyk. Suratlaryň arasynda bir ýaşulynyň baýramçylyk dabaralarynda çykyş edip duran suratlaryna gaýta-gaýta gabat geldim. Onuň kimdigini tanaman gapdalymdaky kitaphanaçylardan soradym. Olar eglip suraty synladylar-da: — Ynha saňa, ýazmaga ýene bir halypa. Şu ýaşulam ýatlanmaly adamlaň biri. Juma Seýitnyýazow kän ýyllap başlygymyz boldy. Kitaphanaçylyk işinde köp hyzmat bitiren halypa» diýdiler-de: «Zor adamdy, gyzyl ýaly gowy adamdy» diýşip, ýaşulyny ýagşylykda ýatladylar. Halypa kitaphanaçy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa: — Çagalarymyň kiçiräk wagtlarydy. Käte syrkawlap- sökellänlerinde işe gijiräk gelýän wagtlarym bolardy. Şonda bir gezek meni tas işden çykarypdylar. Jaýy jennet bolsun, Juma aga neresse: «Adamda her hili ýagdaý bolýandyr. Birek-biregi goldalyň! Öz ugrundan ýokary bilimli hünärmen, ýöne durmuş-da, kynçylyksyz bolmaýar. Ýaş maşgala, özlerem kireýne jaýda ýaşap ýörler, güzeran gerek ahyry bulara. Nesip bolsa, çagalary ulalarlar, güzeranlary gowulaşar welin, işimize uly hyzmat edip ynamymyzy ödär» diýip işde alyp galdy. Indi häzir işimde gije-gündiz işlesemem az görýän. Şol ýaşulynyň kynçylykly günlerimde hemaýat edip, aýdan ruhlandyryjy sözleri hemişe gulagymda ýaňlanyp dur. Onuň uly ynamyny ödemek üçin yhlas edýän» diýip gözüni ýaşlap ýatlady. Ýolbaşçy bolup, işgärleriniň ýüreginde şeýle adamkärçilikli sypatlary bilen ýaşaýan adamlary undup bolmaz. Ol ýaşuly hakynda hökman ýazmaly. Aýdyşyňyza görä, ol gowy ýolbaşçy bolupdyr. Dogrusy, özüm-ä ol barada kän zat bilemok. Arhiw maglumatlary tapmaga kömek edersiňiz-ä?! —   diýdim. Olar ýerli-ýerden: «Elbetde,  hökman kömek ederis, ýöne ynha, şu ýanymyzda duran kärdeşimiz Gözelem Juma aganyň gyzy. Gözel Sähedowa-da 50 ýyla golaý wagt bäri bile işleşip gelýär. Şu wagtam ol kakasynyň 90 ýyllygyna bagyşlap bibliografik görkezijisini taýýarlap ýör» diýip ugrukdyrdylar. Ol-a hasam gowy. Kakaňyzyň kärdeşi hem şägirdi ekeniňiz. Onda siz ol barada has gowy zatlar gürrüň berip bilersiňiz. Belki, kakaňyzyň deň-duşurak tanyşlaryny salgy berersiňiz — diýip, Gözele ýüzlendim. Ol ýygralyk bilen, ýuwaşja gürläp: — Şahyr Baýram Jütdiýew, terjimeçi Hudaýberdi Bäşimow dagy kakam bilen deň-duşurak ýaşulular. Şolar kakam bilen gatnaşýardylar, ýöne ýaşuly adamlar bolansoň, ýatkeşlikleriniň nähilidigini bilemok-da — diýip salgy berdi. Soňra-da ýene gürrüňini dowam etdi. Ol: —Kakamyň çagalygy ýeňil geçmändir. Kakam iki ýaşyndaka ejesi ýogalypdyr. Özünden başga dogany bolmansoň ýeke ösen. Atam pahyram çopan adam bolansoň köplenç meýdanda bolupdyr. Atam 76 ýaşynda ýogaldy.

Kakam orta mekdebi tamamlansoň, mugallymlarynyň maslahat bermegi bilen ilki lukmançylyk ugrundan ýokary okuw mekdebine okuwa girýär. Ol talyplyk ýyllary okuwynyň daşyndan Türkmen döwlet kitaphanasyna işe girýär. Şeýlelik bilen onuň pikiri üýtgäp kitaphanaçylyk işine ünsi çekilýär. Onsoň ol Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň «Kitaphana işi we bibliografiýa» fakultetiniň gaýbana bölümine okuwa girýär we 1958-njy ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, ýokary kwalifikasiýaly kitaphanaçy-bibliografyň diplomyna eýe bolýar. Praktiki işiň, teoretik okuwyň utgaşykly täsiri tejribesini artdyrýar. Kakam tutuş ömrüni kitaphana işine bagyşlady. 1965-1982-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň direktory wezipesinde işledi. Köp ýyllyk çeken zähmeti üçin kakam Juma Seýitnyýazow 1974-nji ýylda  «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Kakam direktorlyk eden ýyllaryny ýatlap ýazan elýazmasynda: «Meniň direktorlyk eden ýyllarymda biziň medeniýet ministrlige diýseň zehinli, merdana adamlar — Gara Seýitliýew, Hudaýberdi Durdyýew, Rahym Esenow, Aşyr Mämiliýew ýolbaşçylyk etdiler. Olar kitaphanamyza ellerinden gelen kömegi berdiler. Şol ýyllar respublikamyzyň kitaphanalarynyň işini gowulandyrmak boýunça konferensiýalar, seminarlar ýaly dürli çäreleri yzygiderli geçirýärdik. Metbugatda ol çäreler giňden beýan edilýärdi. Kitaphanamyzda 1960-1967-nji ýyllaryň dowamynda «Şanly seneleriň kalendary» tipografiýa usulynda türkmen we rus dillerinde neşir edilipdi. Şol neşirleri taýýarlamaga men hem gatnaşypdym…» diýip belläpdir. Kakamyň durmuşy hem döredijiligi hakynda kärdeşimiz Guwanç Garryýew uly göwrümli makala ýazdy. Şol makaladan kakam hakynda kän zatlary öwrenip bilersiňiz — diýdi. Men ondan siz özüňiz näçe dogan? — diýip soradym. — Biz on dogan, üç oglan, ýedi gyz dogan. Diňe men kakamyň ugrundan häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini gutapdym. 48 ýyl bäri kitaphana işinde işläp gelýärin — diýip sözüne dyngy berdi. Ondan kakasynyň 90 ýyllygyna bagyşlap taýýarlaýan bibliografik görkezijisiniň elektron ýazgysyny hemem arhiw suratlaryny göçürip aldym. Öýe gelemsoň, bibliografiýa görkezijini doly okap çykdym. Görkezijide Juma Seýitnyýazowyň döredijiligi barada beýan edilip dürli ýyllarda çap edilen materiallar ýerleşdirilipdir. Ol «Juma Seýitnyýazowyň ömrüniň we işiniň esasy tapgyrlary», «Juma Seýitnyýazow —ussat bibliograf we terjimeçi» atly (makala), «Juma Seýitnyýazowyň düzen bibliografik görkezijileri, metodik materiallary», «Juma Seýitnyýazowyň döwürleýin neşirlerde  çap edilen makalalary, habarlary we çykyşlary», «Juma Seýitnyýazowyň terjime eden işleri», «Juma Seýitnyýazowyň redaktirlän işleri», « Juma Seýitnyýazowyň döredijiligi we işi baradaky materiallar», «Juma Seýitnyýazowyň terjime eden çeper filmleriniň sanawy» atly bölümlerden ybarat eken. Baýry kitaphanaçynyň köptaraply döredijiligini açyp görkezmek maksady bilen taýýarlanan bu bibliografik görkeziji giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, ondaky bölümiň içinde materiallar elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir.

Juma Seýitnyýazow 1933-nji ýylyň mart aýynyň sekizine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda doglan, 2001-nji ýylyň noýabr aýynyň sekizine-de ýogalan eken. Ol ilki 1939-1945-nji ýyllar aralygynda Kelejar obasynyň doly däl orta mekdebinde, soňra 1945-1949-njy ýyllar aralygynda  Gökdepäniň mekdep-internatynda, Bäherdeniň orta mekdebinde okaýar. Mekdebiň we komsomolyň etrap komitetiniň iş dolandyryjy kätibi bolup işleýär. 1949-1952-nji ýyllarda Türkmen döwlet medisina institutynda okaýar. 1951-1953-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet kitaphansynyň kitaphanaçysy. 1953-1956-njy ýyllarda şol kitaphananyň uly kitaphanaçysy bolup işleýär. Okuwynyň gapdaly bilen utgaşyklylykda 1956-1958-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň okalga zalynyň müdiri, soňra 1958-1959-njy ýyllarda sorag-jogap bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1959-1962-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň gündogar bölüminiň müdiri, 1962-1963-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, 1963-1965-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini ýerene ýetiriji bolup işleýär. Ol 1965,1967, 1969-njy ýyllarda  TSSR  Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanypdyr. 1982-1989-njy ýyllarda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphansynyň ylmy-metodik bölüminde redaktor, 1989-1992-nji ýyllarda Türkmenistanyň milli kitaphanasynyň hödürleýji bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1993-nji ýylda şol kitaphanada Türkmenistany öwreniş we sorag-jogap bölüminiň müdiri, 1994-2001-nji ýyllarda bolsa, Baş kitaphanaçy wezipelerinde işleýär.

Ol özüni başarjaň guramaçy hökmünde görkezýär. Döredijilik yhlasyny esasan bibliografiýa bagyş eden Juma Seýitnyýazow 1959-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllygyna bagyşlanan bibliografik görkezijisini düzýär we okyjylar köpçüligine ýetirýär. Türkmen bibliografiýasynyň taryhynda bu iş ilkinjiligi we many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň personal bibliografiýalaryny düzmek, olara bagyşlanan görkezijileri taýýarlamak işinde Seýitnyýazowyň bitiren işlerine uly baha berilýär. Juma Seýitnyýazow ökde terjimeçi hökmünde hem özüni tanadan adam. Ol uly göwrümli, gysga göwrümli kinofilmleri, esasanam çagalar üçin multfilmleri, drama eserlerini, hekaýalary terjime etmek bilen yzygiderli meşgullanýar.  Ol G. Abbaszadeniň, A. Alekseýçiniň, N. Alyýewiň, M.Aminowyň, K.Amirowyň, L. Arabeýiň, T. Aslanowyň, A.Balakaýewiň, S. Baruzdiniň, W. Belousowyň, M. Butaýewiň, A. Galuýewiň, H. Gülnazarýanyň we başga-da onlarça ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini terjime edipdir. «Aýaz we Aýazjyk» atly litwa, «Dört batyr» atly gazak ertekilerini türkmen diline geçiripdir. 1972-nji ýylda «Tokaý balladasy», 1973-nji ýylda «Gara şazada» hem-de «Kiçijik öwütler», 1974-nji ýylda «Söweşe diňe garrylar gidýärler» şeýle hem «Men serhetde gulluk edýärin», 1978-nji ýylda «Mähremlik» we başga-da birnäçe filmleri terjime edipdir. 1963-nji ýylda  Sahyp Jemal. Kör gyzyň täleýi: roman /Rusçadan terj. eden J. Seýitnyýazow – A.: Türkmenistan, 1963. – 261s. 1966-njy ýylda Hawpaçýew H. Meniň professor bolşum: /Kabarda ýazyjysynyň hekaýasy / Rusçadan terj. eden J. Seýitnyýazow // Edebiýat we sungat. – 1966. – Ýanwar, 8. 1969-njy ýylda Sahyp Jemal. Gara bägül: 3 perdeli 12 görnüşli drama / Özbekçeden terj. eden J. Seýitnyýazow – A., 1969. – 75s. 1971-nji ýylda Rid W. Geçigaplaň: powest /Rusçadan terj. eden J. Seýitnyýazow – A.: Türkmenistan, 1971. – 154s.

Umuman alanymyzda, onuň türkmen diline geçiren ululy-kiçili filmleriniň sany 30-a golaý bar eken. Şonuň üçin terjimeçilik işi bilen bagly bolansoň, bu barada ýazyjy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolduk. Ol: — Juma Seýitnyýazow ýumşak häsiýetli gowy adamdy. Kän ýyllap ýurdumyzyň iň uly kitaphanasynda direktor bolup işledi. Köp okaýan adamdy. Esasan kino hem telefilmleri, çagalar üçin multfilmleri, hekaýalary, powestleri terjime ederdi. Ýöne onuň terjime eden sahna eserlerem bar. Şu wagt onuň çagalar üçin terjime eden «Sogan ogurlygy» atly pýessasy ýadyma düşdi. Eseriň awtory Maşadu, ady ýadyma düşenok, ýalňyşmasam hindileň ýazyjysy bolmaly. Şol sahna eseri öňki Ýaş tomaşaçylar teatrynda Durdymämmet Oraýew sahnalaşdyrypdy. Juma neresse kitaphana baryp pylan kitap gerek diýdigiň bolany, dessine aladaňy edip işiňi bitirerdi. Onuň terjimeçilik işinde çaga dilini beýan edişi üýtgeşikdi. Diýseň ökde terjimeçidi. Kän gezek çaý başynda söhbetdeş bolduk. Döredijilik hakynda häli-şindi gürrüňdeş bolardyk, ýöne segsen ýaşdan geçemsoň hemme zat bada-bat hakydama gelenok. Häzirlikçe şular ýadyma düşýä. Biz bir indi bişen gawun, haçan tänjegimiz belli däl, ýöne bilýänje zatlarymyzy ýanymyz bilen äkitmez ýaly arkaýyn, çekinmän soraberiň, jaň edip duruň, ýadyma düşeninden aýdyp bererin — diýip ýaşuly ýazyjy ýagdaýyny aýtdy. Soňra Baýram aga (Jütdiýewe) jaň etdim. Ol: — Juma Seýitnyýazow Gökdepe adamsy, ýamanlygyny göremizok. Gara ýer ýaly adamdy. Gyzyl ýaly gowy adamdy. Garynjany ynjytmadyk adam. Türkmençiligi gowy bilýärdi. Dili gowudy, ownukly-irili eserleri terjime ederdi — diýip baha berdi. Şol pursat öý telefonumyza halypa ýazyjy Çary Geldimyradowdan jaň geldi. Onsoň ondanam Juma aga barada bilýänlerini soradym. Ol: — 1975-nji ýylda Gurbannazar Ezizow ýogaldy. Şo mahallar şahyryň  kakasy gum içinde mugallymçylyk edýärdi. Ogly ýogalansoň, Eziz aganyň işe gatnamaga ýarawy bolmady. Şonda ony öýüniň golaýy bolansoň, hemem «kyn gününde içini hümledip öýde oturmak agyr düşer» diýip, Juma Seýitnyýazow ony kitaphana işe aldy. Eziz aga uzak wagt bolmasa-da, ömrüniň ahyryna çenli kitaphanada işledi — diýip gürrüň berdi.

Juma Seýitnyýazow hakynda kimden sorasaň ilki bilen onuň adamkärçiligine juda uly baha berýärler. Ol il gününiň iň gowy sözler bilen ýatlamagyny, özüniň juda gowy gylyk-häsiýetleri bilen gazanypdyr. Onuň halkymyzyň öňünde bitiren işlerem öwgä mynasyp eken. «Ol kitaphana işine, Türkmenistanyň uly kitaphanasynyň dürli meselelerine, bibliografiýa degişli köpsanly makalalaryň awtorydyr. Juma Seýitnyýazow kitaphanaçylyk işine degişli birnäçe ylmy makalalary, kitaplary, edebiýatlary, gollanmalary redaktirlemäge gatnaşdy. Türkmenistanda köpýyllyk netijeli işleri bilen kitaphananyň bibliografiýa pudagynyň kämilleşmegine ýardam eden adamlaryň hatarynda Juma Seýitnyýazow görnükli orun eýeleýär. Ýigrimi ýyla golaý wagt Türkmenistanyň iň uly kitaphanasyna ýolbaşçylyk etmegi, saldamly bibliografiýa görkezijileri düzüp, okyjylar köpçüligine ýetirmegi, çeper terjimede köp işleri bitirmegi, kitaphana işiniň guramaçylyk meseleleri bilen onlarça ýyllaryň dowamynda iş salşyp gelmegi ony öz saýlap alan ýoluna ýüregi bilen berlen döredijilikli adam hökmünde tanatdy. «Edebiýat we sungat» gazetinde guralan çaý başynyň söhbedinde şahyr Annaberdi Agabaýew döwlet kitaphanasynyň direktoryna ýüzlenip şeýle diýipdi: «Juma Seýitnyýazow size žurnalistlerimiziň käbiri respublikamyzyň Baş kitaphanaçysy diýýär. Siz dogrudanam, indi otuz ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň ody bilen girip, küli bilen çykýarsyňyz. Ençeme ýyl bäri bolsa, onuň dört ýüz adamdan gowrak kollektiwine ýolbaşçylyk edýärsiňiz…» Bu aýdylan sözler örän ýerliklidir. Çünki kitaphanaçylyk işine ähli durky bilen berlen Seýitnyýazow türkmen intelligensiýasyna özüni mazaly tanadypdy. Özem diňe Türkmenistanyň iň uly kitaphanasynyň administratiw-guramaçylyk işleri bilen gümralanýan ýolbaşçy hökmünde däl-de, eýsem döredijilikli agtaryşlaryň başynda durýan adam hökmünde tanatdy. Ol dowamly zähmet ýoluny geçdi. Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna ýolbaşçylyk eden ýyllary bir giden döredijilikli işleriň başynda durdy, işbaşarjaň kitaphanaçy-bibliograflaryň ösüp ýetişmegine ýardam berdi. Elbetde, birnäçe ýüz adamdan ybarat bolan zähmet kollektiwine ýolbaşçylyk etmek, örän köp wagtyňy we güýjüňi sarp etmegi talap edýär. Şeýle-de bolsa, has öndümli ýyllar, onuň şu wezipäni ýerine ýetiren ýyllaryna gabat gelýär. Juma Seýitnyýazow esasan hem kitaphanalarda emele gelýän neşirler deňzinde okyjylaryň ynamly, maksatly ýüzmeklerini üpjün edýän işler bilen has ýakyn meşgullanýar. Onuň okyjylara ýetiren bibliografik görkezijileriniň arasynda ýazyjy-şahyrlara bagyşlananlary has görnükli orunda durýar. Respublikamyzyň kitaphanalarynyň iş tejribesini kitaphana işgärleriniň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen  kitaphananyň hünärmenleriniň tagallasy netijesinde Seýitnyýazowyň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylda  «Kitaphana işi» diýen býulleteniň dört sanysy neşir edildi. Ýöne bu gowy başlangyç käbir sebäplere görä togtadyldy.

Öz döredijilik yhlasyny, esasan bibliografiýa bagyş eden Seýitnyýazow, 1959-njy ýylda Magtymgulynyň 225 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bibliografik görkeziji taýýarlady. Professor Mäti Kösäýewiň şol görkezijä redaktorlyk etmegi, onuň kämil görkeziji bolup çykmagyna ýardam etdi. Ýazyjy-şahyrlara bagyşlanan görkezijileri taýýarlamak işinde Seýitnyýazowyň ýeten sepgitlerine uly baha berilýär. Berdi Kerbabaýewiň personal bibliografik görkezijisiniň neşir edilmegi mynasybetli ýazan makalasynda kitaby, bibliografiýany öwreniji alym Almaz Ýazberdiýew: «Türkmenistan neşirýaty tarapyndan golaýda çap bolan Berdi Kerbabaýewiň döredijiligi boýunça bibliografiýa görkeziji» diýen kitapçany täze bir başlangyç hökmünde her taraplaýyn gutlasyň gelýär. Ony respublikamyzyň belli kitaphanaçylaryndan biri Juma Seýitnyýazow taýýarlapdyr. Ýeri gelende aýtsak Seýitnyýazow türkmen ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň personal bibliografiýalaryny düzmekde belli derejede hyzmat bitiren adam. «Beýik türkmen şahyry Magtymguly-Pyragy», «Aman Kekilow» ýaly görkezijiler hem Seýitnyýazowyň gatnaşmagynda düzüldi. «Berdi Kerbabaýewiň döredijiligi boýunça bibliografiýa görkeziji» diýen täze iş türkmen ýazyjylaryna bagyşlanyp düzülen bibliografiýanyň içinde iň saldamlysydyr. Onuň ýaşuly ýazyjymyzyň öz halkyna goýup giden baý edebi mirasyny öwrenýän edebiýatçy alymlarymyz üçin gerekli gollanma  bolup hyzmat etjekdigi ikuçsyzdyr. Görkezijide toplanan materiallar  Kerbabaýewiň ýarym asyrdan gowrak wagtyň içinde dürli žanrlarda, poeziýada, prozada dramaturgiýada, edebiýaty öwreniş ylmynda hem-de jemgyýetçilik işinde bitiren hyzmatlaryny görkezýär» diýip baha beripdir. Bu ýazgylary 1993-nji ýylda Juma Seýitnyýazowyň 60 ýaş toýy mynasybetli taýýarlanan bibliografik görkezijisinde kärdeşi Guwanç Garryýewiň ýazan makalasyndan aldyk. Makalada Juma Seýitnyýazowyň zähmet ýoly hakynda ýene-de şeýle beýan edilipdir. «Döwlet kitaphanasynda uzak ýyllaryň dowamynda işlemek bilen Seýitnyýazow ülkämiziň dürli künjeklerinde bolup, ýerlerdäki kitaphanalara metodik hem praktik kömegi berip geldi. Hünäri kämilleşdiriş kurslarynda mugallymçylyk etdi. Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda, Türkmen döwlet uniwersitetiniň kitaphanaçylyk bölüminde ençeme ýyllap döwlet ekzamenleriniň komissiýalarynyň başlygy boldy. 1970-nji ýylda ol Kitaphana assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň /IFLA/ 36-njy sessiýasyna gatnaşdy. 1971-nji ýylda kitaphana işgärleriniň ýöriteleşdirilen topary bilen Bolgariýanyň Warna, Türkiýäniň Stambul, Gresiýanyň Afina şäherlerinde hem-de Müsürde bolup geldi. 1976-njy ýylda bolsa Sowet Soýuzynyň delegasiýasynyň düzüminde Mongoliýada bolup, Ulan-Batorda kitaphanaçylaryň, medeniýet işgärleriniň  öňünde «Türkmenistanda kitaphana işiniň ösüşi» diýen temadan doklad bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň milli kitaphanasynda Dil baradaky kanuny durmuşa geçirmek boýunça ol kän iş etdi. Ol kitap sergilerini atlandyrmak, olaryň rusça atlaryny türkmen diline geçirmek babatda yzygider işler alyp bardy. Onuň bu kän bir göze görünmeýän işi örän möhümdir hem-de zerurdyr. Çünki, Türkmenistanyň milli kitaphanasynda guralýan köpsanly sergiler arkaly milli baýlygymyz bolan kitaplar, gazet-žurnal materiallary aýan edilýär. Dürli kärdäki okyjylary okaýşa çekmäge çagyrýar. Sergä özüne çekiji at dakmaklyk bolsa, üstünligiň bir bölegi. Hödürleýji bibliografiýa bölüminde zähmet çeken döwri ol dürli wajyp temalardan onlarça bibliografik görkezijileri taýýarlady. Özem diňe bir kataloglarda we kartotekalarda bar bolan çeşmeleri ulanmak bilen çäklenmän, beýleki çap bolan materiallary hasaba alýan neşirler bilen içgin işleýär. Dürli kärdäki awtorlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Käbir awtorlar ýa-da temalar boýunça milli kitaphananyň kataloglaryndaky we kartotekalaryndaky maglumatlar doly däl bolsa, ol çyndan gaharlanardy. Sorag-jogap serişdelerini kämilleşdirmegiň perespektiw bibliografik gözlegleriň ähmiýeti dogrusynda düşündirer. Şu ýerde Seýitnyýazowyň kitaphana işine, Türkmenistanyň iň uly kitaphanasynyň dürli meselelerine degişli köpsanly makalalaryň awtorydygyny hem aýratyn belläsimiz gelýär. Ol makalalar kitaphana işinde bolup geçýän täzelikler bilen okyjylary tanyşdyrmak babatda köp iş bitirdiler» diýip makalanyň awtory  ussat bibliograf  we terjimeçi Juma Seýitnyýazowy iň gowy arzuwlar bilen 60 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gutlapdyr. Ondan bäri otuz ýyl geçipdir. Şu ýyl bolsa, merhum kitaphanaçynyň 90 ýyllygy. Halkymyzyň öňünde uly işler bitiren ussat bibliograf, terjimeçi Juma agany ýagşylykda ýatlap, ruhunyň şat bolmagyny arzuwlaýarys.

Akgül Saparowa

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri