TEHNOLOGIÝA

Jemi 2 million 318 müň 602 gezek: 2020-nji ýylyň maglumaty

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýty 2020-nji ýylda özüniň okyjylarynyň sanyny ep-esli artdyrdy, ýurdumyz baradaky habarlary  we global täzelikleri her gün on müňlerçe okyjylara gyzgyny bilen ýetirdi. Häzirki wagtda habar saýtlarynyň okyjylarynyň sanyny kesgitleýän birnäçe usul bolup, olaryň iň ygtybarlylarynyň biri  hem “Google Analytic”  maglumatlary kabul edilýär. Bu maglumatlara görä, geçen ýyl saýtymyz boýunça açylan sahypa sanynyň jemi 2 million 318 müň 602  gezek bolup, şonda bir sahypa üçin  saýtymyzda geçirilen wagt  190 sekunta barabar bolupdyr. Bu bolsa, bir habar okamak üçin ortaça ýeterlik wagtdyr. Geçen ýyl jemi 264.081 täze okyjy saýtymyz bilen tanşypdyr. 2020-nji maglumatlaryna görä, okyjylar iň köp Türkiýeden saýtymyza giripdir. Bu sanawda ikinji orunda Türkmenistan, üçünji orunda Amerikanyň Birleşen Ştatlary, dördünji orunda Russiýa Federasiýasy, bäşinji orunda bolsa Germaniýa bar.  Okyjylarymyzyň 71,5 göterimi Android, 28 göterimi bolsa IOS ulgamynda işleýän mobil telefondan saýtymyza gelipdir. Häzirki wagtda Applikasiýamyzyň diňe Android ulgamynda işlemeginiň bu ýerde täsiri bar bolsa gerek.

Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, 2020-nji ýylyň tutuş jemi boýunça saýtymyzda açylan sahypa sany 2,3 milliona barabar bolup, bu görkeziji saýtymyzy “Alexa” maglumatlaryna görä, ýurdumyzdan girilýän saýtlaryň arasynda ilkinji onluga  (bu sanawda ilkinji orunda Google durýar) girmegine mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, saýtymyz tarapyndan birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirildi, şonda, ýeňijileri kesgitlemek üçin saýtda okalan sany esas  alynýar. Käbir ýaryşa gatnaşýanlaryň emeli “okalan” sanyny artdyrmak baradaky  alyp barýan işleriniň netijesinde, saýta girilen okyjy sany göýä millionlarça okyja  ýetýärdi. Döredijilik  toparymyz ilkinji gurnan “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi boýunça “okalan” sanynyň  1 aý ýaly örän gysga wagtyň dowamynda 13 milliona barabar bolandygyny “gülüp” ýatlaýar. Bu görkeziji (!) belki hem dünýäniň iň köp okalýan habar saýtlarynyň hem  şeýle gysga  döwürde ýetip bilmeýän görkezijidir. Okalan sany kesgitleýän “Pluginleriň” biri-birinden tapawutly netije berýändigini hasaba alyp, şeýle hem, saýtymyz boýunça hakyky okalan sany barada  okyjylarymyza anyk maglumat bermek maksady bilen okalan sany kesgitleýän “Plugini” saýtymyzdan aýyrýarys. Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, her bir habar boýunça hakyky okalan sanyny öwrenmek üçin iň ygtybarly  çeşme biziň pikirimizçe “Google Analytic”  maglumatlary bolup durýar. Biz  mundan soňra, belli wagt aralyklar bilen (mysal üçin her aý) saýtymyz  boýunça okalan sany ýaly käbir maglumatlary giň halk köpçüligine ýetirip durarys.

Bellemeli zat, “Google Analytic”  maglumatlary “Mahabat berijiler” üçin hem iň ygtybarly maglumat bolmak bilen döredijilik toparymyz marketing bölüminiň (aslynda saýtymyzda şeýle bölüm ýok, ýakyn geljekde-de şeýle bölümi açmagy göz öňünde tutmaýarys) redaksiýanyň işine täsir ýetirmeginiň öňüni almak maksady bilen örän az sanly we öňünden  kesgitlenen sandaky mahabaty saýta ýerleşdirýär.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy