JEMGYÝET

Itler – adamyň iň gadymy dosty

Geçirilen DNK ylmy-barlag işleriniň netijesinde itler, diňe bir adamyň iň gowy dostlary bolman, eýsem haýwanat dünýäsindäki iň gadymy dostlaryň hem biri bolup bilendiklerini mälim edildi. Itleriň eldekileşdirilmeginiň soňky buz eýýamynyň ahyrynda 11,000 ýyl ozal başlandygy barada“Science” žurnalynda çap edildi.

Itleriň belli görnüşlerden has ir eldekileşdirilendigini tassyklaýan netijeler, dürli gadymy medeniýetler bilen baglanyşykly we olary biri-biri bilen we häzirki zaman itler bilen deňeşdirýän 27 itiň galyndylarynyň doly genomyny öwrenýän halkara topar tarapyndan alyndy. Gözleglerde şol döwürde demirgazyk şarynda itleriň agdyklyk edendigini we häzirki wagtda olar bäş dürli görnüşe bölünendigini anyklandy.

Ýewropa itleriniň kolonial döwründe ýaýramagyna garamazdan, ýerli görnüşleriniň henizem Demirgazyk we Günorta Amerikada, Aziýada, Afrikada we Okeaniýada tapylýandyklaryny mälim edildi.

DNK ylmy-barlag işleri boýunça toparyň agzasy Greger Larson: “Haýwanat dünýäsiniň içinde itler, adamlaryň iň ýakyn we iň gadymy dostlary hasaplanylýar. DNK ylmy-barlag işleri gadymy döwürlerden bäri itleriň umumy taryhymyzyň näçe wagt dowam edýändigini görkezipdir. Netijede bu barlaglar gatnaşyklaryň nirede we haçan başlandygyna düşünmäge kömek edip biler.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri