TEHNOLOGIÝA

Internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikleri dörediler

Türkmenistanda  internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikleri dörediler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda bellenilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2021-nji ýylda dünýäniň ähli ilatynyň 63 göterimi internetden peýdalandy. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň ilatyna hem aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz geljekde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldip,  internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikler dörediljekdigini belledi.

BU baradaky TDH habarynda hususanda şeýle diýilýär:

“..Geljekde biz bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleri gyşarnyksyz dowam ederis. Munuň özi innowasiýalaryň ornuny düýpli artdyrýan tehnologik özgertmeleriň täze akymyna öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmegi we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny giňeltmegi; öňdebaryjy ylmy-barlag işleri, ýokary tehnologiýalar we bilim hyzmatlary esasynda Türkmenistanyň dünýädäki öňdebaryjy innowasion ornuny gazanmagy; senagat ykdysadyýetine häsiýetli bolan köpçülikleýin bilim ulgamyndan hemmeler üçin innowasion durmuş ykdysadyýetine niýetlenen ykdysadyýeti döretmek üçin zerur bolan üznüksiz hususylaşdyrylan bilim ulgamyna geçmegi; düýpli düzüm we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak esasynda ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmegi bellenen maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi…”

 

Ilçihanalar we konsullyk edaralary Sosial torlarda resmi akkauntlar açdy

Ýene-de okaň

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri