SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iňňeden gorkýanlar üçin “Covid-19” sanjymy

Angliýada işlenip düzülen “Covid-19” sanjymy iňňeden gorkýanlar üçin has amatly bolup durýar. Öndüriji “täze nesil” sanjymynyň beýleki sanjymlardan tapawutlylykda uzak möhletli goragy üpjün edip biljekdigini we wirusyň görnüşlerine garşy täsirli bolup biljekdigini mälim etdi.

Angliýada üýtgeşik görnüşde işlenip düzülen koronawirusa garşy sanjymyň 1-nji tapgyrynyň kliniki synaglarynyň başlanjakdygy mälim edildi. Oksford şäherinde işleýän “Emergex” sanjym kompaniýasy tarapyndan döredilen sanjymyň sintetiki waksina bolup, wirus ýokaşandan soň bedenden ýokaşan öýjükleri çalt çykarmak üçin T-öýjükleri işjeňleşdirýär.

Metbugat habarnamasynda mikro-iňňe görnüşinde dizaýn edilen sanjymynyň “Covid-19” wariantlaryna garşy täsir edip biljekdigi we beýleki sanjymlara garanyňda has uzak goragly bolup biljekdigi nygtaldy.

Şweýsariýanyň Lozanna uniwersitetinde başlajak 1-nji tapgyr synaglarynda iki topardan 26 meýletinçä 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda “Emergex” sanjymynyň pes we ýokary dozasy berler.

“Emergex” sanjymlarynyň baş täjirçilik işgäri Robin Kohen: “Bu sanjymlarymyz häzirki “COVID-19” sanjymlaryndan ep-esli artykmaçlyk berip biler, şol sanda uzak möhletli immunitet we täze wariantlardan has giňişleýin gorag mümkinçiligi bolar. Bu synagyň başlanandygyny yglan etmek bilen buýsanýarys we geljekki nesil sanjymynyň ösmegini goldamak üçin maglumatlary ýygnamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys”-diýdi.

“Emergex” sanjymynyň mikro iňňeleriň kömegi bilen deriniň ýüzüne aralaşjakdygy we otag temperaturasynda 3 aýdan gowrak saklanyp biljekdigi mälim edildi. Kliniki synagyň ilkinji netijelerine 2022-nji ýylyň iýun aýynda garaşylýar.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa