Teatr suratkeşi, senograf Berdiguly Amansahatow hakynda
… Ol gün güýz günidi… Entegem ýadymda… Ussahananyň inçejik merdiwanyndan ikinji gata barylýan ýodajyk uzaklardan görünýärdi.
Güýzüň baslygan ýodalarnyň “üsti” bilen men barýardym. Men… Ine, symgylt hem gyzgylt ýapraklar ýodajyga birenaýy sary kilim deýin düşelipdirler…
…Saklan… Bu ýapraklaryň agzybirdigini… Ussahana barýan ýodajygyň asudalygyny göýäki bu owadan altynsöw ýapraklar saklap duran ýalydy. Ýapraklaryň üstünden basamda ýekeje “şygyrdy” hem eşidilmeýärdi… Çünki olar güýzüň çygyna mazalyja ezilipdiler, göýäki aşygyň magşugynyň mährinden ezilişi kibi… Olar juda, juda sessizdiler. Göýäki olar… “Sessiz bar… Sessiz bar… Iňňäniň ujundan dünýäniň güýjiniň soňsuzlygyna ýol uzaýar… Sese ýürek tisginmesin, ýürek tisginse, iňňe tisginer… Iňňe tisginse dünýä tisginer” diýýän ýaly…
… Tyrk, tyrk, tyrk… Mümkinmi?
… Zerur…
… Beh… Men sesimi çykarmadym. Başymy atdym- da pejiň başyndaky şol öňküje baryp oturýan oturgyjymda sessiz oturdym. Suratkeş entegem iňňäniň ujy bilen çekip oturan işine edil çüýlenen ýalydy… Men sesimi çykarman oturdym… Aradan ep- esli wagt geçensoň: Uludan dem alyp özündäki beýik hem agramly güýji sesine geçiren ýaly:
-Nähili onsoň, şahyr?- diýip ýumşaklyk bilen ýerinden turdy… Men entegem gürlemeli däl ýaly, myssa ýylgyrdym. Ýöne suratkeşiň kendirinde-çekip oturan işindedi gözlerim…
Edil güýzüň symgylt ýapraklaryna gürlemezligi, sessiz oturmagy söz berip gaýdan ýaly, kanundy häzir dymyşlyk… Ol çyndan hem elinde iňňe saklaýardy…Ony akja bize süpürip dolanyndan soň:
-Siziň çotgaňyzmy şol? –diýip, işe seredip oturan ýerimden “ýapraklara beren sözümi” tutup bilmän, zordan gürledim…
-Häää iňňe meniň çotgam, mundan inçesem bar, diýip, hezil edip güldi…
Men suratkeşiň işläp oturan äpet işini synlap oturşyma, geň – täsin dünýäniň ahwalynda:
-Siz, şu işi şol işiňňe bilen etdiňizmi? – diýip, çekinjeňlik bilen soradym. Ýöne ynanylmaz iki älemiň arasynda galdym. Biri dünýäniň gomly-gomly filosofiýasyny aňladýan çyntyk- çyntyk nokatlardan döredilen sungat eseri, beýleki hem akja biziň içine dolanyp, gadymýetiň howasyny getirýän müň ýyldan bäri eýesine wepaly kitaplaryň duran tekjesiniň gyrajygynda goýulan IŇŇE!
… Iňňe bilen iş edilýändigini bilýänsiň- ä sen?
… Bilýän- le welin… Edil bu derejede… Zähmet…
-Başarsam, mundanam inçesini ulanjak- la welin, reňk tutanok mundan inçe bolsa… Gel kofýe içeli? Döredijilik nädýär? Dünýede nämeler bolup geçýär?
Üstüm soragdan doldy.
-Maestro! Hiç zat gürlemän esere seredip oturmak mümkinmi, az pursatjyk?!
-Howa- la! Eser tomaşaçysy üçin döredilýär. Sahnany diňe teatra baryp görmek hökman däl. Islendik görýän zadymyz sahna.Teatr…
-Men agtyjagymy alyp geljek, biraz dynjymy aljak! Sen oturyber!
…Men gürlemedim… Ýapraklar bilen aramyzda sustmak hakda “şertnamamyz” bar ahbetin.Howa. Taňrym, gudraty güýçli Taňrym, biz seni öz içimizden gözlemän, nireden gözläp ýörüs ahbetin! Eýsem sen bu gudraty döredip bilýän bolsaň, diýmek seniň öz içiňde älemleriň güýji ýerleşmeýärmi nä ynsan? Göwnüm soragdan doldy. Gözlerimiň röwşenlenýändigini bilýärdim. Iňňe bilen guýy gazylanda şeýle bolýandyr. Türkmen ol sözi bilmän aýdýan däldir… Sust ümsümlik… Diňe ýyljajyk pejiň “gümmürdäp” ýanýan sesi, şekilsiz älemleriň ruhy güýji siňen polotno, sen we tekjedäki ak bize dolanan iňňe… Biz birgiden, bizi bir- birimize baglaýan sessizlik… Arşy älemleriň sessizligine diň salyp, güýzüň çygly güni kaminiň başynda oturan Ýene Men…
Birhoýukdan soň birinji gatdan kofýanyň ysy geldi…
Tisgindim… Gelnejem bilen Maestro agtyjaklarynyň elinden tutup, ikinji gata çykyp gelýärdiler… Men älemlere syn kyldym. Gürrüňdeşlikden soň ýöräp gaýtdym. Ýolda adamlar meniň gözlerimdäki röwşenligi derrew duýdular… Her kesiň meniň kibi bagtly bolasy gelýärdi. Menem ol bagty adamlara paýlaýardym. Emma olaryň hijisem bir inçejik iňňäniň ujunyň dünýäniň güýjüne şu derejede täsir edip bilýändiginden belki habarlary hem ýokdy. Zyýany ýok. Olar diňe bir pursat şadyýan bolsalar ýeter. Olar hem şol bagty öýlerine äkiderler… Iňňäniň ujundan dünýäniň güýjüne meniň gözlerimden ýaýrap gidýän sungatyň gudratyndan habarly bolsak bes… Bu meniň ýapraklar bilen eden “şertnamamy” bozmadygymyň netijesi bolsa gerek…
Oguljennet Bäşimowa