Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesilleriň berk bedenli, aň-bilim taýdan ösmegi we milli ruhda terbiýelenmegi üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilimli, terbiýeli, maksada okgunly nesil kemala gelýär. Ylym-bilim kämilligiň berk binýady bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.
Ähli ösüşdir özgerişleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşy hasaplanýan ylym-bilim ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda düýpli özgerýär. Ylym-bilim ulgamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň hem-de geljekki ösüşleriň ygtybarly daýanjy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip belleýär. Hut şu parasatly sözlerden hem görnüşi ýaly, bu ulgam diňe bir şu günki ösüşimizi däl-de, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olarda zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we usulyýetleriniň işe girizilmegi bu ugurda bilim işgärlerine ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Ylym-bilimiň jemgyýetçilik ornunyň ýokarlanmagy daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetiniň ýokarlanmagynda hem möhüm mazmuna eýe bolýar. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usulyýeti baýlaşdy.
Jemgyýetiň köp dili özleşdirmäge bolan ymtylyşy dünýä ösüşiniň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurda alyp barýan asylly işleri – daşary ýurt dilleriniň çagalar
baglarynda öwredilip başlanmagy, türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesine laýyk gelýän ökde hünärmen bolmaklary baradaky atalyk aladalary ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň,
bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň esaslarydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni, syýasy gatnaşyklarynyň geriminiň giňeýänligi, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň barha artýandygy
bilen bilim ulgamynda çözülmeli wajyp meseleleriň biri hökmünde ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmegi we öwretmegi has–da kämilleşdirmegiň, onuň döwrebäp usulyýetlerini özleşdirmegiň zerurlygy duýulýar.
Iňlis dili dersini okadýan mugallymyň bu dersi döwrüň talaplaryndan ugur alyp, dünýä ülňülerine laýyk guramagy we bilim bermegi üçin ilki bilen daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň nazaryýeti bilen doly tanyş bolmagy hökmanydyr. Iňlis dilini okatmagyň usulyýetiniň aýratyn ylym hökmünde ösmeginde
we kämilleşmeginde pedagogika, psihologiýa, lingwistika, didaktika ylymlarynyň ähmiýeti örän uludyr.
Usulyýetiň psihologik esaslary. Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti psihologiýa bilen ikitaraplaýyn – sözleýiş psihologiýasy we pedagogik psihologiýa bilen berk baglanyşyklydyr.
“Daşary ýurt dilini okatmak” düşünjesi daşary ýurt dilinde sözleýşi öwretmek diýen manyny aňladýar. Daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýeti üçin “dil” we “sözleýiş” diýen terminleriň arasyny açmak möhümdir.
Dil – bu adamlaryň arasyndaky gatnaşyk üçin zerur bolan dil serişdeleriniň we olary ulanmagyň düzgünleriniň ulgamydyr.
Bagtyýar ertirimiziň eýeleri bolan ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Çary Çaryýew,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.