DÜNÝÄ

Iň kiçi kubik

Ýaponiýada alty burçly tapmaçanyň satuwa çykarylmagynyň 40 ýyllygy mynasybetli dünýädäki iň kiçi Rubigiň kubigi jemgyýetçilik köpçüligine hödürlendi. Her tarapynda 9,9 millimetr ölçegli alýumin kubigi, serginiň öňüsyrasynda görkezilendigi habar berilýär.

Şeýle hem sergide wengriýaly heýkeltaraş we binagär Erno Rubigiň hormatyna 1600 mozaikaly Rubigiň kubigi görkezildi. Dünýäniň iň kiçi Rubigiň kubigi oýunjak çykarýan “Bandai Namco Holdings Inc” kompaniýasynyň “Mega House” korporasiýasyna degişli bolup durýar. Bu Rubigiň kubigi metal öndürmek pudagynda meşhur “Iriso Seimitsu Co.” kompaniýasy bilen bilelikde öndürildi.

Şeýle hem Ýaponiýada Rubigiň kubiginiň birinji ýylynda ýurtda 4 milliondan gowrak satylandygyny habar berilýär. Bu sergi Ýaponiýanyň Minato-ku Tokio şäherçesinde Wengriýanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda gurnaldy. Sergi 9-njy noýabra çenli dowam eder.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy