SPORT

Ilkaý Gündogan ýene-de “Mançester Siti” toparyna gaýdyp geldi

Ýarym goragçy Ilkaý Gündogan Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna gaýdyp geldi. Bu barada iňlis topary habar berýär.

Asly türk german futbolçy bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Mundan ozal, Gündogan Ispaniýanyň “Barsleona” toparynda oýnady.

33 ýaşyndaky Gündogar 2016-2023-nji ýyllarda Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edip, bu topar bilen köp sanly kuboklary gazandy. Ol 5 gezek Angliýanyň çempiony bolup, 4 gezek Angliýanyň kubogyny, 2 gezek Angliýanyň liga kubogyny we 2 gezek Angliýanyň Superkubogyny gazandy.

Şeýle hem ol Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ilkaý Gündogan iňlis toparyndan ozal, Germaniýanyň “Borussiýa”, “Nýurnberg” we “Bohum-2” toparlarynda çykyş edipdi.

Ilkaý Gündogan Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen 82 duşuşykda oýnady. Golaýda ol Germaniýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny bes etdi.

Related posts

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Milletler kubogy ýaryşyna gatnaşýar

Ýulduz Jumabaýewa “altyn” medalyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo: “Barselona” toparyna gidip bilerdim