DÜNÝÄ

Kennedi dalaşgär bolmakdan ýüz öwürdi, Trampy goldaýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda noýabrda geçiriljek prezident saýlawlary öňüsyrasynda gyzgalaňly wakalar bolup geçýär. Ilki bilen, ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýden dalaşgär bolmakdan ýüz öwrüp, özüniň wise-prezidenti Kamala Harrisiň dalaşgärligini goldady. Kamala Harrisiň Demokratik partiýasyndan dalaşgärligi resmi taýdan tassyklandy.
Şol bir wagtda prezident saýlawlaryna garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşmagy meýilleşdiren Robert F.Kennedi hem dalaşgär bolmakdan ýüz öwürdi. Ol prezident saýlawlarynyň öňýanyndaky möwsümde Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri Donald Trampa goldaw bermegi göz öňünde tutýär.
Robert F. Kennedi-kiçisi  Amerikanyň meşhur Kennedi maşgalasynyň agzasydyr.
70 ýaşyndaky Robert Kennedi daşky gurşaw meseleleri boýunça hukukçydyr. Ol Nýu-Ýorkuň ozalky senatory, ABŞ-nyň baş prokurory Robert Kennediniň ogly we ABŞ-nyň 35-nji Prezidenti Jon F. Kennediniň ýegenidir.
Kennediniň bu karary prezidentlik ýaryşynda deňagramlyklary üýtgedip biljek möhüm waka hökmünde garalýar.

Related posts

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby Türkiýede tanyşdyrylar

Özbegistan garaşsyzlygyny belleýär

Ata Watan Eserleri

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy