DÜNÝÄ

Hytaýda oýunlar tomaşaçyly geçiriler

Hytaýyň “Super Liga” çempionlygy ugryndaky oýunlary tomaşaçylar bilen geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde şenbe güni geçiriljek “Pekin Goan” we “Şanhaý SIPG” toparlarynyň duşuşyklaryna 1000 sany janköýer gatnaşyp biler. Bu bolsa, koronawirus pandemiýasy döräni bäri ilkinji tomaşaçyly geçiriljek oýun bolar.

Her topardan 500 janköýer sosial aralyk düzgünlerini berjaý etmek, gyzgynlygy ölçemek şeýle-de stadionda agyz-burun örtügini ​​geýmek ýaly düzgünler arkaly tomaşaçylar stadiona salynar.

“Şanhaý SIPG” toparynyň dolandyryjysy Witor Pereýra: “Janköýerleriň stadiona gaýdyp geljekdigine gaty begenýärin, olar biziň maşgalamyz” – diýip, begenjini paýlaşdy.

“Pekin Guoan” bilen “Şanhaý SIPG” toparlaryň arasyndaky oýunlar Hytaý “Super ligasynyň” iň möhüm oýunlaryndan biridir. Şonuň üçin bu oýunlara tomaşaçylar sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň energetika ministri bilen duşuşdy

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Trampyň Türkiýä ilkinji resmi sapary

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy