TEHNOLOGIÝA

“Huawei” kompaniýasy “Samsungdan” ozdurdy

“Huawei” ýylyň ikinji çärýeginde ykjam enjamlaryň satuwynda “Samsung”kompaniýasyndan öňe geçdi “Canalys” firmasynyň berýän maglumatyna görä,  2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde Hytaýyň “Huawei” telekommunikasiýa kompaniýasy 55,8 million ykjam telefon satan bolsa, Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy bolsa degişli döwürde  53,7 million smartfon satdy.

Degişli hasabata görä, “Huawei”-iň satuwy 5% peseldi. “Samsung” kompaniýasynyňky bolsa Braziliýa, ABŞ we Ýewropa ýaly esasy bazarlarda ýüze çykan bökdençlikler sebäpli 30% azaldy.

Şol bir wagtyň özünde, hasabat döwründe “Huawei” kompaniýasynyň daşary ýurt bazarlarynda iberýän telefonlarynyň möçberi hem 27 % azaldy.  Muňa garamazdan, Hytaýyň çäginde bu kompaniýanyň telefon söwdasy ýokarlanyp, telefonlaryň 70 göterimini satýar.

Hytaý kompaniýasynyň wekili bu barada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Deňi-taýy bolmadyk global ykdysady çökgünlik we kynçylyklar wagtynda ösmegimizi dowam edýäris”.

Related posts

TM CELL-iň täze hyzmaty: wirtual SIM kartalar

“Samsung” täze telefonyny hödürlär

Ata Watan Eserleri

“Apple”-iň ilkinji öndüren kompýuteri satyldy

Ata Watan Eserleri