ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Hommat Müllük: kino hem teatr sahnasynyň ussady

Işim bilen bagly bolansoň, teatrlarda goýulýan oýunlary görmäge kän barýan. Bir gezek Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatryna baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan degişme çykyşlary görmäge bardym. Sahnadaky ýaş artistleriň arasyndan daýawja bir ýigidiň gülkünç hereketleri, degişgenligi bada-bat ünsümi çekdi. Gyzyklanyp kärdeşleriniň birinden onuň adyny soradym. «Akmyratdyr ol. Onda tebigy berlen wäşilik bar. «Bir gün sahnada oýun oýnap işden gije sagat 10-da öýe bardym. Ejem: «Oglum, gelniň işden çykandyr, bar git-de öňünden çykyp goşlaryny göteriş. Ol seniň ýaly oýun oýnap gelenok, ýadap gelýändir» diýdi — diýip gülüşdirýä. Özem ol artist Hommat Müllügiň ýegeni» diýip gürrüň berdi. Kino sahnalarynda döreden ýatdan çykmajak keşpleri bilen hakydamda galan ussat artist Hommat Müllügiň ady tutulandan ilki bilen onuň «Mukamyň syry» filminde surata düşen Daşberdi han keşbi göz öňüme geldi. Alty Garlyýew, Ýelizaweta Garaýewa ýaly beýik-beýik artistler bilen sahna pursatlarynda bir-birlerine garşylykly aýdýan sözleri gulagymda ýaňlandy. Haýran galmaly olaryň kinoda aýdan sözleri edil ýat tutulan goşgy ýaly häzirem ýadymda. Hommat aganyň mahmal ýaly sesindäki jana ýakymly owaz aýdym ýaly täsir edýär. Dürli häsiýetdäki keşpleriň aýratynlyklary Hommat aganyň artistlik ussatlygynyň aýdyň subutnamasy bolup tapawutlanýar. Onuň haýsy döreden keşbini alsaňam şeýle. «Döwranyň başdan geçirenleri» filmde älemçiniň keşbi, «Aýgytly edim» filmde Mawynyň keşbi, «Magtymguly» filmde Magtymgulynyň keşbi we başgada kän. Şeýle zehinli artist hakynda täsirli gürrüňleri diňlemek diýseň gyzykly. Onuň ýegeniniň durmuş pursady bilen bagly degişme gürrüňini eşidip daýysy Hommat aga hakynda-da belki, käbir gyzykly gürrüňleri eşidendir — diýen pikir bilen ýazgy etmek üçin Akmyratlaryň salgysyny alyp ýörite öýlerine bardym. Akmyradyň ejesi Bahar Annamyradowa daýysy Hommat Müllük barada ynha, şeýle gürrüň berdi. Ol:

— Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Hommat Müllük 1939-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde doglan. 1991-nji ýylyň 12-nji fewralynda 52 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Ol ilki paýtagtymyzdaky 23-nji orta mekdepde bilim alýar. Soňra Moskwadaky Döwlet teatr sungaty institutynda aktýorçylyk hünärinden ýokary bilim alýar. Hommat daýym sekiz doganyň biri. Heşdek, Hommat, Aman üç erkek dogan, Eneje, Jeren, Bilbil, Nary, Sülgün, bäş aýal dogan. Ejemiň ady Bilbil. Hommat daýym ejemden uly. Gaýyn enem Hommat daýymyň iň uly aýal dogany.

Mamam pahyr: «Hommadyň çaga wagty sallançagy özi üwreler durardy» diýerdi. Daýym jan öýümize kän gelerdi. Erkek kişi bolsa-da Hommat daýymyň sülük ýaly uz barmaklary bardy. «Ýegen jan» diýip salamlaşjak bolanda elleriniň owadanlygy üçin, elimi uzatmaga utanardym. Bir gezek ol öýümize gelende: «Daýy, «Mukamyň syry», «Aýgytly ädim» kinolardaky oýnan rollaryňy hiç halamok-da. Näme üçin şoň ýaly rollarda oýnadyň?» diýdim. «Onda nähili rolda oýnaýyn, ýegen?» diýdi. Magtymguly kinodaky ýaly rollarda oýnaýyň» diýdim. Ol hezil edip güldi-de: «Onuň ýaly rollar ömrüňde bir gezek nesip etse-de bagtyň geldigi, ýegen, ýöne beýleki rollarymam tomaşaçylarda ýigrenç döreden bolsa zähmetimiň azda-kände ýerine düşdügi» diýipdi. «Aýgytly ädim» kinosyndaky Mawynyň keşbini oýnanda Hommat daýymyň her gezek arkasyny gamçylanlarynda mamam pahyr kino seredip oturan ýerinden: «Wah, çagamy urýalarda, eli kesilenler» diýip sögünip, özi saýgylanýan ýaly tisginýärdi. Hommat daýymdan şol keşpde surata düşeňde hakykatdanam şeýle açdyňyzmy?— diýip soradym. «Hawwa, ýegen. Keşbim ýerine düşsün» — diýip, iki-üç günüň açlygyndan soň surata düşdüm — diýdi. Elbetde, tomaşaçyny ynandyrmak üçin hakykat ýaly hereket etmelidir-dä. Ýogsa daýym ömrüne ýarawsyz boldy. Onda-da artistlik kärini söýýänligi üçin açlyga döz gelen bolmaly. Jaýy jennet bolsun!

Jigimiň toýy başlanyp atgulagy asylan güni Hommat daýymyň ýogaldy habary geldi. Derrew atgulaklary ýygnap, toý sähedimiz süýşürildi. Soň ýarym ýyl geçensoň, toý etdik. «Wah, doganynyň ýyly geçensoň, toý edäýmeli eken» diýenlerem boldy, ýöne Hommat daýymyň ýylyndan soň ejem pahyram dünýeden gaýdaýdy.

1966-njy ýylda Hommat daýym Daşkentde «Aň ýetirmek» atly filme surata düşýär eken. Şonda oňa oglunyň doglandygy barada habar barýar. Bu habary eşiden režissýory Şöhrat Abbasow: «Ogluňyza meniň adymy dakyň!» diýipdir. Hommat daýymyň iki ogly, bir gyzy bardy. Şöhrat, Röwşen, Zübeýda. Olardan agtyklary bar, ýöne gyzy Zübeýda jan deňze dynç almaga gidende gark bolup ir ýogaldy. Yzynda birje gyzy galdy. Kä wagt çagalaryma, «Hommat daýymyň çagalarynyň özbaşdak ady ýok. Biri halypasynyň ady, beýlekileri teatrda, kinoda döreden keşpleri bilen bagly dakylan atlar» diýip  gürrüň berýän. Daýym Sary Garry, Baba Annan, Muhammet Çerkez, Artyk Jally, Akmyrat Bäşim ýaly artistleriň zehinine uly baha bererdi. Olara hormat goýardy. Olar onuň bile işleşen halypalary. Pahyrlaň hiç biri aýatda ýok. «Kakam dünýeden gaýdyp soňky ýoluna ugradylanda hoşlaşyk pursady guraldy. Şonda kän adamlar söz sözledi, ýöne öz pikirimiz bilen tolgunyp duramyzsoň olaryň aýdan sözleri ýadymyzda däl. Diňe Muhammet Çerkezowyň, Baba Annanyň kakamy ogşap aglap duran keşpleri ähli aýdylan sözleriň ýerini doldurdy» diýip ogullary ýatlaýarlar. Daýym hakynda halypalar Maýa Aýmedowa, Hojaguly Narlyýew, Oraz Amangeldiýew, Öwez Gelenow dagy kän zatlar aýdyp bilerler. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Handurdy Berdiýew, Döwlet Hanmämmedow, Alty Sallandyýew dagy Hommat daýymyň geljegine uly ynam bildiren şägirtleri. Daýymyň döredijiligi hakynda-da, adamkärçiligi hakynda-da, durmuşy hakynda-da olar has gowy aýdyp bilerler» diýip salgy berdi. Onsoň jaňlaşyp ilki bilen Döwlet Hanmämmedowlaň öýüne bardym. Ol:

— 1988-nji ýylyň awgust aýynda biz ýaş uçurymlar Handurdy Berdiýew, Alty Sallandyýew üçimiz öňki Ýaş tomaşaçylar teatryna işe bardyk. Şonda ilkinji gezek teatryň derwezesini açyp garşy alan, teatryň içi bilen tanyşdyryp, ugrukdyran halypamyz Hommat aga. «Moskwany gutaryp gelenler güýçli bolýar, ýöne Leningrady gutaranlaram pes bolmaly däl» diýip turuwbaşdan bize ýakyn boldy. Halypalar Juma Ýazmyradowa, Maýa Aýmedowa, Myrat Agabaýewe: «Ynha, şular gelejekde biziň miwämiz boljak ýigitler» diýip, goldaw berensoň, özümizi arkaly ýaly duýduk. Režissýor Baýram Seýdullaýew Aleksandr Wampilowyň «Uly oglum» atly eserini sahnalaşdyranda Handurdy Berdiýew bilen Wasýaň rolunda dublýor bolup, Hommat aga bilen ataly ogluň rolunda oýnadyk. Bu biziň iş ýüzündäki ilkinji synagymyzdy. Soňra Orazguly Annaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Halas ediň!» sahna oýnunda Ataşkanyň keşbi ynanylyp, Akmyrat Arçikow bilen dublýor bolduk. Aşyr Mämiliýewiň «Oýun bir, maza iki» oýnunda maňa ýene Ýaşkaň keşbi ynanyldy. Şeýdibem yzly-yzyna rollar berlip girişip gitdik. Baýram Seýdullaýewden çekinip, aljyran ýerlerimiz boldy. Şonda Hommat aga: «Atlanan bedewiň jylawyny berk tutgun!» diýip maslahat berdi. Hommat aga sungatda hyrkaly adamdy. Biz — ýaş artistlere «ynam patasyny», «dogum patasyny» berdi. «Hiç wagt tekepbir bolmaň, tekepbirligiňi sahna götermez» diýerdi. Häzirem sahna çykamda aljyran wagtym «Halypalardan medet» diýip dileg edýän. Olaryň ruhy güýç berýär. Hommat aga iň soňky gezek Baýram Gurbanow bilen Han Akyýewiň ýazan «Babagammar» sahna oýnunda ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewiň inisi Rahym Durdyýew bilen dublýor bolup, Babagammaryň babasy Hürrit hanyň keşbini oýnapdy. Hommat aga ýogalanda Nebitdagda (häzirki Balkanabat) gastroldadyk. Ony soňky ýoluna ugratmaga gatnaşmak nesibämizde ýok eken. Şo gün şeýle gamgyn halda wagtymyz, onuň öz oýnan gülküli eserini oýnamaly bolduk. «Sungat pidany talap edýär» diýen jümle bar. Durmuşda öz jigimi bakyýete ugradan günümem agşam sahna çykyp oýun oýnamaly bolupdym, ýöne Hommat aganyň soňky ýoluna ugradylan güni sahnada oýun oýnamak has agyr düşen gündi. Halypamyz Hommat aganyň «Sawçylar», «Däliler» we başga-da birnäçe öz ýazan pýessalary bar. Ol medeniýetli  adamdy. Hiç wagt sögünenini görmedim. Kimdir birine gahary geläýen wagtam: «Bular ýaly adamam bolmaly-da» diýip oňaýardy. Onuň şojagaz sözüniň özi şeýlebir kän zatlary düşündirýär. Magtymguly kinosyna surata düşýärkä, Magtymgulyny zyndanda baş aşaklygyna dardan asylýan pursat bar. Şonda şol pursady kaskadýorlary getirip surata düşürjek bolýarlar. Hommat aga: «Özüm surata düşjek» diýýär. Onsoň birnäçe gezek surata alýarlar-da, birdenem günortanlyk nahara çykylýar.  Her kim nahara howlugyp gidýär-de Hommat agany ýatdan çykarýarlar. Şonda az wagtdan ýatlaryna düşüp, ylgap barsalar ol tas heläk bolan eken. «Böwregime agram düşüp, gaty erbet ýaraman keselhanada ýatyp çykdym» diýip, Hommat aganyň özi gürrüň beripdi. Gyzy Zübeýda teatrymyzda hudožnik bolup işledi. Kakasy ýogalanda onuň garry ejesine ýanyndan ýer goýýarlar, emma Zübeýda jan enesinden öň ýogalyp, kakasynyň ýanynda goýlan ýerde ýerlendi. Olaryň ýanaşyk ýatan gubury «Magtymguly» bilen jigisi «Zübeýda» hakynda oýlandyrýar.

1992-nji ýylda Hommat aganyň ady okan orta mekdebine dakylyp onuň heýkeli goýuldy. Şonda Aşgabat şäherindäki 23-nji orta mekdepde guralan dabarany Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow alyp bardy. Ol:

— Beýik şahsyýetleriň adyny tutamda olaryň atlarynyň öňüne Hezreti sözüni goşýan. Hezreti Magtymguly, Hezreti Azady, Hezreti Kerim aga… — diýip ýüzlenýän. «Bu gün Hezreti Hommat Müllügiň toý şatlygynyň dabarasy» diýesim gelýä. Adamlar, gamgyn halda söz sözlemäň! Hezreti Hommat Müllügiň adyny ebedileşdirmek üçin şu ýere ýygnandyk. Ol häzir aramyzda bar ýaly duýýas» diýen ýaly sözler bilen başlap, kärdeşlere söz nobatyny berýärdi. Söz sözlemek gezegi maňa ýetdi welin, bogazym dolup tapjanyň üstünde oturan gelnejeme ýüzlenip:

— Bu gün ýürek söýdüren, ýürek halan halypamyz tirsegine galandyr. Ol öz okan mekdebine geldi» diýip Hommat agany ýatladym. Birden Juma halypanyň: — Döwlet, hany, boldy, bes et! Sen bizem aglatdyň-a — diýen sesi eşidildi. Şo pursat kellesi başatgyçly gamgyn halda oturan gelnejemiň keşbi, «Çopan ata» gonamçylygynyň gündogar tarapynda ýasalyp goýlan ene heýkelini ýadyma saldy. Şol heýkeli göremde hemişe halypam Hommat Müllügiň maşgalasy ýadyma düşýär. Hommat aganyň janyňy alyp barýan sesi bardy. Edil dutaryň iň naýbaşy perdesinden çykýan owaz ýaly juda ýakymlydy. Onuň terjime kinolara ses beren gahrymanlary az däl. Halypamyň rahat, parahatja sesini bada-bat tanap bolýar. Ol daşary ýurt kinolarynyňam birnäçesinde surata düşdi. Onuň «Gepart» kinosynda surata düşen keşbi köpimiziň ýadymyzdadyr. Hommat agadan durmuşda-da, sungatda-da kän zatlary öwrendik.

Bir gün öýlerine baramda ol: «Eje, ynha şu ýigidiň geljekde saýlan käriniň hakyky eýesi boljagyna uly ynam bildirýän. Şuňa «Ak pata berseň» diýdi. Şonda Hommat aganyň ejesi ýagşy dilegler bilen maňa ak pata berdi. Hommat aga bilen bagly iň ýakymly ýatlamalar ömrüm bilen ömürdeş kalbymda ýaşar» diýip sözüne dyngy berdi. Özem «süýjüli diabet» keselinden ejir çekip ýörensoň, Döwlet Hanmämmedowa başga sowal bermäge bognum ysmady. Onuň halypasyny ýatlap tolgunma bilen gözleriniň owasyny ýaşlap oturyşyna gözüm düşenden, hoşlaşyp turmak bilen bolduk. Şonda ol: — Hommat aga hakynda Öwez däde-de ýene kän zatlary aýdyp berer, hökman onuňam gürrüňlerini diňläň! Hommat halypany tirsegine galdyralyň! — diýdi.

Ertesi Öwez dädelere bardyk. Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow saglyk-amanlyk soraşamyzsoň: — Hä, Hommat Müllük hakynda gürrüň bermelimi? Ol barada kän zat aýdarys — diýip sözüni dowam etdi.

— Moskwada okaýardyk. 1972-nji ýylda 4-nji kurs talyp wagtymyz şol ýerde okaýan talyplaryň hal-ýagdaýyndan habar almak üçin Medeniýet ministrligi tarapyndan iş sapara iberilip,Türkmenistanyň halk artisti Oraz Hajymyradow bilen Hommat Müllük Moskwa bardy. Oraz Hajymyradow şol wagtlar öňki Ýaş tomaşaçylar teatryň baş režissýorydy. Kellesi sury bagana telpekli okuw jaýymyza geldi. Hommat agada şol teatrda bile işleýän eken. Şonda olaryň öňünde Wsewolod Wyşnewskiniň «Aktimistik tragediýa» sahna oýnundan bir parça oýnap çykyş etdik. Gülnabat Aşyrowa baş keşp komissar gyzyň keşbinde, menem Alekseýiň keşbinde çykyş etdim. Ozal Hommat agany surata düşen kinolary arkaly gaýybana tanaýardym, ýöne şonda ilkinji gezek Hommat agany ýüzbe-ýüz görşümdi. 1973-nji ýylda ýokary okuwy gutaryp olaryň iş ýeri bolan Ýaş tomaşaçylar teatra işe bardyk. Biziň toparymyzy şo teatra işe ugratdylar. Birbada ol teatrda işlemäge höwesli bolmadym. Her kim Baş teatrda teatr sungatynyň düýbüni tutan halypalaryň arasynda işläsi gelýärdi. Soň görüp otursak TÝUZ teatrda işleýän artistleriňem ählisi diýen ýaly dünýä derejesinde tanalýan sowatly halypalaryň elinde bilim alan ýokary bilimli hänärmenler eken. Teatr düşünjesi, sowady ýetik ussatlaryň  birnäçesi bilen işleşip başladyk. Bir ýyla ýetmän Oraz Hajymyradow işden çykyp başga teatra gitdi. Oňa derek teatrymyza Durdymämmet Oraýew baş režissýor bolup geldi. Ol öň işlenen sahna oýundan maňa rol berdi. Baýram Seýdullaýewiň terjimesi esasynda Aleksandr Wampilowyň «Uly oglum» atly sahnalaşdyrylan oýnunda baş keşp Sarafanowyň rolunda Hommat Müllük, menem onuň uly ogly Wladimir Busyginiň keşbini janlandyrdym. «Uly oglum» sahna oýnunda 2-3 aý işledik. Ýaşym boýunça gabat gelemsoň 1-nji sostawda men oýnaýardym, Rahym Durdyýew dublýorymdy. Oýnuň ilkinji görkezilişi boldy. Metbugat sahypalarynda öwgüli sözler bilen oýnuň şowly çykandygy ýazyldy. Şonda Hommat aga gelip: «Öwez, bir zat haýyş edeýin-le, juda zerurlyk ýüze çykmasa, şol keşpde sen oýnasana. Seniň bilen oýnamak göwnüme laýyk gelýä» diýdi. Dublýorym bilen bile okansoňlar hemem ýaşlary deňräk bolansoň, onuň bilen oýnamak kynrak düşýän bolmaly.

Teatr ysnyşdyrýan eken. Hommat agany öýüme çagyryp oňa:

Ejem barka göwnüm joşup gaýnardy,

Arzuwlarym ganat kakyp ýaýnardy,

Ogly bilen dosty ýaly oýnardy,

Dostsuz goýan jan ejeme meňzeýäň — diýip, sazyny, sözlerini özüm döreden «Meňzeýäň» atly aýdymymy aýdyp bererdim. «Wah, menem seniň ýaly aýdym aýdyp bilýän bolsadym» diýerdi. Ýogsa onuň Hudaýberen, tebigy sesi bardy. Özem köplenç ýarawsyzdy. Kakasy ir ýogalan. Maşgalany ejesi ýöredýän eken. «Kakam böwrek keselinden ir ýogaldy. Menem ellä ýetsem razy» diýerdi.

1975-nji ýylda kinorežissýor Hojaguly Narlyýewiň surata düşüren «Ýok diýmäni başar» atly filminde Toýçynyň keşbini döredip surata düşdüm. Hommat Müllük şol filmde Nurly aganyň keşbinde surata düşdi. Şonda kino Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynda surata düşürilýärkä, Hommat aga bilen Goç obasynda saman kepbede ýaşadyk. Ilkinji gezek kino düşüşimdi. Kino artistleriniň köpüsi bilen tanşyp öwrenişdik. Hommat aganyň böwrek agyrysy bar eken. Düýe çal, agaran berip, gatyk iýdirip berhizli sakladyk. Gündiz onuň bilen kino surata düşýärdik, gijelerine gyzykly gürrüňler bererdi.

Üç hili artist bolýar. Biri kino sahnasynyň ussady, ýene biri teatr sahnasynyň ussady, başga biri ikisiniňem ussady. Hommat Müllük kino sahnasynyňam, teatr sahnasynyňam ussadydy. Ol sahnany doldurýardy. Mahmal ýaly sesiniň tagamy başga. «Hesretli söýgi hakynda hekaýat» atly türkmen durmuşyndan ýazylan esere, rus ýazyjysy Ýewgeni Mitko kinossenariýa ýazypdyr. Kinorežissýor Muhammet Söýünhanow şol eser boýunça Daşoguzyň öňki Oktýabr raýonynyň günbatar tarapynda gyrda üç aýlap «Dik aýak» at bilen film surata düşürdi. Oraz Çerkezow, Artyk Jallyýew, Mergen Nyýazow, Aman Ödäýew dagy bolup surata düşdük. Hommat Müllük Kakabaý baýyň keşbini, Artyk Jally kolhoz başlygynyň keşbini, Oraz Çerkez kakamyň keşbinde surata düşdüler.

Hommat Müllük pýessada ýazardy. Oýunam sahnalaşdyrardy. Ol Aleksandr Wampilowyň talyplaryň durmuşyndan ýazylan «Iýundaky hoşlaşyk» atly eserini özbaşdak sahnalaşdyrdy. Bu oýun onuň ilkinji režissýorluk işidi. Režissýorluk işindäki başlangyç ädimde ýaşlar bilen işleşmek ýeňil düşýär. Şol oýny Gözel Hajyýewa, Ogultäç Hannyýewa, Çary Seýitliýew, Oraz Amangeldiýew, Oraz Meredow, Öwez Gelenow dagy bilen goýdy. Hommat aga-da gönümellik bardy. Bir gezek maňa-da gönümel bellik aýtdy. Ýaş wagtym, ýaşlyk ýelgini bilen oňa dogry düşünmändirin. Şol hereketime häzirem ökünýän. Kän wagt ondan öýkeli gezdim. Hatda ol ýaraman keselhana düşende-de soramaga barmadym. Olam her gezek işgärler hal-ýagdaýyny soramaga baranlarynda «Näme üçin Öwez gelenok?» diýip soraýan eken. Onda-da gitmedim. Ahyry bir gün kärdeşlerimiň birinden hat iberipdir. Okasam: «Öwez, kyn görmeseň ýanyma gelip git!» diýip ýazypdyr. Ähli öýke-kinäm ýazyldy. Yzyndan bardym. Olam syr bildirmedi, menem öýke saklap gelmändigimi bildirmedim. Şonda ol: «Öwez, men-ä indi uzak ýaşaman. Sen gaýrat edip «Däliler» pýessamy sahnalaşdyrsaň!» diýip haýyş etdi. Režissýorlyk edäýmek üçin başarnyk gerek. Her niçigem bolsa, haly teň syrkaw ýatan halypa «ýok» diýip bilmedim. «Bolýa» diýip pýessany alyp gaýtdym. Gahrymanlaryň rollaryny artistlere laýyklap paýlamagyň sanawyny ýazdym. Soň sanawy onuň bilen maslahatlaşyp käbir rollary ynanylmaly artistleri üýtgetdik. Garaz, howlukman işe girişip ýördüm. Mazaly teatrymyza Täçmämmet Mämmetweliýew baş režissýor bolup işe geldi. Onsoň ol şol sahna oýny doly sahnalaşdyrdy, ýöne Hommat aga oýnuň ilkinji görkezilişine-de tomaşa etmek nesip etmedi. Oýna onuň hossarlary tomaşa edip sagbolsun aýtdylar. Hommat aga ýogalanda hoşlaşyk pursadynada gatnaşdym. Bahar kinoteatrynyň gaýrasyndaky gonamçylykda ýerlendi. Hommat aganyň «Aýgytly ädim» kinosyndaky döreden Mawynyň keşbi naýbaşy keşpleriniň biri. Gysgadan az sözli, ýöne ýatdan çykmajak keşp. Kellesi şypyrmaly horja keşbini häli-häzirem arhiw ýazgy arkaly gaýtalap-gaýtalap görýän. Onuň okan mekdebine ady dakylyp heýkeliniň açylyş dabarasy guralanda-da gatnaşypdym. Orsýediň dünýä belli artistlerindenem gelip şol dabara gatnaşanlary bar. Ýewgeniý Matweýewiň uly tolgunma bilen söz sözläni ýadymda. — diýip gürrüň berdi.

Sag bollaşyp öýe gaýtjak wagtymyz Öwez däde-de Hommat aga hakynda başga-da täsirli gürrüňleri aýdyp biljek kärdeşleriniň birnäçesiniň atlaryny aýtdy, ýöne makalamyzyň has uly bolmazlygy üçin häzirlikçe saklandyk. Olaryň gürrüňlerini belki, gelejekde ýazgy ederis.

Akgül Saparowa

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri