DÜNÝÄ

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçiriler

Şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde hasabat berildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklary we beýleki resminamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, gurluşyk we senagat ulgamlarynda, dag magdany, azyk we derman senagaty pudaklarynda, hususy işewürlik ugrunda, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ylym we bilim, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.

 

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady