BIZNES

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine Agentligiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine – esaslyk maýadaky paýy 10 göterim we Agentligiň Türkmenbaşy halkara deňiz portuna – esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi has-da kämilleşdiriler

 

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder