Hindi kinosynyň taryhy 1899-njy ýylda suratçy H.S.Bhatwadekaryň «Save-Dada» ady bilen tanalýan gysga dokumental filmler düşürilip başlanýar. Ilkinji çeper hindi film 1913-nji ýylda Raja Haryşandranyň režissýorlyk etmeginde düşürilýär. 1930-njy ýyla çenli ýurtda her ýylda 200-e golaý film öndürilipdir.
1940-njy ýylyň ahyryndan, 1960-njy ýylyň başyna çenli döwür hindi kinosynyň «Altyn asyry» hasaplanýar. Mehbub Han, Bimal Roý, K.Asif, Kamal Amrohi we Wijaý Bhatt bu döwrüň iň meşhur režissýorlary hasaplanýar.
1970-nji ýyllarda Bolliwudda film önümçiliginiň komediýa, melodrama ýaly birnäçe meşhur görnüşleri döredildi. 1971-nji ýyldan bäri hindi kinolary çeper filmler boýunça dünýäde birinji orny eýeläp gelýär we şol ýylda düşürilen 431 filmiň 115-si hindi dilindedi.
2000-nji ýyllarda Bolliwudda düşürilen filmleriň hili yzygiderli ýokarlanypdy. Köp filmler diňe bir Aziýada däl, eýsem, dünýä bazarlarynda-da öz ornuny alypdy. 2001-nji ýylda Aşutoş Gowariker tarapyndan çykarylan «Lagaan: Bir wagtlar Hindistanda» atly film «Iň gowy daşary ýurt film» baýragyna hödürlenen filmi boldy.
Bolliwud (hindiçe-बॉलीवुड) – Hindistanyň Mumbaý şäheriniň kino sungatynyň nyşany bolup, oňa resmi taýdan hindi kinosy hem diýilýär. Şeýle-de bolsa, Mumbaýda hindi dilinden başga-da urdu, penjebi we iňlis dillerinde filmler hem surata düşürilýär. Hindistanda ýylyň-ýylyna surata düşürilýän kinofilmleriň 20-30 göterimi Bolliwuda degişlidir. Ýylda ýüzlerçe kinofilmi surata düşürýän Bolliwudyň tomaşaçylarynyň sany, takmynan, 3 millardan geçýär. Bolliwudyň ýerleşýän çägini ýerli ilat «Film siti» diýip atlandyrýarlar. Onuň çäginde 14 sany studiýa, tokaýyň içinde bolsa açyk meýdandaky dürli görnüşdäki wakalary surata düşürmäge niýetlenen 44 sany enjamlaşdyrylan meýdança ýerleşýär. Ýyllyk önümçilikde birinji orunda durýan hindi kinosy bilen tanalýan «Bolliwud» hindi kinolary bilen mifologiki elementleri, şahsyýeti, medeni dürlüligi we jemgyýetçilik kodlary, şeýle-de pudak baýlygy bilen ünsden düşürip bolmajak kino pudagyna öwrüldi. Bolliwud dürli dillerde film öndürýän beýleki önümçilik merkezlerini öz içine alyp, Hindistanda her ýyl goýberilýän 1000-den gowrak film düşürilýär.
Ýurduň günortasynda, Bolliwud bilen yzygiderli bäsleşýän iki sany film kompaniýasy boýunça Tolliwud (Telugu filmleri) we Kolliwud (Tamil filmleri) ýaly kino pudagy bar. Şeýle-de, Hindistanda, Molliwud, Sandalwud, Olliwud we başga-da birnäçe meňzeş atlar bilen atlandyrylýan ownuk kinostudiýalar hem bar.
Telegu kinoindustriýasynyň merkezi Haýdarabad şäheri bolup durýar. Haýdarabad Hindistanyň günortasyndaky Andhra-Pradeş ştatynyň merkezi bolup, bu ştatda ýurduň içindäki iň köp tomaşaçy zallary jemlenendir. Tolliwudyň «Ramanaýdu», «Annapurna», «Ramoji», «Saradhi», «Ramakrişna» hem-de «Padmalaýa» ýaly iri kinostudiýalarynyň önümleri bu günki gün dünýä tomaşaçylarynyň ünsüni çekip, söýgüsini gazanmagy başardy. Bu ştatda telegu dilinde kino, teatr we telewideniýe sungatynda ýetilen iň gowy sepgitler üçin ýörite baýrak – «Nanda Awards» baýragy gowşurylýar.
Hindistanda kino öndürmek boýunça iri merkezleriň biri-de – Kolliwud kinokompaniýasy hasaplanyp, ol Çennaý şäherinde ýerleşýär. Ýurtda iň köp ulanylýan dilleriň biri bolan tamil dilinde ajaýyp filmleri öndürilip, teletomaşaçylara hödürlenýär. Kolliwudda öndürilen filmler üçin režissýorlara hem-de artistlere Hindistanyň kinematografiýa boýunça iň ýokary sylagy hasaplanýan – «Dadasaheb Falke» adyndaky baýrak gowşurylýar. Şeýle-de Hindistanyň halkara kino akademiýasynyň Oskara deňelýän «Filmfare Awards» baýragynyň bardygyny hem aýratyn bellemek gerek.
2013-nji ýylda hindi kinematografy ýüz ýyllyk ýubileýini baýram edip belleýär. Munuň özi Bolliwudyň hem ýüz ýyllygy hökmünde kabul edilýär. Ýöne bu at Mumbaý kino önümlerine diňe XX asyryň ikinji ýarymynda berlipdir. Hindi filmleri ýylda bir milliard dollardan gowrak girdeji gazanýar. Hindistanda kino sungaty uly depgin bilen ösýär. Bolliwud kinolarynda aýdym-saz komponentine uly üns berilýär. Köplenç filmleriň üstünlik gazanmagy aýdym-sazyň hiline bagly. Ses ýazgylary köpçüligiň gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen filmleriň premýerasynyň öňüsyrasynda çykýar.
Eger-de siz daşary ýurt filmlerine tomaşa etmek isleýän bolsaňyz, ýöne haýsy filme tomaşa etjekdigiňize karar berip bilmeýän boplsaňyz, onda uly ekranda Bolliwudyň hindi filmleri başga bir alternatiw bolup biler. Özboluşly we tapawutly eşikleri, tanslary, etnik dürlüligi, ýaşyl, gülgüne, sary we mämişi ýaly açyk reňklerden hem-de nagyşlardan, dini ynançlary bilen tanalýan Hindistanyň medeniýeti, uly ekrana geçen hindi filmleri arkaly kino sungatynda barha güýçlenýär.
Meýlis Sadykow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.