DÜNÝÄ

Hindistan – köp medeniýetli ýurt

Şu gün Hindistanyň Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana sapary başlanýar. Bu saparyň Hindistanyň Prezidenti derejesinde Türkmenistana ilkinji sapary bolmagy babatda hem uly ähmiýete eýedir.

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary mynasybetli Hindistan Respublikasy barada käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris:

UMUMY MAGLUMATLAR

Resmi ady – Hindistanyň Respublikasy. Günorta Aziýada ýerleşýär. Soňky maglumatlara görä, ilatynyň sany 1 415 000 000 adam. Meýdany – 3 287 263 км². Günorta Aziýanyň meýdany boýunça iň uly ýurdy. Ilaty boýunça dünýäde öňdeligi eýeläp, meýdany boýunça bolsa, dünýäde 7-nji orunda durýar.

Paýtagty – Nýu-Deli.

Hindistanyň Konstitusiýasynda 21 resmi dil kesgitlenendir. Olaryň käbirini ilatyň agramly bölegi gürleýär, käbiri bolsa klassyky derejä eýedir.

Hindistan federatiw döwlet we parlament respublika. Prezidenti Ram Nath Kowind, Premýer-ministri Narendra Modi.

Hindistan administratiw taýdan 28 ştata we 8 soýuz territoriýa bölünýär. Hindistan günbatarda Pakistan, demirgazyk-gündogarda Hytaý, Nepal we Butan, gündogarda Bangladeş we Mýanma bilen serhetleşýär. Şeýle hem, Hindistan deňiz boýunça günorta-günbatarda Maldiwler, günortada Şri-Lanka we günorta-gündogarda Indoneziýa bilen araçäkleşýär.

Hindi subkontinenti hindi medeniýetiniň watanydyr. Hindistanyň özüniň taryhynyň köp böleginde söwda ýollarynyň möhüm merkezi hasaplanyp gelýär, şeýle hem baý we özboluşly medeniýeti bilen meşhurdyr.

Hindistanda induizm, buddizm, sikhizm we jaýnizm ýaly dinler kemala geldi.

Hindi dili ýurtda giňden ýaýrandyr we Hindistanyň hökümetiniň resmi dilidir. Iňlis dili söwda, administrasiýa babatda giňden ulanylýar. Şeýle hem iňlis dili orta we ýokary bilim berýän mekdepler hem köp ulanylýar.

1947-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanan Hindistan häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli ýurtdyr. bu ýurt BMG, G20, BSG, Günorta Aziýanyň sebit hyzmatdaşlygy assosiasiýasy, Milletler Bileleşigi, şeýle hem BRIKS we ŞHG ýaly abraýly guramalaryň agzasydyr.

Ýurduň iri şäherleri – Mumbaý, Deli, Kolkata (ozal Kalkutta), Çennaý (ozal Madras), Bangalor, Haýdarabad we Ahmadabad.

Ýurduň daşynda 38 million hindi ýaşaýar. Olaryň iň uly toplumlary ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Awstraliýada, Germaniýada, Ýaponiýada we Kanadada ýaşaýar. Şeýle hem Russiýada, Fransiýada, Günorta Koreýada, Argentinada we Hytaýda hem hindi toplumlary bardyr.

Hindistanyň ykdysadyýeti çalt depginlerde ösýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgini soňky uzak ýyllaryň dowamynda 6,8 göterimde saklanyp galyndy. Ýurduň ilatynyň 521 milliondan gowrak işe ýaramlydyr. Olaryň 47 göterimi oba hojalygynda, 31 göterimi hyzmat  we 22 göterimi bolsa senagat pudagynda zähmet çekýär. Ýurduň esasy oba hojalyk ekinleri: şaly, bugdaý, pagta, çaý, şeker çiňrigi we ýeralma.

Esasy senagat pudagy: maşyngurluşyk, himiýa, sement, sarp ediş elektronikasy, peýdaly magdanlary gazyp almak, nebit, farmasewtika, metaly gaýtadan işlemek, azyk we dokma senagat toplumlarydyr.

Ykdysadyýetiň çalt depginlerde ösmegi bilen energiýa serişdelerine isleg we zerurlyk hem ýokary bolup durýar.

Hindistan medeniýet babatda hem örän baýdyr. Onuň aýdym-sazlary dünýäde giňden meşhurdyr. Esasan hem kino senagaty has ösendir. Ol dünýäde bir ýylyň dowamynda çykarylýan filmleriň sany boýunça öňdeligi eýeleýär.

Mumbaý şäherinde ýerleşýän Bolliwud kino önümçiliginiň merkezidir. Täjirçilik maksatly filmler surata düşürilip, dünýä ýaýradylýar. Olar köplenç hindi dilinde surata düşürilýär.

Şeýle hem ýurduň beýleki dillerinde hem kinolar surata düşürilýär – bengali, kannada, malaýalam, marathi, tamil we telugu.

Hindistan bilim babatda hem ösendir. Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda iňlis dilinde bilim berilýär. Şeýle hem bilim ulgamy Ýewropanyň uniwersitetleriniň maksatnamasynyň esasynda guralýar. Ýurtda 500-den gowrak ýokary okuw mekdebi bardyr. Soňky ýyllarda hususan-da, tehniki ugurly bilime has köp ähmiýet berilýär.

Sport babada aýdylanda, ýurtda iň meşhur sport görnüşi kriket. Ýurduň milli sporty bolsa otuň üstünde oýnalýan hokkeýdir. Günbatar Bengaliýa, Goa we Kerala ýaly ştatlarda futbol hem meşhurdyr. Soňky ýyllarda tennis hem uly meşhurlyga eýe bolup başlady.

Milli oýunlary kabbadi, kho-kho we gilli-danda. Hindistan ýoganyň watanydyr.

 

 

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

 

Ýene-de okaň

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Donald Tramp – ýylyň adamy