JEMGYÝET

Hiç haçan bir öz güýjüňize bil baglamaň!

Üstünlige ýetmek üçin diňe şaha-şaha aragatnaşyklar ulgamyny döretmek ýeterlik däldir, ýöne siz karýeraňyzy we durmuşyňyzy dostlaryňyzyň, tanyşlaryňyzyň kömegi arkaly gursaňyz, onda jedelsiz şu artykmaçlyklara-da eýe bolarsyňyz:

1. Siziň hiç wagt içiňiz gysmaz. Şeýle durmuş adamlara köp wagt sarp etmegi, köp jogapkärçiligi talap edýändir, ýöne ýürege düşmez. Siz hemişe özüňiz we özgeler hakda, biznes we dünýä gurşawy hakda täze zatlary bilersiňiz. Bu örän ýakymly duýgy.

2. Tanyşlyk, gatnaşyklar arkaly ösmek siziň işleýän kompaniýaňyz üçinem bähbitlidir. Sebäbi siziň abraýyňyzdan kompaniýa-da peýda geler. Siz bilen gatnaşýan adamlar siziň işleýän kompaniýaňyz bilenem gatnaşýar. Şonda ýolbaşçylaryňyzyň iş tejribäňiziň artyşy hem ösmegiňiz babatda gyzyklanyşyndan kanagatlanarsyňyz.

3. Sizi goldaýan, ösmek üçin birnäçe mümkinçilikleri açýan tanyşlar häzirki zaman dünýäsinde örän möhümdir. Eger bir adam bütin ömrüne bir firmada işlese, iş ýeri oňa ynam, arkaýynlyk, edeplilik kepillendirýär. Ýöne beýle iş ýörelgeleri geçmiş kölüniň düýbüne çümüp barýar. Biz bu gün erkin guş. Biziň zähmet ýolumyz, üstünlik basgançaklarymyz birnäçe kompaniýalarda dürli wezipelerden geçýär. Biziň iň esasy walýutamyz maglumat boldy, şonuň üçin tanyşlyk zynjyry – bu üstünlikli karýeranyň iň ynamly ýoly.

Şu wagt meniň telefonymda islendik wagt jaň edip, ýüz tutup biljek 5000-denem köp tanşymyň telefon belgisi bar. Olaryň her biri peýdaly maslahat, zerur bolsa, iş, kösensem, kömek-goldaw, söýensem, goltgy, ýürekdeşlik hem alada bagyş edip biljek adamlar. Ähtimal, ol tanyşlarymyň hemmesi aýratyn akyl, zehin, sowat ýa-da şahsy ukyby bilen tapawutlanýanam däldir. Emma olaryň zerur ýerinde kömek edip biljegini, «Ýüpüniň üstünde odun goýup boljagyny», olaryň hem ençeme talantly, üstünlikli işleýän tanyşlarynyň bardygyny weli anyk bilýärin. Şeýle dostlary-tanyşlary «Güne ýatyp» gazanyp bolaýanok. Men muňa çagakam, golf taýakly torba süýräp ýören günlerimde düşündim. Gowy tanyşlary gazanmak üçin, dost edinmek üçin diňe özüň hakda däl, beýleki adamlar barada hem pikir etmeli. Öz aladaňyz bilen haraý isläp baranyňyzda ýüzüňiz bolmagy üçin, goldawa mümkinçilik tapmak üçin, adamlara kömek etseňiz, onda siz hem maksada ýetmek üçin bu taktikanyň durmuşyňyzy baýlaşdyrjak, siziň olar hakda alada edişiňiz ýaly, siz hakda hem alada etjek ýürekdeş dostlardan doldurjak uly güýçdügine göz ýetirersiňiz.

Bu kitap size durmuşy, işi şowly adamlaryň üstünlikleriniň syryny açar. Beýle syrlar barada biznes mekdepleriniň mugallymlary, karýera meseleleri boýunça maslahatçylar örän seýrek gürrüň berýändirler. Kitapdaky ideýalary durmuşda ulanyp, siz durmuşyňyza oňyn täsir etjek dostlary birikdirýän merkeze öwrülip bilersiňiz. Elbetde, dost, tanyş-biliş edinmek babatda biraz öteräk ýanjaýan bolmagym ahmal. Ýöne size düşündirmek, öwretmek isleýän zatlarymy kemter däl-de, artygy bilen aýdanym gowudyr. Sebäbi özüňizden başga adamlara-da gowy üns berseňiz, bu dünýäde ýeke ýaşamaýanyňyzy ýürekden boýun alsaňyz, onda siz haýran boljak üstünlikleriňize örän tiz wagtda ýetersiňiz.

Bu her bir adamyň hötde geljek işidir. Men ýaly bir obaly oglan «saýlama adamlaryň» klubuna düşmegi başaran bolsa, onda sizem hökman başararsyňyz.

Birinji bölüm.

Akylyňyzy sazlaň. 2-nji parça.

Hiç adam babatda, ol öz-özüni beýgeltdi diýip bolmaz. Biziň aýaga galmagymyza müňlerçe adamyň täsiri bar.  Bize ýagşylyk eden ýa-da hemaýatly sözi bilen göwnümizi göteren her bir adam häsiýetimize, pikir-düşünjämize we üstünlige ýetmegimize goşant edendir.

Jorj Berton Adame

 

Keýt Ferrassiniň “Hiç haçan ýeke naharlanmaň” eseri “Biznes reklama” gazetinde dowamly çap edildi. Terjime eden Seýitmyrat Geldiýew. Türkmen okyjylaryň arasynda bu esere bolan uly gyzyklanmany hasaba alyp, “Atawatan Türkmenistan” habar portalynda bu eseri Size ýetirmäne dowam edýäris!

Ýene-de okaň

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygary yglan edildi

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar