SIZDEN GELENLER

Haýwanlaryň özlerini alyp baryşy boýunça howa çaklamasy

Ýer togalagynda ýyly we güneşli howa garaşylýan günde yzy üzülmeýän ýagyşlaryň ýagmagyna köp duş gelinýär. Elbetde, bu ýagdaý atmosfera hereketiniň, onda bolup geçýän hadysalaryň örän çylşyrymlygy bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli dünýä ýüzündäki müňlerçe meteorologik, aktinometrik, gidrologik, aerologik, geomagnit beketleriň barlagyna garamazdan käte howa çaklamasy ýalňyş çykýan wagtlary hem bolýar. Şu babatda asyrlaryň dowamynda ösümlikleriň we haýwanlaryň özüni gözegçilik edilip gelnen we aňyna siňen halk ýorgytlaryna uly üns bermeli.

Gündogar halklary hem beýleki  halklar ýaly gadymdan bäri yrymçy adamlar hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, olar ot-çöpleriň, haýwanlaryň hat-da düýşiň üsti bilen hem howanyň nähili boljakdygyny kesgitläpdirler. Meselem, düýşüňde garpyz iýseň  howa sowaýar diýen ýorguda hem duş gelinýär. Olar haýwanlaryň hereketiniň, tüýüniň ösüşi boýunça hem howany kesgitläp bilipdirler. Ylaýta-da pişigiň üsti bilen köp zatlary kesgitläpdirler. Geliň, şu ýerde sözümiz gurak bolmaz ýaly, birnäçe ýorgutlara seredip geçeliň.

– Gündogarlylar öý dikenlerinde ilki bilen öýe pişik goýberip, pişik haýsy ýerde köp saklansa, şol ýeri öýüň töri hasaplapdyrlar. Gara öýüň törüni şol ýerde gurupdyrlar.

– Pişik öýüň ortasynda süýnüp ýatsa, şol gün howa bulutly bolsa-da ýagyş ýagmaz.

– Pişik arkasyny agynyp gerinjirese tomus paslynyň şol güni örän yssy bolar, gyş bolsa howa maýyl bolar.

– Pişik guýrugyny ýalap diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar.

– Pişik aýagy suwa batanda silkelese, howa salkyn bolar ýa-da ýagyş ýagýar.

– Eger-de arylar bal gapyrjaklaryndan bal ýygnamaga çykmasalar, onda ýakyn wagtda bulut gelip, ýagyşyň ýagjaklygydyr. Eger-de, olar öz ýaşaýan ýerinden daşa uzaklaşmasalar, onda ýagyşa garaşybermelidir. Eger-de arylar gündiziň jokrama yssysynda köpçülikleýin gapyrjaklaryna ýygnansalar, ýyldyrymly güýçli ýagyş ýagar.

– Eşek arylaryň gijesine ýagty ýerlere uçmagy ertirki açyk howanyň alamatydyr.

– Eger-de siňekler adamyň we öý haýwanlaryň daşynda köpräk peýda bolsalar ýagşyň ähtimallygy has ýokarydyr.

Hormatly okyjylar! Bulardan başga-da ösümlikleriň hem-de suw jandarlaryň esasynda dörän ýorgutlar bolup, olary sahypamyň indiki sanlarynda paýlaşmagy özüme müwessa bildim.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

TDU-nyň geografiýa fakultetiniň

meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika