JEMGYÝET

Halkara maslahat: Türkmenistan global gaz bazarynyň möhüm ýurdy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahaty öz işine başlady. “Türkmengaz”  hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernileriniň “Türkmen Forum” kompaniýasy bilen bilelikde gurnaýan bu halkara forumy şu ýyl hem onlaýn hem-de ýüzbe-ýüz görnüşinde geçirilýär.

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň hem cagyrylan forumyna dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 200-e golaý delegatlar gatnaşýar. Daşary ýurtly wekiliýetler “Zoom” platformasy arkaly onlaýn gatnaşýarlar.

Halkara maslahatynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Milli Liderimiz Gutlag hatynda: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär” diýip belleýär.

Maslahatyň ilkinji sessiýasynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Batyr Amanow, “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi çykyş etdiler.

TÜRKMENISTAN ENERGETIKA PUDAGYNYŇ MÖHÜM ÝURDY

Türkmenistanyň uglewodorod gory 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdir, şolardan 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy bolsa tebigy gazdyr. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Batyr Amanow halkara maslahatdan eden çykyşyndan belledi.

Şeýlelikde, Tükrmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy, ýakyn geljekde ýangyç-energetika bazarynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan işler barada durup geçip, Galkynyş gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmegiň çäklerinde degişli işleriň alnyp baryljakdygyny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdiriljekdigini we gazhimiýa pudagyna degişli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigi barada aýtdy.

LUKOIL”: TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA TAÝÝARDYRYS

Russiýanyň Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebit we gazy 2020” atly XXV halkara maslahatyna onlaýn gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň ykdysady ugurda gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýtdy.

Wagit Alekperow türkmen ykdysadyýetindäki 6 göterimlik ösüş depgininiň ýurduň ilatynyň durmuş derejesiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini, täze tehnologiýalaryň hasabyna dürli desgalaryň durmuşa geçirilýändigini, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine şert döredýändigini belledi.

Rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Hazar deňzinde işlemek boýunça özboluşly tejribesi bolan we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanýan kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ol tebigy gaz çykarmakda hem uly tejribe toplandyklaryny, 35 milliard kub metr tebigy gaz öndürmek mümkinçiligine eýe bolandyklaryny, deňiz ýalpaklarynda 7 milliard barrellik nebit gorly ýatagy özleşdirmek işini ýola goýandyklaryny belledi.

BMG: TÜRKMENISTANYŇ ENERGIÝA SERIŞDELERINI DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK UGRUNY GOLDAÝARYS

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa halkara maslahatyna onlaýn gatnaşyp, Türkmenistanyň , Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan energiýa hopwsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Ol Türkmenistanyň energiýa serişdelerini ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda alyp barýan işlerini goldaýandyklaryny belläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň möhümdigini nygtap geçdi.

TOPH taslamasyndan 1,5 milliard adamyň peýdalanyp biljekdigini belläp, onuň diňe bir gatnaşyjy ýurtlar däl, eýsem sebit üçin hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Panowa bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde ekologiýa meselelerine hem uly üns berilýändigini belläp, Türkmenistana bu ugurda bilermenler goldawy bermäge taýýardyklaryny aýtdy.

AHMADI: TOPH TASLAMASY ÜÇIN TÜRKMENISTANA MINNETDARDYRYS

Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi maslahatda eden çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy üçin Türkmenistanyň Prezidentine öz hoşallygyny bildirdi.

Ol TOPH gaz geçirijisiniň hem örän möhümdigini, bu ugurda Owganystanyň Prezidentiniň hem uly ähmiýet berýändigini belledi. Taslamanyň ýurduň ykdysadyýetine hem öz goşandyny goşjakdygyny belläp, sebit hyzmatdaşlygy üçin hem peýdalydygy aýtdy.

Ajmal Ahmadi TOPH gaz geçirijisi boýunça ençeme ylalaşyklaryň gazanylandygy, ýakyn wagtda taslamanyň Owganystanda hem başlajakdygyny aýtdy.

Owgan wekili Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän TOPH we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň hem uly ähmiýete eýedigini nygtap geçdi.

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow hem TOPH taslamasy barada durup geçip, bu taslamanyň 2 tapgyrda amala aşyryljakdygyny, ilki başda turba geçirijiniň guruljakdygyny, ikinji tapgyrda gaz gysyjy desgalaryň guruljakdygyny belledi.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi