SIZDEN GELENLER

Halkara ene ýer güni

Umumadamzat  ýaşaýşynyň rahat öýi hasaplanýan  ýere aýratyn ähmiýet berilmegi, onuň halkara günleriniň senenamasynda orun almagyna  getirdi.   Her ýylyň 22-nji apreli  global baýramçylyk hökmünde “Halkara ýer ene güni” giňden bellenilýär.  Bu baýram BMG-niň  Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda 63-nji mejlisinde BMG-a agza bolan 50-den gowrak döwletiň awtordaşlyk etmeginde döredilip,  2010-njy ýyldan bäri  bellenilmegini dowam edýär.

BMG-niň Baş Assambleýanyň 63-nji mejlisiniň prezidenti Migel d’Eskoto Brokman bu halkara gününiň rezolýusiýasynyň yglan edilmeginde  ýeriň we onuň ekosistemalarynyň biziň öýümizdigini, adamzady ýaşaýyş bilen üpjün edýändigini belleýär.

Bu günüň bellenilmegi ýer şarynyň  ähli ilatly künjeklerinde  ýaşaýan her bir adama, umumy öýümize minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik berýär. Demirgazyk ýarym şarda ýer ene  güni ýazda, günorta ýarym şarda bolsa güýzde bellenilýär. Bu global hereketiň esasy maksady, jemgyýetiň we ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni ýeriň meselelerine, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan kyn meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekden ybarat bolup durýar.

Häzirki we geljekki nesilleriň ykdysady, sosial we daşky gurşaw zerurlyklarynyň arasynda deňhukukly deňagramlylygy gazanmak üçin tebigat we ýer şarynyň  sazlaşygyny ösdürmek örän zerur bolup durýar. Bu  güni  bellemek däbi,  ABŞ-da 1970-nji ýylda döräp, eýýäm 1990-njy ýylda  halkara çäresine öwrülýär. Mundan başga-da, her ýyl bu gün belli bir mowzuga bagyşlanýar. Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden alymlar bu gün global daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler we mahabat çäreleri gurnalýar. Bu gün her kim öz daş-töweregini we köçelerini abadanlaşdyrmak işine işjeň gatnaşýarlar.

 

                                                                                                    Han HOJAGULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

Iň kiçi dinozawryň aýak yzyny tapdylar

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty