SIZDEN GELENLER

Halkara ekologik senenama näme diýýär?

Sözümiň başyny   ýaş ekolog hökmünde ’’Daşky gurşawy goramak döwrüň talabydyr” diýip başlasym gelýär. Sebäbi hemmämiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda adamzadyň hojalyk işleri netijesinde daşky gurşaw, howa, toprak, suw güýçli derejede hapalandy. XX asyryň başlaryndan başlap atmosfera zyňylýan zäherli gazlaryň sany 2 esse artdy. Bu bolsa ozon gatlagynyň ýukalmagyna öz täsirini ýetirýär. Çölleşme hadysasy, toprak eroziýasy güýçlendi, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy, klimatyň bütindünýä ýylamagy köp sanly tebigy kynçylylara alyp barýar. Alymlaryň habar bermegine görä, klimatyň bütindünýä derejesinde üýtgändikleri barada aýdylýar. Köp ýerde suw joşgunlaryň bolmagy, köp ýerlerde bolsa gurakçylygyň bolmagyna siziň pikiriňizçe näme sebäp bolduka? Elbetde, esasy sebäbi klimatyň bütindünýä derejesinde üýtgemegidir. Häzirki döwürde Awstraliýada bolýan tokaý ýangynlary hem munuň aýdyň subutnamsydyr. Soňky wagtlarda daşky gurşawa gaty, suwuk, gaz halyndaky zyňyndylaryň näçe mln tonnasy zyňylýar. Bu bolsa biziň dem alýan howamyzy, içýän suwumyzy, topragymyzy, ösümlik we haýwanat dünýämize uly zyýan ýetirýär. Olaryň üsti bilende bize öz täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde ösen tehnologiýalar jemgyýetinde atom elektrik stansiýalaryň, täze zawod-kärhanalaryň gurluşygy ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa daşky gurşawyň öňki derejesinden-de güýçli hapalanmagyna getirýär. Ulaglaryň görnüşleri, esasanda howa ulaglarynyň täze görnüşleriň öndürilişi ýokarlanýanýar. Şu ýerde birzady belläsim gelýär. Öz ylmy ýolbaşçy mugallymymyň umumy okuwlarynyň ýygyndysynda şeýle söze duş geldim. “Bir reaktiw uçar Demirgazyk Amerikadan Ýewropa uçup gelýänçe 75 mln tonna kislorody ýuwudýar. Şunça mukdarda kislorody 50 müň gektarly tokaý 8 sagadyň dowamynda bölüp çykarýar. Sekiz adamyň dem almagy üçin bir gije-gündiziň dowamynda 12 m3 arassa howa gerek.” Siz indi deňeşdirip görüň, nähili derejede howa ulagynyň atmosferany hapalaýandygyny? Siziň aýtmagyňyzda mümkin adamzat daşky gurşawa oňaýly täsir hem edýär, ýagny dürli emeli tokaýlary, seýilgähleri döredýär, täze ekerançylyk ýerleri özleşdirýär, energiýanyň alternatiw (adaty däl ýel, gün we ş.m.)  çeşmelerini peýdalanýar, zir-zibilleri gaýtadan işleýär diýmegiňiz mümkin. Elbetde, bu dogry. Ýöne birzady weli, anyk aýtmak bolar, bu örän ujypsyzdyr. Ýagny, alternatiw energiýa çeşmeleri dünýä boýunça öndürilýän energiýanyň 1%-ni öndürýär, döredilýän tokaý zolaklaryndan çapylýan tokaýlaryň meýdany 2 essedende artykdyr, zir-zibilleriň bary-ýogy 5%-i gaýtadan işlenilýär.     Gynansakda, bu zatlaryň ählisi-de adamzadyň tebigata ýetirýän zyýanlarynyň täsirinde ýüze çykdy. Indi  bolsa ekologik senenama dolanyp geleliň. Ekologik senenama dürli ýurtlarda dürli-dürli bolup bilýär. Men bolsa ekologik senanamy halkara derejesinde bellenilýän baýramçylyklary, belli günleri almaklyk bilen size hödürleýärin. Siz üçin gyzykly bolar ýaly, baýramçylyklaryň arasynda käbir uly ýurtlaryň, meselem, Russiýa, ABŞ ýaly döwletleriniň belli ekologik günlerini  hem görkezdim. Ýöne bu ekologik senenamada käbir ýalňyşlyklaryň, kemçilikleriň bolmagy mümkin. Bu üçin sizden ötünç soraýaryn. Senenamadaky baýramçylyklaryň we belli günleriň käbirlerine düşünmezligiňiz mümkin. Men bu senenamadaky her bir baýramçylyk barada size düşünikli bolar ýaly giňişleýin makalalary taýýarlaýaryn we şol baýramçylyk güni ’’ www.atavatan-turkmenistan.com  “ web saýtynda ýerleşdirmäni öz öňümde maksat edip goýdym. Bu taýýarlan makalam we indiki ekologik seneleriň her bir üçin taýýarlajak makalalarym size ekologiýa bilimiňiziň artmagyna we ekologiýa medeniýetini kemala getirmäne mümkinçilik berse, ýaş ekolog hökmünde meniň bu ujypsyz zähmetimiň ýerine düşdügi bolar.

 

11-nji ýanwar – Goraghanalaryň Bütindünýä güni

Ýanwaryň üçünji ýenşenbesi – Garyň bütindünýä güni

2-nji fewral –  Suw-batgalyk ýerleriniň Bütindünýä güni

2-nji fewral –  Surka güni (ABŞ)

19-njy fewral – Sinoptik kartanyň dörän güni

19-njy fewral – Ornitologlaryň (guşlary öwrenijileriň) güni

19-njy mart – Deňiz süýdemdirijileriň Bütindünýä güni (Kit güni)

27-nji fewral – Polýar aýylarynyň Halkara güni

1-nji mart – Pişikleriň Bütindünýä güni

3-nji mart – Ýabany tebigatyň Bütindünýä güni

14-nji mart –  Bentleriň (dambalara) Halkara güni

15-nji mart – Belkalary goramagyň Bütindünýä güni

20-nji mart – Ýer güni

21-nji mart – Tokaýlaryň Bütindünýä güni

22-nji mart – Baltika deňziniň Bütindünýä güni

22-nji mart – Suw baýlyklarynyň Bütindünýä güni (Suw güni)

23-nji mart – Bütindünýä meteorologiýa  güni

1-nji aprel – Guşlaryň Bütindünýä güni. (Indiki taýýarlajak makalam.)

7-nji aprel – Bütindünýä Saglyk güni

15-nji aprel – Ekologiýa bilimiň güni

15-nji aprel – Ekologik howplardan daşky gurşawy goramagyň güni

18-22-nji aprel – Milli seýilgähleriň güni

19-njy aprel – Gar gülleriniň güni

22-nji aprel – Ýer şarynyň güni

24-nji aprel – Labaratoriýa haýwanlaryny goramagyň Bütindünýä güni

26-njy aprel – Radiasion heläkçiliklerde ýogalanlaryň ýadygärlikleriniň güni

28-nji aprel –  Himiki howplara garşy adam hukuklarynyň güni (Himiki howpsuzlyk güni)

Apreliň soňky ýekşenbesi – Ýolgörkeziji itleriň Bütindünýä güni

1-10-nji maý – Guşlaryň gözegçilik etmegiň bahar aýynyň ongünligi

3-nji maý – “Gün” güni

15-nji maý – Klimaty goramagyň Bütindünýä güni

15-nji maý -15-nji iýun – Kiçi derýalary we suw howdanlaryny arassalamgyň Bütindünýä güni

20-nji maý – Wolga derýasynyň güni

22-nji maý – Ýer şarynyň ösümlik we haýwanat dünýsini goramagyň Bütindünýä güni

23-nji maý – Pyşdyllaryň halkara güni

24-nji maý – Ýewropanyň seýilgähleriniň güni

5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni

5-nji iýun – Ekologiýa güni

6-nji iýun – Suwlary täzelemgiň Bütindünýä güni

8-nji iýun – Ummanlaryň (okeanlaryň) Halkara güni

17-nji iýun – Çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni

20-nji iýun –  Haýwanat baglaryndaky pilleri goramagyň Bütindünýä güni

27-nji iýun –  Balykçylaryň Halkara güni

4-nji iýul – Halkara delfinler güni

11-nji iýul – Halkara ilat güni

23-nji iýul – Bütindünýä kitleriň we delfinleriň halkara güni

29-njy iýul – Halkara gaplaňlar güni

6-njy awgust – Bütindünýä ýadro ýaragynyň gadagan edilen güni (Hirosima güni)

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

Awgust (üçünji şenbesi) –  Bütindünýä öýsüz haýwanlaryň güni

18-nji awgust –  Atlaryň baýramy

11-nji sentýabr –  Halkara ýabany tebigaty goramak wondynyň döredilen güni (WWF)

15-nji sentýabr – Ýaşyllaryň döredilen güni (Greenpeace)

16-nji sentýabr – Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni

21-nji sentýabr – Gijeki uçýan ýarganatlaryň güni

22-nji sentýabr – Halkara awtoulagdan erkin gün

22-nji sentýabr –  Bütindünýä pil güni

27-nji sentýabr – Halkara syýahatçylyk güni

27-nji sentýabr – Halkara towşanlar güni

Sentýabr (ikinji ýekşenbe) – Halkara kranlar güni (guşlaryň bir görnüşi)

Sentýabr (ikinji ýekşenbe) – Baýkal güni

Sentýabr (üçünji ýekşenbe ) – Tokaý işgärleriniň güni

Sentýabr ( soňky ýekşenbesi) – Amur gaplaňynyň we geçigaplaňynyň güni

Sentýabryň haýsy hem bolsa bir hepdesi – “Planetany zir-zibillerden arassalaň!” atly bütindünýä çäresi

Sentýabr (soňky hepdesi) – Halkara deňiz güni

Oktýabryň birinji ýekşenbesi – Halkara guşlara syn ediş güni

1-nji oktýabr – Halkara wegetarian güni

4-nji oktýabr –  Halkara haýwanlar güni

5-nji oktýabr – Halkara tebigaty goramak birleşiginiň güni

6-njy oktýabr –  Tebigy ýaşaýyş ýerlerini goramagyň Halkara güni

13-nji oktýabr – Betbagçylyklary azaltmak boýunça Halkara gün

14-nji oktýabr – Goraghana  işgärleriniň güni

31-nji oktýabr – Gara deňziniň Halkara güni

Oktýabryň soňky dördünji güni – Halkara kagyzsyz gün

1-nji noýabr – Wegan jemgyýetiniň güni (Wegetarianlaryň esaslandyran jemgyýeti)

6-njy noýabr – Uruş we ýaragly çaknyşyklar wagtynda daşky gurşawa zyýan ýetirişiň öňüni alyş güni

9-njy noýabr – Ýadro ýaragyna garşy hereket güni

11-nji noýabr – Halkara energiýa tygşytlaýyş güni

12-nji noýabr – Siniçkin güni (Guş)

15-nji noýabr –  Zir-zibilleri gaýtadan işlemek güni

17-nji noýabr – Gara pişikleriň güni (Italiýada)

24-nji noýabr – Morž güni

30-njy noýabr –  Halkara haýwanlar güni

3-nji dekabr –  Halkara pestisidler güni

10-njy dekabr – Haýwan hukuklary jarnamasynyň kabul edilmeginiň halkara güni

11-nji dekabr –  Halkara dag güni

15-nji dekabr – BMG-niň Daşky gurşaw guramasy (UNEP) gaznasynyň güni

   Diýar Yhtyýarow,

   Magtymguly adyndaky TDU-nyň

  geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy

  öwreniş hünäriniň III ýyl talyby.

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri