SIZDEN GELENLER

Gyzyl kaliforniýa gurçugy – oba hojalygynyň hemaýatçysy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny sanly ulgamyň esasynda alyp barmak taglymatynda esasy ugurlaryň biri ony takyk innowasiýa we tygşytly ugurlarda alyp barmaga gönükdirilendir. Ekerançylygyň we maldarçylygyň ösüş ýollarynyň başlangyjy topragyň ekologiýasynyň hem-de gurplulygynyň talaba laýyk derejede bolmagydyr. Bu işleri dogry alyp barmagyň esasyny düzýän serişdeleriň biri topragyň organiki böleginiň mukdaryny kadalaşdyrmaga ýardam berýän mal dersidir. Ylmy hasaplamalara görä, onuň ýurdumyzyň ekerançylygynda her ýylda ulanylmaly zerur mukdary 14 million tonna töwereginde bolmaly. Beýleki ýurtlardaky ýaly (mysal üçin ABŞ-da, Rossiýada), ders döküni bizde hem ýetmezçilik edýär. Bu bolsa suwarymly meýdanlarymyzyň topragynyň organiki, ýagny çüýrüntgi maddalaryna garyplaşmagyna getirdi (Ý.Seýitgulyýew we beýlekiler, 2019).

Topragyň gurplulygynyň  peselmegi – alymlaryň täze, innowasiýa açyşlary etmeklerine itergi berdi. Bu açyşlaryň iň esasylarynyň biri – adaty ýagyş gurçuklaryndan seçgiçilik işleriniň dowamly alnyp barylmagynyň netijesinde onuň medenileşdirilen görnüşi ABŞ-yň Kaliforniýa tehnologiki institutynda döredildi (awtory Tomas Džeýson Barret, 1884-1975). Şol sebäpli bu täze gurçuk GDA-nyň ýurtlarynda kaliforniýa gyzyl gurçugy adyny aldy. Bu gurçuk gymmatly jandar. Onuň biriniň dünýä bazaryndaky bahasy 1 amerikan dollaryna, öndürýän 1 tonna biogumusynyňky bolsa 800 dollara deň (Гагиев Г, Генина М., 2014). Bu gurçugyň öndürýän biogumusy mal dersinden has peýdaly we ýokumly. Topraga we ekine täsri boýunça onuň bir tonnasy dersiň 3-4 tonnasyndan-da ýokary.

Biogumusy öndürmekde kaliforniýa gurçuklarynyň ýany bilen dürli bakteriýalar, mör – möjekler we kömeleker hem gatnaşýarlar. Haşal otlaryň tohumlary gurçugyň içegesinden geçende gögerjiligini ýitirýärler, zyýanly içege taýajyklarynyň mukdary azalýar, agyr metallar kyn ereýän birleşmelere öwrülip ösümlikleriň özleşdirilmeýän görnüşlerine geçýärler.

Bu gurçuklar kadaly iýmitlenişde we beýleki zerur şertler döredilende gowy köpelýärler. Olaryň 2-si bilelikde tohumlanyşyp ýylyň dowamynda öz gurçuklarynyň 3000 sanysyny öndürýärler. Bir tonna iýmit garyndysyny ulanmakdan bolsa 600 kg biogumusy öndürýärler. Şol iýmitiň 400 kilogramynyň hasabyna bu gurçuklar köpelip, öz massasyny 100 kilograma ýetirýärler. Bu gurçugyň biriniň ortaça massasy 0,6 gr. deň.

Bir gurçugyň ýokarda getirilen dünýä bazaryndaky bahasyna seredip getirilen maglumatlar boýunça hasaplamalary geçirsek, onuň nä derejede ähmiýetlidigi belli bolar. Gysgaldylan hasaplama berlende: 100 kg gurçugyň daşary bazardaky bahasy: 100 kg = 100000 gram : 0,6 gr = 166667 sany gurçuk · 1 $ = 166667 amerikan dollaryna deň bolýar.

Kaliforniýa gyzyl gurçugynyň öndürýän biogumusynyň dersden artykmaçlygy tablisadan hem görünýär.

 Tablisa

Biogumusyň ders bilen deňeşdirilmesi 

T/b Dersiň we biogumusyň deňeşdirilme häsiýetleriniň atlary Olaryň mazmuny
    ders       we biogumus
boýunça
1.       Haşal otlaryň tohumy Bar Ýok
2.       Ekologiki arassalygy Arassa däl Arassa
3.       Gowy hasyl üçin 3-4 ýyldan 1 gezek her gektar meýdana dökülmeli mukdary 30-40 tonna 5-6 tonna
4.       Ösümlikleriň ýaramsyz şertlere durnuklylygyny (immunitetini) döretmegi Döretmeýär Döredýär
5.       Toprakdaky agyr metallary we radionuklidleri hereketsiz (özleşdirilmeýän) görnüşe geçirme ukyby Ýok Bar
6.       Döküniň täsirinden ýetişdirilýän önümiň ekologiki arassalygy Doly arassa däl Doly arassa
7.       Toprak üçin zyýanlylyk derejesi Az mukdarda Zyýansyz
8.       Yslylyk derejesi Azrak ysly Yssyz
9.       Topragyň düzümine goşulyşy Çüýreýänçä goşulmaýar Göni goşulýar
10.                         Öý gülçüligine ýaramlylygy Ýaramsyz Ýaramly
11.                         Seýilgäh we bag meýdanlaryny dökünlemäge ýaramlylygy Az ýaramly Doly ýaramly
12.                         Ulanmaga edilýän çykdajylar, % 100 25-33
13.                         Biogumusyň dersiň ulanyş mukdaryna berýän tygşytlylygy, esse  –  3,5 – 4,0

 

Gurçuklaryň biomassasynyň düzümindäki belogyň mukdary 60-80%, ýaglaryňky (lipidleriňki) 20%, azotsyz ekstraktiw peýdaly maddalaryňky 7-16% töweregindedir. Ol beloklaryň we ýaglaryň has gymmatly tarapy – düzüminde çalşyp bolmaýan görnüşleriniň beýleki önümlerdäkiden köplügi bilen tapawutlanýanlygydyr (lirini-8%, metionini-3%). Gurçuklaryň biomassasy fermentlere, witaminlere, kiçi bedenlilere hem baýdyr. Şonuň ýaly-da ol pantotein, nikotin we foli kislotalaryny, riboflawini, piridoksini, biotini, B12 ýaly suwda ereýän witaminleri hem saklaýar. Gurçuklaryň biomassasynyň şeýle peýdaly taraplarynyň bolmagy, haýwan iýmitine goşulanda-da önüminiň gymmatyny 20-25% ýokarlandyrýarlar.

Bu gurçuklar guşlara we balyklara janly ýagdaýda, sygyrlara bolsa üwelen un görnüşinde iýmitine goşulyp berilýärler (Ryženko, 1999). Gurçuklaryň un görnüşinde ulanylmagy üçin olar ýuwulyp guradylýarlar we üwelýärler.

Gurçuklar bilen balyklar we beýleki ýerde-suwda ýaşaýanlar iýmitendirilende olaryň boý alşy 10-15% ýokarlanýar. Gyzyl kaliforniýa gurçugy bilen guşlar iýmitlendirilende olaryň agramy 40% artýar, baş sanynyň saklanyş derejesi 10% ýokarlanýar.  Gurçuklar mallaryň iýmitine goşulanda olaryň eti ýokary islegli hile eýe bolýar. Guşlaryň iýmitine gurçugyň goşulmagy olaryň ösüşine we boý alşyna, ýaşaýyş ukyplylygyna hem gowy täsir edýär. Ýapon bedenesiniň bu garyndy bilen iýmitlendirilmegi eýýäm onuň 3-nji hepdesinde agramyny 10%, 8-njisinde bolsa 15% artdyrdy. Bu guşlaryň mäkiýanlary eýýäm 6-njy hepde iýmitlendirilişinde ýumurtga berip başladylar; synag topardaky guşlaryň baş sanynyň tükelligi 10% ýokary boldy. Synagy geçirenler (M.Amanowa, O.Söýünow we beýlekiler, 2010)ýaş guşlaryň iýmitine goşulan gurçuklaryň oňyn täsirini, olaryň düzüminiň çalşyp bolmaýan beloklara, ilkinji nobatda lizine we metionina baýdygy bilen düşündirýärler.

Gurçuklaryň biomassasy gaýtadan işlenilip ondan alynýan esasy önümiň ady awtolizatdyr. Tapdan gaçan mallaryň we guşlaryň iýmitine 1-2% awtolizat goşulanda, olaryň süýdiniň we etiniň hili gowulanýar we mukdary artýar, guşlaryň ýumurtga berijiligi köpelýär, tiz semreýärler.

Jemlenip aýdylanda, gyzyl kaliforniýa gurçuklarynyň gymmatly biogumus dökünini öndürýän döwründe öz sanyny we peýdaly massasyny hem köpeldýändiginiň esasynda  ekerançylykda we maldarçylykda  utgaşykda ulanylmagynyň – bu pudaklarda innowasiýa ösüş ýoluny giňeltmegiň uly mümkinçiliklerini döredýändigini görkezýär.

Kaliforniýa gurçugynyň iýmitlenişinde  bananyň we sitruslaryň gabygy, almanyň galyndylary, çaýyň şemmesi we kofeniň goýy galyndysy, heňlän çörek, onuň we bulkanyň gabygy, aşyň, peýniriň (syryň) galyndylary, çüýrän (köne) pomidor, alma we beýleki ösümlik galyndylary hem gowulary hasaplanylýar.

Bu gurçuklary sülleren otlar we ýapraklar bilen hem iýmitlendirmek mümkin. Olara gök önümleriň, aýratyn hem ýeralmanyň gabygyny berjek bolsaň oňat özleşdirilmekleri üçin et üweýänden gecirmeli.

Kaliforniýa gurçuklaryny meýdanda iýmitlendirip biogumusy taýýarlamak işi howa maýlanyndan, takmyn aprel aýlaryndan başlanýar

Kaliforniýa gurçuklary 4-40 oS aralykly ýyly temperaturada ýaşap bilseler-de, howanyň ýylylygy 15-25 oS aralygynda bolanda işjeň ýaşap biogumusy köp öndürýärler. Olaryň gowy netijeli işjeňligi üçin iýýän iýmitiniň çyglylygyny  hem 75 %-den aşak düşürmän saklamak ony az akym bilen köp bolmadyk mukdarda yzygider suwaryp durmaly. Çygy köp ýitmez ýaly iýmitiň üstini polietilen kagyz bilen ýapmaly. Gurçuklaryň iýmitlenişiniň esasy çeşmesi ders we – ösümlik galyndylarydyr, ýöne olara et önümlerini berip bolmaýar.

Kaliforniýa gyzyl gurçugynyň iýmiti az bolup gür saklananda biogumusyň taýýarlanyş depgini peselýär. Iýmit ýetmezçiligi dowamly bolanda kanibalizm (uly gurçuklaryň kiçilerini iýmek) hadysasy hem başlanýar.

Bu gurçugyň öndürýän biogumusy daşky görnüşi boýunça kaprolit (dänelenen) adyny aldy. Gurçugyň biogumus dänesiniň (düwüriniň) ölçegi 1-3 mm aralygyndadyr.

Biogumusy öndürmek üçin 1 tonna çüýredilen ýa-da dürüşdelenen (kompostirlenen) ders garyndysyna kaliforniýa gurçugynyň 15-16 müň sanysy göýberilýär. Bu bolsa gurçugyň biriniň ortaça agramy 0,6 gr. bolanda onuň takmyn 9-10 kilogramyna deň bolýar. Bar bolan maglumatlara görä (Гагиев Г, Генина М., 2014), gurçuklar bilen dersli iýmitden biogumusy öndürmek üçin takmyn 90-100  gün gerek bolýar.

S.Döwranowa, O.Öwezowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymlary.

 

Ýoganyň ähmiýeti

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika