ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gursagy gülküli Sary Garry

Arada ussat tüýdükçi Çaryýar Jumaýew: «Bir mahal «Edebiýat we sungat» gazetinde Sary Garryýew hakynda makala ýazypdyňyz, şo makalaňyz gazetiň haýsy ýyldaky sanyndady? Talyplarymyň biri Sary Garryýewiň saz sungaty barada diplom iş ýazjak bolýar» diýip jaň etdi. 2005-nji ýylda ýazypdym. Şonda meşhur artistiň öýüne ýörite barypdym. Sary Garryýewiň agtyk gelni Gözel bilen gürrüňdeş boldum. Ol:

— Şu oturan jaýymyz Sary Garryýewiň ýaşan öýi. Gaýnatam Muhammet Sary aganyň ýeke ogludy, olam ýogaldy. Sary aga barada üýtgeşik zat gürrüň berip biljek däl. Gelin bolup gelemde, ol eýýäm ýogalan eken. Men ony kinonyň üsti bilen «Gandym aga» diýip tanaýan. Ýöne adamym Arslan: «Atamy çala bilýän» diýýär. Ol häzir öýde ýok. Öýümizde Sary aga barada, ine, şu ýazgylar bar: «1945-nji ý. 16-njy ýanwar — «At gazanan artist». 1966-njy ý. 5-nji iýul «Halk artist». 1939-njy ý. Maý aýynda berlen hormat haty hemem Sary Garryýewiň «Dostluk sazy» diýlip ýazga geçirilen nota ýazgysy bar» — diýip, resminamalary öňümde goýdy-da: «Ol ussat artist» diýip sözüni jemledi.

Gözeliň aýdyşy ýaly Sary Garryýew diýlende, meniňem göz öňümde ilki bilen onuň «Aýgytly ädim» çeper filmindäki murty jaýtaryp duran, eşikleri sal-sal, garyplygyň nusgasy ýaly «Gandym aga» keşbi göz öňüme gelýär. Şol keşbi bilen hakydamda galansoň, onuň aýdym-saz dünýäsi gaty geň galdyrdy. Saralyp giden kagyzyň ýüzündäki çirnil bilen ýazylan nota ýazgyny elime alyp Sary Garryýew diýen ýazgyny gaýtadan okadym. Sary aga barada başga hiç hili maglumat alyp bilmesemem öýe ýetmäge howlukdym. Gelşime-de, saz öwreniji, «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» Akmuhammet Aşyrowlaň öýlerine gitdim. Akmuhammet aga bu gören täsin maglumatym hakynda gürrüň berdim. Ol: «geňirgenme» diýip gürrüňe başlady:

— 1964-nji ýylyň güýzünde Türkmen döwlet arhiwindäki ses ýazgylaryny diňläp, olary aýyl-saýyl etmek başlandy. Şol diňleşige menem gatnaşdym. 1939-njy ýylda mehaniki ýazga alnan bagşylaryň köpüsini tanadylar. Emma şolardan üç bagşy tanalmady. Ýogsam ol aýdymlary kän adama diňletdik. Ýöne netije çykmady. Ahyry Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowa ýüz tutmaly boldy. Aýdymlary bir ýanyndan täzeden diňläp ugradyk. «Bilen barmy», «Körata», «Zülpüň seniň», «Amman-amman» ýaly aýdymlar ýaňlanyp başlandan soň, Sahy Jepbar: «Bu köşüli bagşynyň sesi ýaly-la» diýip, bagşynyň aýdymlaryny ýüzüne syldy. Ýazga alnan aýdymlaryň beýlekilerem diňlenip, şolardan ýigrimä golaýy Hally bagşa degişli boldy. Galanlaryň on ýedisi Hally bagşynyňam şägirdi bolup gezen Gökje obasynda ýaşap geçen Oraz Sopynyň aýdan aýdymlary eken. Biziň öň anyklap bilmedik aýdymlarymyzyň on sekizsini hem belli artistimiz Sary Garryýew aýdan eken. Ol aýdymlaryň ýazgy hiliniň pesligi üçin kabul edilmedi — diýdi. Soň Sary aga barada kän adamlardan maglumat aldym. Onuň bilen bile işleşen kinorežissýor Kakow Orazsähedow bilenem gürrüňdeş boldum. Ol Sary agany ynha, şu gürrüňleri aýdyp ýatlapdy.

— Sary Garryýew bilen «Aýgytly ädim» filmi alynýarka tanyşlygymyz başlandy. Şol wagtlar men režissýoryň kömekçisidim. Soň «Japbaklar», «Men ömürlik geldim» filmlerine režissýorlyk etdim. Gören bolsaňyz, şo filmlerde Sary aga-da oýnandyr. Sary aga örän zehinlidi. Onuň özboluşly häsiýeti bar. Onuň bilen işleşmek juda aňsat. Artistleriň käbirleri okap, zehinini artdyryp, artist bolýarlar. Birnäçeleri bar — Akmyrat Bäşim, Şükür Kuly, Baba Annan, Artyk Jally, Sary Garry ýaly artistler doglanda artist bolup doglan. Bular zehine ýugrulan artistler. Sary aganyň kino sungatynda aýratyn orny bar. Sungatda uly yz goýdy. Ol keşp berlende, il ýaly sözüni ýat tutup, taýýarlyk görmez. Öňünden öwredeňde-de sözüni ýatda saklap bilmezdi. Diňe kino düşmeli wagty «Sary kaka, ony eýt, muny beýt» diýersiň. Sözüňi aýdyp-aýtmankaň, öwrüp aýdar, güler oturarsyň. Oýnan keşpleriniň ykbalynyň köpüsini özi başyndan geçiren. Şonuň üçin käwagt «Sary kaka, sen-ä özüňi oýnaý» diýerdim. Olam: «Bolmanam özümi oýnaýan-da. Ili oýnap ýöremog-a» diýerdi. Göwnaçyk, adamyň göwnüne degmezdi. Dutaram çalardy. «Japbaklar» kinofilmini alýarkak, şonda kinoda Sary aganyň gabra girmeli ýeri bar. Bizem filmi surata düşürmek üçin çukur gazyp goýduk welin:

— Kakow jan, özüň göz-gulak bolaweri. Oglanlar birden gömäýmesinler — diýip tabşyrýar.

— Arkaýyn bol. Ýöne agzyňy ýumup ýatgyn — diýsemem, gürläp ýatyr. Oglanlar gum oklandan, agzyna gum gitdi welin, «Näme aýakdan başlap bolanokmy? Hökman kelleden başlamalymy?» diýýär. Kinoda şo sözler Sary agaň öz sözleri. Onuň bilen işleşmek juda ýeňildi. Bile oýnan ýoldaşynyň oýnaýşyna göwni ýetmese, «Ýüzüme seredýär welin, boş ýaly bolup dur» diýerdi. Sary aga juda wäşidi. Ol barada halk arasynda gaty köp degişmeler bar. Häzir «Çakan agaň arzuwy» diýlen at bilen gülküli film goýup ýörün. Hut Sary aga ýaly artist gözleýärin — diýip gürrüň beripdi.

— Sary aga hakynda makala ýazjak bolýan, ol barada bilýänleriňizi gürrüň berseňiz — diýip, haýyş bilen ony haýsy bir tanaýan adamyň ýanyna barsam bada-bat ýylgyrýarlar. Kärdeşim hem terjimeçi Gurbanmuhammet Rejebow:

— Bäş-alty artist bolup filme ses berilýän bölümde işledim. Artistler degşip-gülüşmek üçin Sary agany ýörite çagyrardylar. Ol urşa-da gatnaşandy. «Uruşda ýapyrylyp, atyp ýatyryn welin, biri: «Saryşkam» diýip, arkama kakýar. Öwrülip seretsem, Budýonnyý eken» diýip gülüşdirerdi. Onda döredijilik gözlegi güýçlüdi. Onuň ilkinji oýnan kinosy «Dursun» filmi. Soňra «Uzakdaky gelinlik», «Aýratyn tabşyryk», «Daşgaladaky waka», «Meniň dostum Meleguş», Mosfilmde düşürilen «Alladiniň jadyly çyrasy», «Döwranyň başdan geçirenleri». Başga-da gaty  kän kinolarda oýnady. Sary aga baran ýerini alaýaz ederdi. Ýer yranmadan soň, teatrlar göçürildi. Terjime edilýän kinolara ses berilýän bölümem Daşkende göçürildi. Sary agaň oýnamadyk keşbem ýokdur. Artistler döredijilik saparyna gitmeli bolanda, olar: «Sary aga gitmese, biziňem gidesimiz gelenok» diýerdiler. Sary aga ezber küştçidi. Bir gün ol Çary Mommat bilen küşt oýnap otyr. Bir artistem:

— Sary kaka, näme muň bilen küşt oýnaýaň? Birden utaýsa nätjek? — diýýär welin: «Kakasynyň adyny tapmaz ýaly ederin» diýýär. Oň bilen oýnasaň, hökman şol utaýmaly ýalydy. Çyny bilen gyzyp dawalaşardy. Sarynyň zehini Taňry beren. Biriniň sözüni aýdyp, gülüşdirjek bolmazdy. Hereketi ondan beter gülkünçdi. Terjime edilýän kinolara ses berilýän bölümde gyzyl çyra ýansa, girmek bolanok. Ol «Pikir beriň, ýazgy gidýär» diýen duýduryşdy. Bir gezek Sary aga daşyna artist oglanlary üýşürip, gülüşdirip otyr. Ata Saryýewem «Ýazga päsgel beräýmesin» diýýär-de, «Sary kaka, sizi gyssanmaç Han aga çagyrýar» diýýär. Sary aga-da ýazgy gidip durka, gaty sesi bilen «Han, meni çagyrdyň-maý?» diýip barýar. Şeýdibem ýazgyny täzeden başlamaly bolýar. Ol köplenç Baýram Sadyga degerdi.

— Ýaňy çileden çykaýan wagtlarydy. Öýlerine barsam ejesi çörek bişirip dur. Baýramam sesini goýman aglaýar. Aý, onsoň tabakda gatyk bar eken agzyna çemçeläp guýup başlanymdan, sesi tapba kesiläýdi — diýip gürrüň berýär. Çileden ýaňy çykan çaga gatyk içjekmi diýsene.

Sary aga keýpsiz wagty gürlemezdi. Oraz Arrygam ony gürletjek bolup:

— Bä-ä, Sary kaka, şeýdip Baýramyňam sesi tapba kesiläýipdir-ow — diýenden, Sary aga:

— Agzyňa susaklap gatyk eňterilip durulsa, senem lal bolarsyň — diýenden, gülüp hezil ederdiler. Ol ümsüm otursa, artistleriň içi gysyp, mazasy bolmazdy — diýip Sary Garryýewiň degişmelerindenem aýdyp berdi.

***

Sary aga ýokary okuw mekdepleriniň birine girmek üçin, resminamalaryny tabşyrýar. Soňra tanyş gözläp, bir tanaýan mugallymynyň ýanyna barýar. Ýagdaýyny aýdyp, synagda kömek soraýar. Mugallym:

— Arkaýyn bol, Garryýew! Üç sany synag bardyr. Şolaryň ikisinden bäşlik, birindenem dörtlük alsaň, synagdan soňky seçip alyşda kömek ederin — diýipdir. Onda ol:

— Ýeri, ol bahalary alyp bilýän bolsam, seni başyma ýapaýynmy? — diýipdir.

***

Sary aga bilen Şükür (Kulyýew) aga Moskwaly dostunyň öýüne myhmançylyga barýarlar. Öý eýesi olary güler ýüz bilen garşylap, olar bilen aýalyny tanyşdyrýar.

— Moýa supruga.

Bu söze düşünmedik Şükür aga, Sary aga ýüzlenýär.

— Sary, «Supruga» diýdigi näme diýdigi bolýar?

Sary aga:

— Eger aýaly bolsa, «ženam», dogany bolsa «sestram», gyzy bolsa «doçkam» diýerdi. «Supruga» çykany bolaýmasa — diýipdir.

***

Urşuň yz ýanlary. Artistler aýlyga nobata duranlar. Aýlygyňam entek boljagy-bolmajagy belli däl. Şol wagtam gar ýagyp başlaýar. Galpak aga Sary aga ýüzlenip:

— Sary, gar haçan goýjak? — diýip soraýar. Ozalam aýlygyň gümanalygyna jany ýanyp duran Sary aga:

— Al-aýt, Galpak, sadalygyň gözüni çykaraýýaň. Näme gary men sepeleýänmi? — diýipdir.

***

Sary aga bilen Şükür Kuly kino düşmek üçin, Moskwa barýarlar. Naharhanada hyzmatkär gyzlaryň biri bulardan näme nahar iýjekdiklerini soraýar. Sary aga-da sesini çykarman, haýsy naharyň bardygy baradaky sanawyň bir ýerine basypdyr. Nahary eglenmän getirýärler. Şükür aga naharyň ýüzüne seredip:

— Sary, sen bularyň diline düşünýänsiň. Sorasana, naharyň eti gaty ak görünýär. Doňzuň eti bolaýmasyn? — diýýär.

Sary aga derrew nahar getiren gyzy ýanyna çagyryp:

— Eto swinýa? — diýip soraýar. Gyz:

— Net, eto porosýonok — diýip, jogap berýär. Şükür aga-da, şo wagt:

— Sary, munuň «porosýonok» diýdigi näme bolýar? — diýip, ýene sowal berýär. Onda Sary aga: «Porosýonok» sugunyň bir görnüşi bolmaly, arkaýyn iýiber! Doňuz eti däl — diýip düşündiripdir.

***

1955-nji ýylda Moskwada Türkmenistanyň medeniýet, sungat işgärleriniň çykyşlary bolýar. Oňa gatnaşan artistler dolanyp, Aşgabada gelýärler. Aeroportda her kim eli gülli ikiýana galgaşýar. Artistleriň biri:

— Sary aga, biri eli gülli bärik gelýär welin, Şeker gelnejem garşylamaga çykypdyr öýdýän — diýen.

Onda Sary aga:

— Biziň Şeker boljak bolsa, eli däl-de, gözi gülli bolmalydyr — diýipdir.

Sary agany ýakyndan tanaýanlaryň aýdan gyzykly gürrüňlerindenem, degişmelerindenem kän zada göz ýetirip bolýar. Sary aganyň janlandyran keşpleriniň islendigi onuň öz häsiýeti ýaly bolup görünýärdi. Onuň döreden gahrymanlarynyň daş keşbi bilen içki dünýäsi sazlaşýar. Hatda, degişmelerini okanyňda-da, sözleýiş äheňi, täsin sesi gulagyňda ýaňlanýar. Ol hakydalarda «Gandym aga» bolup ýaşaýar. Onuň şol keşpde çybykdan at edinip, Artygyň gelnaljysyna gidýän pursady bar. Göräýmäge, bolup ýörşi çaga ýaly, gülkünç. Tomaşaçy gülýär. Emma ýüregiňe diň salyp, oýlananyňda, häsiýetinde juda ruhubelent, durmuşyň kynçylygyny ajy gülküsi bilen ýeňýän mertlik görünýär. Şu ýerde şol filmdäki ýene bir pursady ýatlalyň. Gozgalaň gidip duran wagty Gandym aganyň arkasynda şekerli torba göterip gelýän ýeri bar. Şol wagt Aşyryň kakasyna ok degip ölýär. Şonda Gandym aganyň torbasyndaky şekeri ýere agdaryp, torbany jesediň üstüne ýapyşy, soňam «Ölüpdir, ölüpdir-ä. Adamlar kömek ediň!» diýip, gygyrýan ýeri dözümsiz, ýuka ýürek, iň soňky döwüm çöregini paýlaşyp bilýän häsiýeti açýar. Sary aganyň islendik keşbi şatlandyrýar, güldürýär hemem oýlandyrýar. Meniň garaýşymça, keşp hakyky ýerine düşende şeýle-de bolmalymyka diýýärin.

Arhiw maglumatlara salgylansak Sary Garryýew 1906-njy ýylyň ýanwar aýynda häzirki Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç obasynda doglan, 1986-njy ýylda-da ýogalan. Emma ömrüni halkymyzyň kino sungatyna bagyşlan, tebigy zehinli artist bilen bagly gülküli pursatlar häli-şindi ýatlanyp hakydalarda ýaşaýar.

Akgül SAPAROWA.   

 

Gurbannazar Atakgaýew: garramadyk göwün

 

 

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri